Ï Beýik özgertmeler eýýamynyň döredijilik mümkinçiliklerini artdyryp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik özgertmeler eýýamynyň döredijilik mümkinçiliklerini artdyryp

view-icon 699
Türkmenistanyň Prezidenti Ruhabat etrabynda täze obanyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Ruhabat etrabynda täze obanyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy. Bu waka milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça türkmen halkynyň ýaşaýşynyň derejesiniň we hiliniň ýokarlandyrylmagyna, ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilen uly möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.

Irden Türkmenistanyň Prezidenti awtoulagly Ruhabat etrabynyň Ýasmansalyk geňeşliginiň çäginde täze obanyň düýbüniň tutuljak ýerine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanyny Ahal welaýatynyň häkimi garşylady. Milli lybasdaky gyzlar milletiň Liderine ter gül desselerini gowşurýarlar.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýygnanan hormatly ýaşulular, ak gyňaçly mährem eneler, din wekilleri we ýaş çatynjalar bilen mähirli görşüp, gysgajyk hal-ahwal soraşýar.

Soňra milletiň Lideri bu ýerde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" amala aşyrmagyň çäklerinde Ahal welaýatynda gurluşygyna badalga beriljek täze, döwrebap obada guruljak ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşýar.

Olaryň arasynda oba geňeşliginiň, medeniýet öýüniň, aragatnaşyk bölüminiň, mekdepleriň üçüsiniň we çagalar baglarynyň bäşisiniň, bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň, saglyk öýüniň, söwda merkeziniň, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin toý mekanynyň, birnäçe senagat we azyk harytlary dükanlarynyň, durmuş hyzmatlaryny berjaý edýän öýleriň, kottež görnüşli öýleriň, metjidiň taslamalary bar.

Ýeri gelende aýtsak, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda täze döwrebap obany gurmak baradaky Karara Ministrler Kabinetiniň 2012-nji ýylyň 3-njy fewralynda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutany tarapyndan gol çekildi. Resminama laýyklykda, bu taslamanyň amala aşyrylmagyny 2016-njy ýylyň ortalarynda dolulygyna tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Täze obanyň baş meýilnamasyny işläp taýýarlamak, täze ilatly ýerde binalary we desgalary gurmak boýunça işleri utgaşdyrmak, şeýle hem şol işleriň maliýeleşdirilmegini üpjün etmek Ahal welaaýtynyň häkimligine tabşyryldy. Baş meýilnama laýyklykda täze oba üçin Ruhabat etrabynda Garagum derýasynyň demirgazyk tarapynda giň ýer bölünip berildi.

Taslamalarda döwlet Baştutanynyň hökümetiň mejlisinde aýdan maslahatlary göz öňünde tutulyp, her bir howluda asfalt düşelen bassyrmaly meýdança we mellek ýeri, mal we guş saklamak üçin niýetlenen ýerler, ot-iým saklamak üçin bassyrmalar, ulag goýar ýaly ýer göz öňünde tutuldy. Şeýle hem öý şertlerinde çörek bişirmek bilen bagly milli ýörelgä laýyklykda, oba adamlarynyň howlusynda tamdyr bolar.

