Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň harby bölümlerine baryp gördi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 1002-nji we 1001-nji harby bölümlerine baryp gördi. Olaryň birinde döwrebaplaşdyrylýan harby şäherçäniň täze binalar we desgalar toplumynyň taslamalaryna garady, beýleki bölümde bolsa harby gullukçylaryň gulluk we durmuş şertleri bilen tanyşdy we Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen biziň ýurdumyzda toplumlaýyn harby özgertmeler ýaýbaňlandyryldy, şonda döwletimiziň Ýaragly Güýçlerini döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, Watan goragçylarynyň üstünlikli gulluk etmegi we abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmäge hem-de şunuň bilen baglanyşykly häzirki zaman kysymyndaky harby şäherçeleri gurmaga uly ähmiýet berilýär. Şu gün irden türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň IIM-niň 1002-nji harby bölümine baryp, bu ýerde binalar we desgalar toplumynyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar.
Milletiň Lideri alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanşyp, döwrebaplaşdyrylýan harby bölümiň, ýöriteleşdirilen okuw merkeziniň täze binalar hem-de desgalar toplumynyň taslamalaryna garady. Toplumyň baş meýilnamasy we onuň esasy desgalarynyň, şol sanda okuw binasynyň, mejlisler zalynyň hem-de kompýuterler we häzirki zamanyň iň öňdebaryjy ösen tilsimatlary bilen doly enjamlaşdyryljak okuw otaglarynyň, kitaphananyň, okuw-türgenleşik şäherçesiniň, sport toplumynyň, naharhananyň we ýatylýan jaýlaryň, şeýle hem harby bölümiň çäklerini bezejek suw çüwdürimleriniň taslamalary Türkmenistanyň Prezidentiniň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň garamagyna hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen taslamalar bilen içgin tanyşlygynyň barşynda, olaryň käbiri barada birnäçe anyk bellikleri we teklipleri aýdyp, döwletimiziň geljekde-de parahatçylygyň we mähriban topragymyzyň asudalygynyň goragynda eserdeň durýan, merdana halkymyza we Watanymyza wepaly we ak ýürekden gulluk edýän içerki goşunyň esgerleri barada hemmetaraplaýyn alada etjekdigini aýratyn nygtady. Milletiň Lideri Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň, harby gullukçylaryň amaly we söweşjeň taýýarlygyny kämilleşdirmegiň, gulluk, ýaşaýyş we durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmagyň, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmegiň ýurdumyzda ýaýbaňlanan harby özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, bu babatda şu desgalaryň gurluşygynda işleriň ýokary hilini hem-de olary ulanmaga bermegiň meýilleşdirilen möhletlerini berjaý etmegiň zerurdygyna bu ýere ýygnananlaryň ünsüni çekdi. Binalaryň daşky keşbi barada aýdylanda bolsa, olaryň bezelişinde milli öwüşgin we däp bolan bezegiň parçalary öz beýanyny tapmalydyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti döwrebaplaşdyrylýan harby bölümiň gurluşyk meýdançasynyň çäklerini gözden geçirip, ony talaba laýyk we döwrebap abadanlaşdyrmaga degişli birnäçe görkezmeleri berdi, bu babatda ýurdumyzyň her bir harby bölüminiň nusgalyk bölüm bolmalydygyny nygtady.
Soňra milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 1001-nji harby bölümine tarap ugrady.
Harby bölüme awtoulagly gelen döwlet Baştutanyny merkezi girelgäniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem şanly waka mynasybetli baýramçylyk lybasyna beslenen harby gullukçylar mähirli garşyladylar. Asylly däbe görä, milletiň Liderine gül desseleri gowşuryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew raport berýär.
Milletiň Lideri raporty kabul edip, bu ýerde nyzama düzülen harby gullukçylar bilen salamlaşdy.
