Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi. Ol GDA-dan synçylar Wekilliginiň baştutany hökmünde Aşgabada geldi.
Duşuşmaga wagt tapandygy üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Türkmenistana ýene bir gezek gelip görýändigine we gysga döwrüň içinde ýurtda bolup geçen giň gerimli özgerişliklere baha bermäge dörän mümkinçilige şatdygyny aýtdy.
Milletiň Lideri mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolup, onlarça ýylyň dowamynda Arkalaşygyň doganlyk halklary bilen ýola goýlan dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryna belent sarpa goýýar we ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda däbe öwrülen gatnaşyklaryň giňeldilmegine we berkidilmegine gyzyklanma bildirýär diýip belledi.
Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we myhman ilkinji nobatda Arkalaşygy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategiýasyna, şeýle hem 2012-nji ýylda GDA-nyň başlygy hökmünde Türkmenistan bilen bu abraýly guramanyň hemişelik hereket edýän ýerine ýetiriji, dolandyryjy we utgaşdyryjy edarasy bolup durýan GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegine degişli meseleleriň ençemesi boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň konsepsiýasynyň çäklerinde şu ýyl göz öňünde tutulýan möhüm çärelere bilelikde taýýarlyk görmek meselesi aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ozalky sowet giňişliginde özara gatnaşyklaryň netijeli guraly hökmünde Arkalaşygyň tejribesine oňyn baha berýär, şonuň ýaly-da, özara bähbitlilik we deňlik ýörelgelerinde guralýan hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ählumumy ösüşiň ileri tutulýan milli ugurlaryny we wezipelerini nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň has amatly nusgasyny döretmek ugrunda çykyş edýär. 2012-nji ýylyň GDA-nyň çäklerinde sportyň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýyly hökmünde yglan edilenligi bilen baglylykda möhüm syýasy duşuşyklardan hem-de her dürli ykdysady, döredijilik we ylmy maslahatlardan başga-da, sport çärelerine, hususan-da, güýzde geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda futbol boýunça açyk halkara ýaryşa aýratyn üns berler. Şol ýaryşa GDA girýän ýurtlar bilen bir hatarda, beýleki daşary ýurt döwletleri hem gatnaşyp biler.
Ýola goýlan ysnyşykly hyzmatdaşlyk hem-de döwlet Baştutanynyň berýän goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek bilen, S.Lebedew Türkmenistanyň GDA-nyň giňişliginde, şeýle hem Türkmenistanda çäreleriň ençemesiniň geçirilmegini göz öňünde tutýan, başlyklyk etmegiň baý mazmunly konsepsiýasyny teklip edendigini, onuň Arkalaşygyň agzasy bolan ähli döwletleriň goldawyna eýe bolandygyny aýtdy.
GDA-dan Wekilligiň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gözegçilik etmek boýunça işleri aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman Türkmen döwletiniň Baştutanyna biziň ýurdumyzda bolýan GDA-dan synçylar wekilliginiň işi barada habar berdi. Onuň düzümine GDA-nyň döwletleriniň wekilleriniň 63-si--parlamentariler, görnükli jemgyýetçilik işgärleri, diplomatlar, GDA-nyň agzasy bolan döwletleriň Parlamentara assambleýasynyň, Russiýanyň we Belarusyň Parlament ýygnagynyň wekilleri, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň işgärleri girdi. Bellenilişi ýaly, ähli welaýatlarda bolup gören synçylar saýlawlar güni saýlaw uçastoklaryna baryp görmegi, ses bermegiň we sesleri sanamagyň barşyna gözegçilik etmegi meýilleşdirýärler.
-Türkmenistanyň saýlaw kanunçylygy geçen ýyllaryň içinde açyklyk, demokratiýalylyk tarapa oňyn özgeripdir—diýip, S.Lebedew belledi.
Öňde durýan wezipäniň—raýatlaryň erkin ses bermäge bolan hukugyny üpjün etmegiň möhümdigini aýtmak bilen, myhman Prezidentiň wezipesine dalaşgärleriň sekizisiniň hem maksatnamalarynyň Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň durmuşyny gowulandyrmaga gönükdirilen bir maksat bilen birleşendigini aýtdy.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy pursatdan peýdalanyp, Türkmen döwletiniň Baştutanyna 12-nji fewralda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna GDA-dan synçylar Wekilliginiň çagyrylandygy üçin hoşallyk bildirdi hem-de ýurtda bolup geçýän giň demokratik özgertmeler ýolunda bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Sergeý Lebedew hoşlaşanlarynda biri-birine üstünlikleri arzuw edip, Arkalaşygyň halklarynyň we ýurtlarynyň bähbidine ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Şu gün, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy -- Ýerine ýetiriji sekretary, GDA-dan synçylar Wekilligine ýolbaşçylyk edýän Sergeý Lebedew Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara baryp gördi.
Belent mertebeli myhman we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek boýunça tamamlaýjy tapgyra gadam basan saýlaw çäresiniň çäklerinde Merkezi saýlaw topary tarapyndan geçirilen ägirt uly taýýarlyk işleri bilen tanyşdyryldy. Myhmanlar şeýle hem maglumat beriji we usulyýet edebiýatyny—Merkezi saýlaw topary tarapyndan milli we halkara synçylara, daşary yurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekillerine we saýlawçylara kömek hökmünde neşir edilen kanunçylyk namalaryny öz içine alýan ýankitapçalary, amaly we usulyýet gollanmalary gyzyklanma bilen öwrendiler.
GDA-dan synçylar Wekilliginiň ýolbaşçysy Merkezi saýlaw toparynyň we ýerlerdäki saýlaw toparlarynyň işiniň sazlaşykly ýola goýlandygyny belläp, öňümizdäki ýekşenbe güni boljak Türkmen döwletiniň Baştutanynyň erkin, demokratik saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçiriljekdigine ynam bildirdiler.
Günüň ikinji ýarymynda GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alşyldy.

* * *