Ï Mekdeplerde okuwçylaryň gözleri lukmançylyk barlagyndan geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mekdeplerde okuwçylaryň gözleri lukmançylyk barlagyndan geçirildi

view-icon 774
Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň göz keselleri ylmy – kliniki merkeziniň gurnamagynda mekdeplerde göz keselleriniň öňüni almak maksady bilen okuwçylar lukmaçylyk barlagyndan geçirildi.

Ýokary okuw mekdebiň göz keselleri kafedrasynyň assistentleriniň ýolbaşçylygynda intern-oftalmologlarlardan we kliniki ordinatorlardan düzülen ýörite topar mekdeplerde okuwçylary barlap, patologiýa ýüze çykan ýagdaýlarynda olary Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň düzümindäki göz keselleri ylmy – kliniki merkeziniň çagalar bölümine goşmaça lukmançylyk barlagyna iberdi.

Şunuň bilen birlikde lukmanlar okuwçylaryň ýaşaýan ýerindäki saglyk öýlerindäki kärdeşleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, olara geçirilen barlaglaryň netijelerini we degişli maslahatlaryny iberdiler.

Bu çäre ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak babatynda ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işleriniň çäklerinde gurnaldy. Bu gowy başlangyç okuwçylaryň ata-enesi tarapyndan uly goldaw tapdy.