Ï Halas edijiler tälim okuwlarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halas edijiler tälim okuwlarynda

view-icon 676
Ruhabat etrabynyň gaz we energetiki howpsuzlyk, aragatnaşyk, durmuş-tehniki taýdan hyzmat ediş, lukmançylyk, ýangyna garşy howpsuzlyk, jemgyýetçilik tertibini goraýyş gulluklarynyň toparlarynyň hem-de raýat goranyş we halas ediş işleri boýunça Ahal welaýat müdirliginiň bilelikdäki gatnaşmagynda raýat goranyşy boýunça geçirilen tälim okuwlary üçin sowuk howa päsgelçilik döretmedi. Tälim okuwlarynyň maksady- edara-kärhanalaryň işgärleriniň we ýaşaýjylaryň adatdan daşary ýagdaý dörande taýýarlygyny gözden geçirmekden ybaratdyr.


Ruhabat etrabynda ýerleşýän panbarhat kärhanasynyň, Saparmyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumynyň we Gypjakdaky täze 10-njy orta mekdebiniň bellenilen meýdanlarynda okuw tälimleri iki günläp dowam etdi. Kärhanalarda üç ýyl mundan öň halas edijiler toparlary döredilipdi we bu okuwlar olaryň başarnygyny barlamakda çynlakaý synag boldy.

Okuwlaryň meýilnamasyna laýyklykda halas ediş gulluklary dokma kärhanalaryň ikisiniň çäkleriniň ýangyny öçürip, himiki serişdelerden zäherlenmeginiň netijelerini ýok etmelidirler. Olar „heläkçilik çekenleri“ ýörite taýýarlanan päsgelçiliklerden alyp çykyp, olara lukmanlar gelýänçä ilkinji kömegi bermelidirler. Şeýle-de ilaty mekdebiň çäklerinden howpsuz ýere göçürmekde öz başarnyklaryny görkezmelidirler. Olar „Heläkçilige düşenleri“ bibat bolan awtoulaglardan çykarýarlar, jaýlaryň üçeginden ýörite awtomerdiwanlar we ýel berlen „Kaskad-5“ enjamy arkaly halas edýärler. „Kaskad-5“ 120 km agramy bolan adamlara 20 metrden howpsuz bökmäge mümkinçilik berýär. „Halas ediş“ çärelerine girişmezden ozal ýörite düzülen meýilnama boýunça tehniki gulluklar kärhanalaryň elektrik ulgamyny we gaz üpjünçiligini togtadýarlar. Şol bir wagtyň özünde aragatnaşyk gulluklary hem telefon aragatnaşygynyň bökdençsiz bolmagyny ýola goýýarlar.


Halas ediş işleriniň indiki tapgyrynda ýakyndaky jaýlarda ýaşaýan „heläkçilik çeken “ adamlar bellige alynýar we olar wagtlaýyn guralan çadyrly şäherjige göçürilýär. Ol ýerde azyk önümleri, geýim-gejimler, däri-dermanlar taýýarlanylyp goýulýar. Çadyr şäherjiginiň düzümine Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň ýaşaýyş jaýlarynyň we çadyrly hassahanalarynyň birnäçesi girýär. Bu jemgyýet bilen bolsa halas edijiler adat boýunça ýakyn aragatnaşyk saklaýarlar.


Ahal welaýaty boýunça raýat goranyň we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy Aýdogdy Dolyýewiň aýtmagyna görä, geçen ýyl meýilnama esasynda şunuň ýaly iri tälim okuwlarynyň birnäçesi, şeýle hem Baharly etrabynyň sement zawody ýaly iri kärhanalarda we Döwletabadyň gazy arassalamak we taýýarlamak boýunça kömekçi desgalarynyň çäklerinde çäklendirilen kiçiräk tälim okuwlarynyň birnäçesi geçirildi. Halas ediş gulluklarynyň bilelikdäki indiki tälim beriş okuwlaryny siliň öňüni almak boýunça taýýarlyklary barlamak maksady bilen Kaka etrabynda geçirmeklik göz öňünde tutulýar.