Ï Türkmenistanyň goraghanalarynda haýwanlary gyşlatmak we ösümlikleriň gyşy geçirmekligi üçin amatly şertler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň goraghanalarynda haýwanlary gyşlatmak we ösümlikleriň gyşy geçirmekligi üçin amatly şertler

view-icon 5718
Türkmenistanda sekiz sany goraghana we on dört sany zakaznik hereket edýar. Olarda asyl bolşy üýtgemedik çöl, dag we suw ekoulgamlary saklanyp galan we ýigrimi müňden gowrak görnüşleriniň aglabasy endemiki bolup, Gyzyl kitaba girendir.


Sowuk howanyň başlamagy bilen goraghanada erkin ýaşaýan haýwanlar adamlaryň ünsünden düşürilmeýär. Olar üçin ýörite goşmaça iýmlemäni gurnaýarlar. Türkmenistanyň tebigaty goramak ministrliginiň Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň hünärmenleriniň belleýşleri ýaly, däneli ösümlikleriň samanyndan, ýorunjadan, ýandakdan, selinden, jöwenden onlarça tonna bede taýýarlanyldy. Her goraghana üçin niýetlenip taýýarlanylýan ot-iýmiň düzümi tapawutlydyr. Olar aýratyn bir çäklere mahsus bolan ýabany ösýän ösümliklerden taýýarlanýar. Häzirki wagtda jandarlaryň ýaşamaga uýgunlaşan ýerlerinde „iým“ gorlary döredilýär. Şeýlelikde Hazar goraghanasynda şu günler deňiz kenar ýakasynda gyşlaýan guşlara şol sanda guwlara hem goşmaça ideg edilýär. Guşlary goşmaça iýmlemek howanyň amatsyz gelen dürli pasyllarynda hem amala aşyrylýar. Meselem, howa gurak gelende olar diňe bir iým bilen dälde, suw bilen hem üpjün edilýär. Şol döwürlerde tebigy suw çeşmeleri arassalanylýar, suw içilýän emeli güzerler döredilip, olara yzygiderli ýagdaýda suw guýulýar.


Goraghanalarda seýrek we ýitip barýan gymmatly görnüşleri gorap saklamak, dikeltmek we köpeltmek üçin ösümlik nahalhanalary hem-de wagtlaýyn demir gözenekli ýataklar döredilýär. Häzirki wagtda goraghanalaryň ýanlarynda emeli döredilen ýaşalýan ýerlerde jerenler, aýraklar, burma şahly dag tekeleri, gulanlar, oklykirpiler, sülgünler, laçynlar, guwlar we beýlekiler saklanylýar. Bu ýerde süýrenijiler, mysal üçin Orta Aziýa alyhöwren ýylany hem bar. Aýazly gyş günlerinde olara ýörite weterinarlyk gözegçiligi edilip, aýratyn iýmitlendirilýär. Bu ýere öz enesinden azaşan ýaşajyk jandarlar, ýaraty ýa-da ysgyndan gaçan haýwanlar hem getirilip, olara ýörite ideg edilýär we soňra tebigata göýberilýär. Şeýle hem tä gyş paslyna çenli jandarlaryň tebigy gurşawda amatly şertlerde ýaşamaklary we köpelmekleri üçin beýleki biotehniki çäreler geçirildi. 2011-nji ýylyň güýz paslynyň ahyrynda geçirilen haýwanlary hasaba alyş çärelere laýyklykda jerenleriň we aýraklaryň baş sany köpeldi. Jerenleriň sanyny köpeltmäge gönükdirilen seçiş çäreleri netijesinde, şol sanda olaryň görnüşlerini goraghanalaryň arasynda alyş-çalyş etmegiň netijesinde ep-esli gowulandy. Bu ýönekeý bir çäre däldir. Başda ýaz paslynda tutulan jerenler ýörite taýýarlanan ýatakhanalarda weterinarlaryň gözegçiligi astynda uýgunlaşdyrylýar we soňra ýörite döredilen şertler bilen näzik we uzak ýola çydamsyz jandarlar başga goraghanalara göçürilýär. Mysal üçin, Ogurjaly adasyndan (Hazar goraghanasy) jerenler Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda ýerleşen goraghanalara, welaýatlardaky goraghanalardan bolsa Ogurjaly zakaznigine göçürilýär. Her bir goraghananyň öz nahalhanasy bolup, onda ösümlik dünýäsiniň iň gymmatly görnüşleri ekilýär. Mysal üçin sazak, gandym we çerkez ýaly ösümlikler Repetek, Amyderýa we Gaplaňňyr goraghanalarynyň nahalhanalarynyň, pisse bolsa Badhyz, Köýtendag we Köpetdag goraghanalarynyň nahalhanalarynyň esasyny düzýär. Hoz agajy, türkmen arçasy, badam, ýemşenleriň köp görnüşleri Köpetdag we Sünt-Hasardag goraghanalarynyň tejribe meýdançalarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Köpetdagyň derman ösümligi bolan türkmen mandragorasyna diňe Sünt-Hasardag goraghanasynda gabat gelip bolýar. Zerewşan arçasy Köýten daglarynda, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Wawilowyň sogany we Lemanyň hem-de Miheliň çigildemleri bolsa her ýyl Badhyz goraghanasynda gülleýärler. Bir söz bilen aýdylanda, şunuň ýaly tejribe meýdançalarynda tebigy şertlere ýakynlaşdyrylan ýagdaýda ösýän seýrek ösümliklere duş gelmek bolýar. Her ýyl tebigaty goraýyş meýdanlarynyň çäklerinde tokaý zolaklaryny dikeltmek üçin ösümlikleriň belli görnüşlerine degişli bolan 2-3 ýyllyk nahallary oturtmak oňat däbe öwrüldi. Üstümizdäki 2012-nji ýylda hem ýaz paslyna çenli goraghanalaryň ýanaşyk meýdanlarynda tokaý zolaklaryny döretmek üçin ýabany ösümlikleriň nahallarynyň birnäçe müňüsi ekişe taýýarlanyldy.


Şeýlelikde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň Gyzyl kitaba girizilen görnüşlerini ösdürip ýetişdirmegiň baý tejribesi toplanylýar.