Täze, döwrebap obanyň tutýan meýdany 400 gektara barabar bolar. Bu ýerde ilkibaşda durmuş-medeni maksatly binalaryň 20-si gurlar, 6 görnüşli kottežleriň 2054-sini gurmak bellenilýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza ýerüsti geçelgäniň, dynç alyş seýilgähiniň, jemgyýetçilik awtoduralgasynyň taslamalary hem görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz taslamalary umuman makullap, degişli düzedişlerini we belliklerini aýtdy. Milletiň Lideri bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça işleriň anyk ugurlaryny kesgitläp, gurluşygyň ýokary hilli alnyp barylmagynyň, ulanylýan gurluşyk materiallarynyň döwrebap ülňülerine we ekologiýa boýunça bildirilýän talaplara laýyk gelmeginiň üpjün edilmegine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýerde il sylagly ýaşulular, mährem eneler, ýaş çatynjalar bilen aç-açan, ynanyşmak we mähirli ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutany we bu belent wezipä dalaşgär hökmünde oba ýerindäki ýaşaýyş durmuş şertleri, adamlaryň iş-aladalary we geljekki isleg-arzuwlary, ilatyň maddy hal-ýagdaýy, milli maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy bilen gyzyklandy. Oba adamlary milletiň Liderine ata Watanymyzyň rowaçlygy, günsaýyn gözelleşýän şäherleriň we obalaryň durkuny täzelemek, şeýle hem türkmen ýaşlary, maşgalalaryň abadançylygy üçin göwnejaý şertleri döretmek barada ýadawsyz alada edýändigi hem-de jemgyýetde ruhy gymmatlyklaryň we däp-dessurlaryň nesilden-nesle geçirilmegine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözleri bilen ýüzlendiler. Olar 12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda milletiň Liderini biragyzdan goldajakdyklaryny aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň durmuşynyň her bir gününiň ajaýyp we şanly wakalara beslenýändigini, şol wakalaryň döwletimiziň taryhyny, onuň syýasy, halkara, jemgyýetçilik, ykdysady we ruhy durmuşyny baýlaşdyrýandygyny aýtdy. Milletiň Lideri şu günki şanly wakanyň hem ýatdan çykmajak senä öwrülip, ýurdumyzyň taryhynyň nobatdaky sahypasyna ýazyljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň we jemgyýetiň durmuşyny düýpli we hemmetaraplaýyn özgertmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeleri berjaý edip, häzirki wagtda ýurdumyzyň ösdürmegiň esasy ugurlarynyň kesgitlenendigini aýtdy. Umumy döwlet gurluşynyň düýbüni berk tutup, biz geljege ynamly garamak arkaly, diňe bir uly möçberli desgalary däl-de, eýsem, täze şäherleri, şäherçeleri, tutuş etraplary gurýarys we täze ýerleri özleşdirýäris.

Türkmenistanyň kartasynda täze ilatly ýerleriň döremegi şol ýerleriň öndüriji güýçlerini mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmekde möhüm ähmiýetli başlangyç tapgyr bolup durýar. Muňa mysal edip, Daşoguz welaýatynda Ruhubelent, Lebap welaýatynda Döwletli, Mary welaýatynda Altyn sähra etraplaryny görkezmek bolar. Bar bolan ilatly ýerleri döwrebaplaşyrmagyň depginleri güýçlendirilýär. Olaryň hatarynda Balkan welaýatynda Esenguly etrabyny, Serdar we Bereket şäherlerini agzamak bolar. Lebap welaýatynda Garlyk şäherçesiniň düýbi tutuldy, deňziň kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy ösdürilýär. Bularyň ählisi beýik özgertmeleriň ýolundaky ädimlerdir, şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa, Türkmenistany bagtyýar we öňdebaryjy jemgyýetli ösýän döwlete öwürmekden ybaratdyr, şunda ähli raýatlaryň durmuşy, zähmeti we döredijiligi üçin deň şertleriň bolmagy üpjün ediler.

Milletiň Lideriniň pikirine görä, şunuň ýaly taslamalar welaýatlary ykdysady taýdan ösdürmegiň anyk guralyna öwrülmelidir. Türkmenistanyň Prezidenti şeýle taslamalary öňe sürmek bilen, sebitlerde önümçilik, ulag, inženerçilik we durmuş desgalarynyň düzümlerini gurmak, ýerlerdäki serişdelerden netijeli peýdalanmak we göwnejaý ýagdaýda özüňi dolandyryş üçin ykdysady esaslary döretmek, ilatyň durmuş taýdan goraglylygynyň derejesini ýokarlandyrmak, adamlara goldaw bermek baradaky wezipäni öňde goýýar.

Şeýlelikde, täze obanyň gurulmagy bilen Ahal welaýatyny mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hem-de maýa goýumlary boýunça amatly şertleri dörermek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Gysga wagtyň dowamynda täze obada ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, okuw pedagogiki we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap mekdepler, çagalar baglary, sport desgalary, medeni we ýaşaýyş-durmuş maksatly beýleki desgalar gurlar, saglygy goraýyş we hyzmatlar boýunça döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ulgam dörediler.

