Täze galkynyşlar we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin betendertiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek hem-de ýaşlary sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek arkaly beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek, şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli hokkeý boýunça ýaryşy geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda 2012-nji ýylyň 4-7-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde Gyşky oýunlar sport toplumynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda ýetginjekleriň arasynda hokkeý boýunça ýaryşy geçirmek bellenildi.
Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň 39-njy maddasyna laýyklykda hem-de adamyň ýokanç keselleriniň döremeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak hem-de olary ýok etmek boýunça çäreleri çalt işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
“Türkmenistanyň Epidemiýa garşy adatdan daşary komissiýasy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 30-njy awgustynda çykaran 2783-nji Karary (Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň Kararlarynyň 1996-njy ýyldaky 8-nji ýygyndysynyň 5171-nji maddasy) güýjüni ýitiren hasap edildi.
Ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde daýhan birleşikleriniň we oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin oba hojalyk önümçiliginiň tehnikalar bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Oba hojalygyna önümçilik-enjamlaýyn hyzmat etmek baradaky paýdarlar jemgyýetleriniň “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasyna “Belarus” kysymly traktorlary hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Belarus Respublikasynyň “Minskiý traktornyý zawod” Respublikan unitar kärhanasy bilen şertnamalary baglaşmaga,
Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasyna “Belarus” kysymly traktorlary Karara satyn almak barada Belarus Respbulikasynyň “Minskiý traktornyý zaowd” Respublikan unitar kärhanasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak we önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda “Türkmenpagta” döwlet konsernine Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlyk gorundan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine 2010-2012-nji ýyllaryň hasylyndan nah mata süýümini senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin, bellenen nyrhlardan ýerlemäge ygtyýar berildi.
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-nji ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň nebit çykaryjy pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
“Türkmennebit” döwlet konsernine Malta Respublikasynyň “Lenstor Enterprises Ltd” kompaniýasy bilen, nebitiň mukdaryny ölçeýän we hilini görkezýän ulgamlary, şol ulgamlar üçin barlag desgalaryny, radiorele ulgamy üçin enjamlary satyn almak barada şertnamany;
satyn alynýan enjamlar bilen bagly “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan edilýän işlere ýolbaşçylyk etmek, sazlamak we hünärmenleri okatmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi we “Türkmennebit” döwlet konserni şu Kararyň birinji bölümine laýyklykda satyn alynýan enjamlary gurnamak, ýygnamak we işe girizmek işlerini öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmaga borçly edildi.
Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda döwletimiziň demir ýol ulaglary pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de demir ýol gurluşyk işlerini amala aşyrmak, şeýle hem ulanyşdaky demir ýollary abat saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine 200 sany ýol geçirijisini satyn almak barada Beýik Britaniýanyň “Breyk Taim Club LLP” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda döwletimiziň demir ýol ulaglary pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de ýuk wagonlaryny abatlamak we gurat ýagdaýda saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine 2000 sany wagon arabasyny satyn almak barada Beýik Britaniýanyň “Dortmon manegement LLP” kompaniýasy bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Türkmenistanyň standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda öndürilýän we daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýokary hilli we ilatymyz üçin howpsuz bolmagyny gazanmak, şeýle hem standartlaşdyryş gulluklarynyň barlaghanalaryny häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýokary takyklykdaky kämil tilsimatly synag enjamlary we abzallary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama bilen, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugyna daşary ýurt kompaniýalary bilen barlaghanalar üçin synag enjamlaryny we abzallaryny satyn almak, olary gurnap işe girizmek hem-de hünärmenleri taýýarlamak barada şertnamalary öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
“Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzda maliýe hasabatlylygynyň milli ulgamyny has-da kämilleşdirmek, buhgalterçilik hasaba alnyşynda döwrebap halkara tejribesini giňden ulanmak hem-de esasy serişdeleri rejeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanda maliýe hasabatlylygynyň milli hem-de halkara standartlaryna geçen, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýerli we daşary ýurtly edara görnüşli taraplar, olaryň şahamçalary we wekillikleri hem-de salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamyna degişli bolmadyk telekeçilik işini amala aşyrýan şahsy taraplar üçin esasy serişdeler hasaplanýan ulanyş tutumlarynyň aňryçäk möçberleri tassyklanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi, resminama laýyklykda ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti Pariž Paktynyň başlangyjy boýunça geçiriljek ministrler derejesindäki üçünji maslahata gatnaşyk üçin, 2012-nji ýylyň 15-18-nji fewraly aralygynda Awstriýa Respubilkasynyň Wena şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Hasanow Ereşkuly işde goýberen düýpli kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Lebap welaýarynyň Köýtendag etrabynyň häkiminiň orunasary wezipesinden boşadyldy.

* * *