Ï Ahal welaýatynda täze şäher we oba dörär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ahal welaýatynda täze şäher we oba dörär

view-icon 768
2012-nji ýylda täze döwrebap Abadan şäheriniň gurluşygy başlanar. Türkmen döwlet habarlar gullugynyň habar bermegine görä, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu barada degişli karara gol çekildi. Bu giň möçberli taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen Türkmenistanyň gurluşyk ministrliginde gurulýan desgalar boýunça Müdirlik dörediler. Müdirlik täze Abadan şäherinde guruljak binalaryň we desgalaryň gurluşygyny üpjün eder, täze şäheriň gurluşygynyň Baş meýinamasyny işläp düzer hem-de gurluşyk-montaž işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçyny saýlamak boýunça halkara bäsleşigini geçirer.

Baş meýinama laýyklykda, Abadan şäheriň gurluşygy üç tapgyrda amala aşyrylar. Ilkinji tapgyry 2012-2020-nji ýyllarda, ikinji we üçünji tapgyrlary bolsa 2020-2030-njy ýyllaryň dowamynda durmuşa geçiriler. Täze Abadan şäherinde binalaryň we desgalaryň gurluşygy boýunça edarara utgaşdyryjy topar döredilip, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň öňdebaryjy hünärmenleri onuň düzümine girer. Bellenilip geçilişi ýaly bu taslamanyň amala aşyrylmagy “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” we „Türkmenistanyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky Baş maksatnamasynyň“ wezipelerini durmuşa geçirmeklige ýardam berer.

2012-nji ýylyň mart aýynda Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Ýasmansalyk geňeşliginiň çäklerinde täze, döwrebap obanyň gurluşygy başlanar. Bu baradaky çözgüt ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde kabul edildi. Täze obanyň Baş meýilnamasyny düzmek, täze ilatly ýerde binalaryň we desgalaryň gurluşygyk işlerini utgaşdyrmak işlerini , şeýle-de ony maliýeleşdirmekligi Ahal welaýatynyň häkimligine tabşyryldy. Baş meýilnama laýyklykda, Ruhabat etrabynyň Garagum derýasynyň demirgazyk tarapynda umumy meýdany 400 gektara barabar bolan meýdan bölünip berildi. Täze obada ýaşaýyş jaýlary gurlar. Dürli durmuş-medeni ähmiýetli binalar obanyň merkezine gözellik berer. Bellenilişi ýaly bu gurluşyk 2016-njy ýylyň iýun aýynda tamamlanar.