Oba ilatynyň ýaşaýşy üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň welaýatyň ruhy galkynyşyna, onuň taryhy mirasynyň aýawly saklanmagyna, medeniýet babatdaky kuwwatynyň artdyrylmagyna, şeýle hem Ahalyň ösüşini innowasion derejä ýetirmek üçin işgärleri taýýarlaýan binýadyň berkidilmegine degerli ýardam berer. Döwletiň täze obanyň gurluşygyna aýratyn üns bermegi ýurdumyzyň welaýatlarynda täze durmuş ülňüleriniň döredilmegini üpjün etmek babatda öňde goýlan esasy wezipäniň berjaý edilmegine uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap durmuş-ykdysady, inžener-tehniki we ulag-kommunikasion desgalaryň düzümini döretmek boýunça iri möçberli we yzygiderli alnyp barylýan işleriň depginleri günsaýyn güýçlendirilýär, şunda uly desgalaryň onlarçasy guruldy, olaryň arasynda ýaşaýyş jaýlary, multimediýa enjamlar bilen üpjün edilen mekdepler, abadanlaşdyrylan çagalar baglary, lukmançylyk edaralary, zawodlar we fabrikler bar. Çetde ýerleşýän obalarda ýaşaýan adamlar hem täze, bagtyýar durmuşyň eşretlerinden peýdalanýarlar, sahawatly türkmen topragy barha ösýär we özgerýär.

Ýeri gelende aýtsak, Ruhabat etrabynda täze obanyň taslamasyny taýýarlamak we gurmak ýurdumyzyň hünärmenlerine ynanyldy,olar hünär ussatlygyny we bäsdeşlige ukyplylygyny iş ýüzünde görkezdiler, bu döwrebap oba ilat, şol sanda oba hojalyk önümçiliginiň işgärleri üçin zerur bolan ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek maksady bilen gurulýar. Täze obanyň gurluşygy täze iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berer, bu ýerde adamlaryň ýaşaýşynyň täze we ýokary hilli derejede bolmagyny üpjün edýän desgalaryň düzümi dörediler.

Soňra milletiň Lideri däp boýunça täze obanyň düýbüniň tutulýan ýerinde goýulýan guta ýerleşdirmek üçin ýadygärlik ýazga gol çekdi, munuň özi biziň bu günki özgertmelerimiziň diňe bir häzirki däl-de, eýsem, geljekki nesilleriň abadançylygyna gönükdirilendigini aňladýar.

Şu ýerde ýygnananlaryň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki dabara gatnaşan ruhabatly ýaşuly we ýaş nesilleriň wekilleri bilen bilelikde surata düşdi.

Soňra milli Liderimiz täze obanyň düýbüniň tutuljak ýerine barýar, bu ýerde dabara üçin ähli zatlar taýýar edilipdir. Welaýatyň ymamy ata Watanymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň hatyrasyna, milletiň Liderine il-ýurt bähbitli beýik tutumlarynda berk jan saglyk we uzak ömür, şeýle hem şu günki wakanyň şanyna doga-dileg edýär.

Dabaraly pursat gelip ýetýär. Döwlet Baştutyny dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda gejjekki obanyň binalarynyň düýbüne ýadygärlik ýazgysy ýerleşdirilen gutyny atýar hem-de pil bilen beton guýmak arkaly, iri möçberli gurluşyga badalga berýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň göreldesine hormatly ýaşulular we ýaşlar hem eýerýär.

Türkmen döwletiň Baştutany ýygnananlary bu şanly, taryhy waka bilen ýene-de bir gezek gutlap, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.

Hormatly Prezidentimiz il-ýurt bähbitli, döwletli işiň başyny tutansoň, türkmen halkynyň asylly däbine eýerip we ata-baba gelýän mukaddes ýörelgelerden ugur alyp, Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň kümmetine gül desselerini goýmagy, bu ýerde baky aram tapanlary hatyralap, aýat –töwir okamagy parz iş hasaplap, aramgähiň ýerleşen ýeri bolan Gypjaga geldi.

Türkmenbaşynyň ruhy metjidiniň öňündäki meýdançada döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň müftüsi we metjidiň mütewellisi garşylady. Hormatly Prezidentimiz olar bilen mähirli görşüp, ýurdumyzyň ilatynyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň, adamlaryň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň çäklerinde, ýaşaýyş düzümleri üçin ähli amatlyklary özünde jemleýän, häzirki döwrüň ruhuna laýyk gelýän täze obanyň düýbüni tutandygyny belledi. Bu waka halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ilatyň bar bolan ähli amatlyklar bilen üpjün edilmegine gönükdirilen özgertmeleriň nobatdaky tapgyrydyp diýip, döwlet Baştutany belledi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň welaýatlarynyň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändigi we halkymyzyň abadan durmuşa ugrnuda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň aramgähine gül desselerini goýdy. Şeýle hem bu ýerde merhumlaryň ruhuna degsin edilip aýat-doga okaldy. Soňra döwlet Baştuanymyz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, Aşgabada tarap ugrady.

Ruhabat etrabynyň söwda merkezinde täze obanyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli toý sadakasy berildi.