Harby bölüm bilen tanyşmagyň barşynda hormatly Prezidentimiz öňi bilen harby bölümiň atyşhanasyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde gulluk edýän esgerleriň ýaraglaryň dürli görnüşlerine ussatlyk bilen erk edip bilmekleri, olaryň bu hünäri kämil derejede ele almaklary üçin ähli şertleriň döredilmelidigini belledi. Şeýle hem harby gullukçylar harby hünärleriň hemmesinden ussatlyk bilen baş çykaryp bilmelidirler diýip aýtdy.
Soňra milli Liderimiz harby bölümiň howlusynda Içeri işler ministrliginiň düzümlerinde taýýarlanan birnäçe önümler bilen tikilen harby lybaslar görkezilen ýere geldi we şol harytlaryň hili bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu önümleriň görnüşlerini artdyrmak we olaryň hilini gowulandyrmak babatda birnäçe teklipleri aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz harby bölümiň sport zalyna bardy. Ol ýerde döwlet Baştutanymyzy sportuň dürli görnüşleri, şol sanda söweş sungatlary bilen meşgullanýan ýaş esgerler we tälimçi serkerdeler garşyladylar. Milli Liderimiz zalyň dürli sport enjamlary bilen üpjün edilişini içgin synlap, bedenterbiýäniň we sportuň esger ýaşlaryň durmuşynyň möhüm tapgyry bolmalydygyny belledi. Harby gullukdaky esgerleriň her biriniň sport bilen yzygiderli meşgullanmagy, olaryň bu hünäre bolan gatnaşygynyň işjeňleşmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilmelidir diýip aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz bu babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli we yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygy barada degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi we sagdyn durmuş ýörelgesi esgerleriň harby gulluklarynyň aýrylmaz bölegine öwrülmelidir diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlaryny ýerine ýetirýän ýaş esgerlere harby gullukda üstünlik gazanmaklaryny arzuw edip, sport zalyndan çykdy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň harby bölüme gelmegi mynasybetli ministrligiň düzüminde ulanylýan we gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen gelip gowşan täze hem-de iň kämil ýöriteleşdirilen tehnikalar goýlupdyr. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde görkezilýän harby tehnikalaryň häsiýetli aýratynlyklary, olaryň ähmiýetleri bilen gyzyklandy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde görkezilen tehnikalary synlap, döwletimiziň ähli harby bölümleriň we hukuk goraýjy edaralaryň tehniki parklarynyň dünýäniň iň kämil harby tehnikalary bilen yzygiderli üstüniň ýetirilip durmagy babatda mundan beýläk-de alada etjekdigi barada aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ygtyýaryna “Mersedes” kysymly maşynlaryň 60-syndan ybarat awtomobil tehnikasynyň täze uly tapgyryny berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz harby bölümiň esger naharhanasyna bardy. Bu ýerde harby aşpezler milli Liderimize taýýarlanýan tagamlar, olaryň ýokumlylyk derejesi we görnüşleri barada gürrüň berdiler. Milli Liderimiz esgerler üçin taýýarlanýan tagamlaryň görnüşleri bilen gyzyklanyp, olaryň göwnejaý iýmitlenmekleri, naharyň ýokumlylyk derejesine yzygiderli üns berilmegi hem-de naharlaryň ýörite düzülen kada esasynda taýýarlanmalydygyny tabşyrdy. Mundan başga-da döwlet Baştutanymyz ýaş esgerleriň gulluk şertleri we geljekki meýilnamalary bilen içgin gyzyklanýar. Olar bilen hünäre bolan höwes, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmak ýaly ugurlar babatda gürrüňdeş bolýar.
Hormatly Prezidentimiz naharhanadan çykyp, harby bölümiň esasy binasyna tarap ugrady. Ýol ugrunda döwlet Baştutanyny harby bölümiň şahsy düzüminiň harby gullukçylary mübäreklediler. Olaryň biri Türkmenistanyň Prezidentine, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna ýadygärlik üçin surata düşmek baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Harby gullukçynyň şu ýerde 50 ýyl mundan ozal, hormatly Prezidentimiziň kakasy, içerki goşunyň weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň öz gullukdaşlary bilen surata düşendigi baradaky habary has-da ýakymly boldy. Döwlet Baştutany harby gullukçylaryň haýyşyny kanagatlanmak bilen berjaý edip, olar bilen surata düşdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bina girdi, şol ýerde binanyň birinji gatynda bu harby bölümde köp ýyllap gulluk eden öz kakasynyň işlän otagyna baryp gördi. Bu ýerde şol ýyllaryň ýagdaýy dolulygyna dikeldildi. Bu iş otagynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ýere gelmeginiň öňüsyrasynda dabaraly ýagdaýda açylandygyny bellemek gerek.
Harby gullukçylar döwlet Baştutanyna ýüzlenip, bu bölümde köp ýyllap wepaly we ak ýürekden gulluk eden kakasynyň durmuş hem-de zähmet ýolunyň häzirki wagtda ähli türkmen esgerleri we serkerdeleri üçin görelde bolup durýandygyny nygtadylar.
Soňra milletiň Lideri binanyň ikinji gatynda ýerleşýän esgerleriň ýatak jaýyna bardy, bu ýerde, esgerleriň gün tertibi bilen tanyşýar. Ähli ýerde arassaçylyk we tertip höküm sürýär. Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysynyň berýän ünsi netijesinde harby gullukçylar üçin gün tertibi kämilleşdirilýär, olaryň ygtyýaryna gelip gowuşýan ýörite serişdeleriň görnüşleri yzygiderli täzelenýär.
Milletiň Lideri ýaş esgerleriň gulluk we durmuş şertleri bilen ýakyndan tanşyp, durmuş otaglaryny gözden geçirdi, harby lybaslaryň saklanylyşynyň şertlerine üns berdi.
Hormatly Prezidentimiz ýaş esgerleriň hem-de harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda döwletimiziň mundan beýläk-de alada etjekdigini aýdyp, esgerleriň gullukda döwri harby hünärler bilen bir hatarda olaryň başga-da birnäçe hünäre ussatlyk bilen erk edip bilmekleri üçin ähli şertleriň döredilmelidigini degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti “Galkynyş” otagyna bardy, şol ýerde öz kakasy, Içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň muzeýi ýerleşýär.
Bu ýerdäki gymmatlyklaryň hatarynda hakyky watançy, harby gulluga çäksiz wepaly hökmünde, jemgyýetçilik bähbitlerini öz bähbitlerinden ileri tutýan ynsan hökmünde, ähli şahsy düzümde uly abraýa we hormata eýe bolan ak ýürekli hem-de edermen serkerde hökmünde tanalan Mälikguly Berdimuhamedowyň geçen zähmet ýoluna şaýatlyk edýän resminamalar, diplomlar, golýazmalar, arhiw fotosuratlary, beýleki serişdeler bar.
Arhiw maglumatlaryna görä, Mälikguly Berdimuhamedow zähmet ýoluny Gökdepe etrabynyň ýaşlar guramasnyda we Babarap obasynyň başlangyç synplarynyň mugallymy wezipesinde başlady, soňra Içeri işler ministrliginiň harby bölüminde ilki bilen wzwod serkerdesi, soňra bolsa syýasy geňeşiniň komsomolyň işleri boýunça instruktory wezipesinde gulluk etdi. Şol döwürde harby bölümde ozalky SSSR-iň ähli respublikalaryndan gulluga çagyrylan dürli milletleriň wekilleri gulluk edýärdiler. Olary has-da jebisleşdirmek we öňde goýlan maksatlary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin komsomol işgäri bölümiň şahsy düzüminiň arasynda işjeň syýasy-terbiýeçilik işlerini alyp barýar, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýeleýär. Beýlekilere öwretmek üçin Mälikguly aga Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh-hukuk fakultetinde taryhçy hünäri boýunça ýokary bilim alandygyna garamazdan, öz harby we syýasy iş hünärini yzygiderli kämilleşdirýärdi. Ol Marksizm-leninizm uniwersitetiniň agşamky bölümini we Oržonikidze şäherindäki IIM-niň harby serkerdeleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi tamamlady, şeýle hem Rýazanyň we Kiýewiň IIM-niň ýokary harby mekdepleriniň hünär kämilleşdiriş bölümlerini tamamlandygyna şaýatlyk edýän diplomlar muzeýiň görnükli ýerinde goýlupdyr. Harby bölümlerde we içeri işler edaralarynda gulluk eden döwründe Mälikguly aga ýedi gezek hökümet sylaglaryna hem-de “Içerki goşun gullugynda tapawutlanandygy üçin” diýen döşe dakylýan nyşana mynasyp boldy. Hormatly Prezidentimiziň çagalyk we ýetginjeklik döwrüne degişli, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ene-atasy, olaryň maşgala agzalary hakynda gürrüň berýän fotosuratlar, “Öz işiniň ussady” diýen hormatly ada mynasyp bolan serkerdäniň gulluk ýoluna, iş döwründäki pursatlara degişli fotosuratlar hem muzeýiň esasy gymmatlyklarynyň hatarynda goýlupdyr. Şeýle hem Mälikguly aganyň ilkinji zähmet ýolunyň mugallymçylyk käri bilen baglanyşyklydygy baradaky maglumatlar ýerleşdirilipdir. Mälikguly Berdimuhamedow 1982-nji ýylda podpolkownik harby derejesi bilen harby dynç alyşa çykyp, öz zähmet ýoluny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň edaralarynda dürli wezipelerde dowam etdirýär.
Harby gullukçylaryň nygtaýşy ýaly, bu bölümde gulluk eden döwründe podpolkownik Mälikguly Berdimuhamedow biziň bölümimizde Watanymyz we halkymyz üçin örän köp işler bitirdi. Ol öz gullugyny halal, harby kasama wepaly alyp bardy we maksadyna ýetmek üçin örän yhlasly çemeleşdi. Bu bolsa ýaş harby gullukçylar üçin uly görelde mekdebidir. Ol biziň üçin hemişe nusgalyk serkerde bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda serkerdeleriň biri 1001 harby bölümiň ähli harby gullukçylarynyň we serkerdeleriniň adyndan bölüme içerki gullugyň podpolkownigi, içeri işler edaralarynyň hormatly işgäri Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak haýyşy bilen milli parlamente ýüz tutmak isleýändiklerini habar berdi.
Milletiň Lideri hoşniýetli sözler üçin harby gullukçylara minnetdarlyk bildirip, häzirki taryhy eýýamda biziň halkymyzyň gadymdan gelýän däpleriniň -- ýaşuly nesliň wekillerine hormat goýmak, olaryň baý durmuş we iş tejribesini, şol sanda biziň halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde toplan tejribesini peýdalanmak, ýaş nesli Watana bolan söýgi ruhunda terbiýelemek ýaly asylly işlerine sarpa goýmak däpleriniň baýlaşýandygyny aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow gulluk taýýarlygy otagyna bardy, şol ýerde Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutany harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi.
Ilki Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berildi, ol özüne ynanylan ulgamda işleriň ýagdaýy hakynda habar berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hünärli harby işgärleri taýýarlamak, şeýle hem harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň gulluk we durmuş şertlerini gyşarnyksyz gowulandyrmak maksady bilen milletiň Lideriniň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan harby reformanyň üstünlikli ilerlemegine aýratyn üns berildi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow öz gezeginde Döwlet serhedindäki ýagdaý barada hasabat berdi. Biziň serhedimiz Türkmenistanyň oňyn daşary syýasaty netijesinde goňşy döwletler bilen aramyzdaky dostluk we doganlyk serhedine öwrüldi.
Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna türkmen Lideriniň başyny başlan harby reformasyny ilerletmegiň barşy we olnuň çäklerinde milli goşunda geçirilýän düýpli özgertmeler barada hasabar berdi.
Türkmenistanyň Baş prokurory Ý.Ýazmyradow döwlet Baştutanyna ozal berlen tabşyryklaryň gyşarnyksyz ýerine ýetirilişi hem-de kanunçylygyň berjaý edilmegine berk gözegçilik edýän düzümleriň geçirýän işleri barada hasabat berdi.
