Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda möhüm syýasy waka bolan Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlara görülýän taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler, ýurdumyzy durmuş - ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan çärelere, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm syýasy waka bolan Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlara görülýän taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler we döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe meselelerine garaldy.
Göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Dwanynyň iş dolandyryjysy H. Muhammedowyň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, özüniň gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz dolandyryş ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek barada ähli zerur çäreleri görmegi, ulgama häzirki zaman usullaryny we ösen tilsimatlary işjeň ornaşdyrmagy we pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlaryň möhüm ähmiýetli syýasy çäredigini belläp, onuň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini aýtdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Ýazmuhammedowa özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri hem-de öňde boljak möhüm syýasy çäräniň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda medeni maksatnamanyň taýýarlanyşy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidentligine boljak saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmeginde ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň mynasyp paýynyň bardygyny belledi. Hut şonuň üçin hem bu çärä medeni taýdan ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyna ünsi çekip, saýlawlar gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki saýlaw uçastoklarynda aýdym-sazly çykyşlaryň guralmalydygyny, onda adamlaryň ruhuny göterjek ähli çäreleriň görülmelidigini nygtady. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Telewidenie, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işini has-da kämilleşdirmek, döwrebap gepleşikleri taýýarlamak we sport synçylarynyň ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy we komitetiň başlygynyň orunbasarlygyna E.Rejebowyň bellenilýändigi baradaky resminama gol çekdi.
Soňra göni aragatnagşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow çagyryldy. Wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek, ulgamyň önümçilik düzümleriniň işini kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň önümçilik kuwwatynyň artmagyna ýardam bermäge gönükdirilen taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegini şertlendirýän degişli resminama gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilen iş maslahatynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredowyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer ýurdumyzyň halkara durmuşyna degişli meseleler barada aýtmak bilen, şu ýylyň 12-nji fewralynda boljak möhüm syýasy waka hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýändigini belledi. Hususan-da, ol Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda, konsullyklarynda, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň ýanynda hereket edýän wekilhanalarynda saýlaw uçastoklarynyň döredilendigini, olarda Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görlendigini habar berdi. Şeýle hem wise-premýer, daşary işler ministri biziň ýurdumyzda hasaba alnan daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň weiklleriniň saýlawlary guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk, şeýle hem saýlawçylaryň bu çärä işjeň gatnaşýandyklary barada maglumat almaklary üçin ähli şertleriň döredilendigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm syýasy waka bolan Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlaryň demokratik esasda, aç-açan ýagdaýda geçirilmelidigini, saýlawlaryň geçişine daşary ýurt žurnalistleriniň, bilermenleriň we synçylaryň gatnaşyp bilmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Çünki Türkmenistanda geçirilýän saýlawlar açyklyk esasda bolup, ol halkymyzyň asylly däplerine, milli ýörelgelerine daýanýar, şonuň üçin hem milli Liderimiz bu möhüm syýasy çärä hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini aýtdy.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew çagyryldy. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sport ýaryşlaryny giňden ýaýbaňlandyrmak babatda alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.