Neşe maddalarynyň ýaýradylmagyna we ulanylmagyna garşy göreş bilen baglylykda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan anyk çäreler hakynda Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy A.Garaýew habar berdi.
Soňra çykyş eden Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän ministrliginde şu ýylyň birinji aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, ýurdumyzda döwlet ösüşiniň giň gerimli maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň hökmany şerti bolup durýan parahatçylyk we durnuklylyk ýagdaýyny saklamak maksady bilen, IIM-niň geçirýän işleri barada hasabat berdi. Ýol - ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen ýol gözegçilik gullugy tarapyndan görülýän çäreler berlen hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Ýokary kazyýetiň başlygy A.Hallyýew ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler hakynda habar berdi. Ýokary hünärli ýaşlary taýýarlamak şol işiň möhüm ugry bolup durýar.
Türkmenistanyň Adalat ministri M.Garryýew ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny gyşarnyksyz kämilleşdirmek, hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmelere kuwwatly itergi berjek täze, döwrüň talabyna gabat gelýän kanunlary taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Hojamgulyýew hasabat berdi. Ol öz ýolbaşçylyk edýän gullugynyň alyp barýan işleriniň jemleri hakynda habar berdi. Bu gullugyň üstüne möhüm we jogapkärli wezipe – döwlet serhedinden geçýän ähli ýükleri düýpli barlamak wezipesi ýüklenildi.
Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy D.Baýramowa söz berildi. Ol milletiň Liderine ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da berkitmäge gönükdirilen, ýylyň başyndan bäri berjaý edilen işler dogrusynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde ýakyn geljek üçin goýlan möhüm wezipeleriň hemmesi bir beýik maksat – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny goramak we artdyrmak maksady bilen birleşendir diýip belledi. Garaşsyzlyk ugrunda taryhyň köp asyrlarynyň dowamynda eziz Watanymyzyň edermen we gaýduwsyz ogullary söweş meýdanlarynda mertlerçe wepat boldular.
--Hiç bir zada garamazdan, türkmen halky hemişe parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň we ynsanperwerligiň belent ýörelgelerine ygrarly bolup galýar. Şol ýörelgeler bu gün, täze taryhy eýýamda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny düzýär. Biziň ýurdumyz şolary amala aşyrmak bilen giň halkara hyzmatdaşlygyny ählumumy bähbitleriň hatyrasyna ösdürýär – diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Watanymyz milletler bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesini üstünlikli durmuşa geçirmek bilen öz ylalaşdyryjylyk mümkinçiliklerini iş ýüzünde amala aşyrýar, tutuş adamzady tolgundyrýan häzirki zaman möhüm meselelerini çözmek boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürýär. –Hut parahatçylyk söýüjilik aýratyn goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň esasyny düzýär—diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdirdi we türkmen döwleti öz Ýaragly Güýçleriniň söweşjeňliginiň ýokary derejesini üpjün etmek üçin geljekde hem ähli çäreleri görer diýip belledi. Nygtalyşy ýaly, şol maksatlar üçin soňky ýyllarda milli goşunyň ygtyýaryna häzirki zaman harby tehnikasy gelip gowuşýar, hünärli harby gullukçylary taýýarlamagyň derejesi gyşarnyksyz ýokarlanýar, harby gullukçylaryna mynasyp gulluk we durmuş şertlerini döretmek hakynda alada döwlet wezipesiniň derejesinde goýuldy.
--Döwletimiz geljekde hem şu meselelere aýratyn üns berer—diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we milli goşunymyzyň goranyş ukybyny berkitmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolar diýip belledi.
Ýurdumyzyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow hormatly Prezidentimize Türkmenistanda öndürilen we suwa goýberilen “Arkadag” atly ikinji gäminiň makedini sowgat berdi.
Mejlis tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz şu günki wakanyň hormatyna bu ýerde belent mertebeli myhmanlara niýetlenen Kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby bölümiň esgerlerine ýadygärlik sowgat gowşurdy hem-de olaryň gulluklarynda uly üstünlik gazanmaklaryny arzuw edip hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.