Milli Liderimiz ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bu pudaklary has-da ýokary derejä çykarmak üçin oňaýly binýat bolup durýar diýip belledi. Ýokary hilli bilim, ýaşlaryň sagdyn durmuş we ýokary ahlak gymmatlyklaryna ygrarly bolmagy ugrunda alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzyň möhüm wezipeleriniň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Jemgyýetiň ruhy ösüşinde bilim we ylym edaralarynyň, şeýle hem sport toplumlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy derwaýys mesele bolup durýar, munuň üçin ösüp gelýän ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi ugrunda alnyp barylýan işler halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşlerini ösdürmegiň anyk ugurlaryny kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz bu babatdaky gürrüňi dowam edip, ýurdumyzda Bütindünýä Saglyk gününiň belleniljek senesine çenli täze döredilýän hokkeý toparlarynyň arasynda Türkmenistan boýunça bäsleşik geçirmelidigini, ýeňiji bolan toparlaryň döwlet tarapyndan sylaglanmalydygyny, şeýle hem buzuň üstünde tans oýnamak boýunça döredilen toparyň görkezme çykyşlaryny guramalydygyny tabşyrdy.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, işiň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutany pudagyň ähli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelmelidigi barada aýdyp, bu babatda ähli ulgamyň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýolagçy we ýük gatnatmak, aragatnaşyk hyzmatlary boýunça ýerine ýetirilýän işleriň halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarowy çagyrdy. Wise-premýer häzirki döwürde özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri, dokma senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak, söwda we hyzmatlar kärhanalarynyň ulgamyny giňeltmek, bu ugurlarda daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlara görülýän taýýarlygyň çäklerinde söwda we hyzmatlar ulgamynda ýerine ýetirilýän işleriň meýilnamasy barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda daşary söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmak, önümleriň daşarky bazarlara iberilişiniň artdyrylmagynyň hem-de önümçiligiň haryt düzümini ösdürmegiň zerurdygyny belläp, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň daşarky bazarlara yzygiderli çykmagyny, täze maýa goýum serişdelerini pudaga işjeň çekmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar gününde söwda we hyzmatlar ulgamynyň işiniň gerimini giňeltmek, onuň ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda guralmagyny üpjün etmek boýunça anyk çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzda durmuş we senagat ähmiýetli binalary gurmak, önümçilik düzümini ösdürmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler, gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylan desgalaryň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de döwrebap şäherleri we obalary döretmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu işler beýik özgertmeler eýýamynda amala aşyrylýan ägirt uly çäreleriň täze tapgyryny alamatlandyrýar diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gurluşyk senagatynyň ýurdumyzyň ösmeginde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, täze desgalar Diýarymyzyň baş bezegine öwrülmelidir we olarda halkymyzyň asylly binagärlik däpleri bilen häzirki zaman ýörelgeleri öz beýanyny tapmalydyr diýip nygtady.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginleri, şeýle hem salgyt ulgamynda, bank - maliýe düzümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilýän giň möçberli özgertmeler ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini şertlendirýär diýip belledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň yzygiderli ösüş depginlerini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini artdyrmagy tabşyrdy. Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň baş maksadynyň halkyň abadançylygy, onuň bagtyýar durmuşy hakyndaky aladadan gelip çykýandygyny belläp, mundan beýläk-de düzülen ähli maksatnamalary, bellenen meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan maliýe serişdeleriniň gönükdiriljekdigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz halk hojalygynyň ähli kärhanalarynyň we guramalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyna, salgyt ulgamynyň sazlaşykly işine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde alnyp barylýan meýdan işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigi barada aýdyp, ekerançylaryň durmuşynda derwaýys möwsüm bolan gowaça ekişine ykjam taýýarlyk görmelidigini tabşyrdy. Ýerlerde sürüm işleri bilen bir hatarda, ekişde işlediljek tehnikalaryň taýýarlyk hataryna öz wagtynda çykarylmagy ugrunda ähli zerur işleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde döredilen saýlaw uçastoklarynda şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek saýlawlaryň ýokary ruhubelentlige beslenmelidigini tabşyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow welaýatyň çäginde alnyp barylýan işler, sebitiň senagat taýdan ösdürilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Milli Liderimiz häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, hususan-da, gowaça ekişinde işlediljek tehnikalary göwnejaý taýýarlamak babatda anyk tabşyryklary berdi we häzirki taýýarlyk işleriniň derejesi gowaça ekişiniň ýokary hilli geçirilmeginiň baş şertidir diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentligine boljak saýlawlar barada durup geçmek bilen, bu möhüm çäräniň türkmen halkynyň asylly däplerine laýyklykda geçirilmegi barada anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, milli Liderimiz welaýatyň çäginde geçirilen guramaçylyk meselelerine seretdi we birnäçe degişli resminamalara gol çekdi.
Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleriň we tehnikalaryň gowaça ekişine taýýarlygy, şeýle hem sebiti ösdürmek boýunça düzülen maksatnamanyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuşynda wajyp möwsüm bolan gowaça ekişine taýýarlyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi we welaýatyň ilatynyň abadan durmuşyny üpjün edýän ähli zerur çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz möhüm syýasy waka bolan Türkmenistanyň saýlawlaryna görülýän taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýokary derejede guralmagynyň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda welaýatyň çäginde alnyp barylýan işler, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, gowaça ekişinde işlediljek tehnikalaryň taýýarlygy we häzirki döwürde alnyp barylýan sürüm işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim şu ýylyň 12 -nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentligine boljak saýlawlara görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Milli Liderimiz ekerançylaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan gowaça ekişiniň ýetip gelýändigini belläp, möwsüme ykjam taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, hormatly Prezidentimiz ýaz ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaranyň taýýarlygyna aýratyn ünsi çekdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň durmuşynda möhüm syýasy waka bolan Türkmenistanyň Prezidentligine boljak saýlawlaryň uly ruhubelentlige beslenmelidigini belledi.
Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahaty Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň durmuş düzüminiň işini kämilleşdirmek, sebitde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Hususan-da, häkim möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýerleriň we tehnikalaryň ýaz ekişine taýýarlygy barada habar berdi. Mundan başga-da, ol welaýatda Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlara görülýän taýýarlyk işleriniň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, geljekki bol hasylyň düýbüniň tutulýan günlerinde alnyp barylýan meýdan işleriniň agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigini belläp, bu babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 12-nji fewralynda boljak Türkmennistanyň Prezidentligine saýlawlar gününiň belent dabaralara beslenmegi ugrunda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.
Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, gowaça ekişine görülýän taýýarlygyň çäklerinde ýerleri, oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz agrotehniki çäreleriň ählisiniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ýerlerden bol hasyl almagyň möhüm şertidir diýip bellemek bilen, oba hojalyk pudagyna ylmyň gazananlaryny giňden ornaşdyrmagyň hem-de ulgamy yzygiderli ösdürmegiň, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady. Munuň özi oba senagat toplumynyň ähli ugurlarynda işleriň takyk we sazlaşykly guralmagynyň üpjün edilmelidigini aňladýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdulyýewi çagyrdy. Häkim iş maslahatynyň barşynda paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdirmek, şeýle hem şäher ilatynyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, paýtagtymyzyň degişli gulluklarynyň işiniň netijeliligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, ol şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlara görülýän taýýarlygyň çäklerinde durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm syýasy waka bolan Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlary guramaçylykly geçirmekde baş şäherimizde durmuşa geçirilýän çäreler nusgalyk derejede bolmalydyr diýip belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň bezeg işlerine, arassaçylygyna, yşyklanlandyrylyşyna aýratyn ünsi çekip, bu işleriň göwnejaý alnyp barylmagyna yzygiderli gözegçilik etmelidigini tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda wise-premýer M.Nurmämmedowa we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlerine ýüzlenip, ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak, olaryň agrotehniki kadalara laýyk alnyp barylmagyny üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlar gününiň ýokary ruhubelentlige beslenmelidigini, onuň türkmen halkynyň milli toý dessurlaryna laýyk gelmelidigini, saýlawlaryň halkymyzyň baý ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegine öwrülmelidigini nygtady we saýlaw uçastoklarynda söwdanyň we beýleki zerur bolan hyzmatlaryň göwnejaý guralmagy, çäräniň medeni maksatnamasynyň ýokary derejede üpjün edilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz saýlawlar baradaky gürrüňi dowam edip, möhüm syýasy wakanyň türkmen halkyna mahsus, aç-açan ýagdaýda geçirilmelidigini, raýatlaryň Türkmenistanyň Prezidentligine mynasyp gören dalaşgärine ses berip bilmegi üçin zerur şertleriň döredilmelidigini, oňa daşary ýurtly žurnalistleriň, synçylaryň we bilermenleriň gatnaşyp bilmekleriniň üpjün edilmelidigini belledi. Milli Liderimiz öňde boljak saýlawlaryň ýurduň Konstitusiýasyna laýyklykda geçirilmelidigini aýratyn belläp, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň hemmesine üstünlik arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň rowaçlygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, ýurdumyzyň abadançylygyny alamatlandyrýan beýik işler biziň asylly tutumlarymyzyň rowaçlygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi we maslahata gatnaşyjylara işlerinde uly üstünlikler arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy.