Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 808
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi. Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gözegçilik edýän ugurlarynda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijelliligini ýokarlandyrmak we olary utgaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz dolandyryş ulgamyna häzirki döwürde döwlet ösüşiniň möhüm guraly bolup durýan öňdebaryjy tilsimatlary giňden ornaşdyrmak, bar bolan serişdeleri rejeli peýdalanmak we häzirki zaman maglumat jemgyýetini döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulgamyň öňünde durýan wezipeleri çözmekde maksatnamalaýyn çemeleşmeleri üpjün etmegiň zerurdygyny belläp, döwlet dolandyryş edarasynyň garamagynda durýan täze gurluşyklarda alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçilik etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň bank-maliýe edaralarynyň, şeýle hem statistika we standart ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, ýurtda maliýe hasabaty ulgamyny mundan beýäk-de kämilleşdirmek maksady bilen alnyp barylýan işler hakynda aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty jemläp, ýurdumyzyň milli maliýe-bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde halkara ülňüleriniň we bu pudakdaky dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesiniň ulanylmagy esasy ugur bolup durýar diýip beledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz işgärleriň hünär ussatlygyny kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de wise-premýere maliýe we bank edaralarynynyň işgärleriniň hünärlerini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri alyp barmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Esasy serişdeleriň ulanylýan möçberleriniň ygtyýar berlen çägini kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işleriň juda wajypdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi we onuň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow daşary syýasata degişli milli strategiýany amala aşyrmak bilen bagly meseleler boýunça hasabat bermek bilen, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň şol strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň 20 ýyllygyna degişli çärelere taýýarlyk görlüşi barada aýtdy.

Şonda 1992-nji ýylyň 2-nji martynda türkmen döwletiniň BMG-niň doly hukukly agzasy bolup, bu iri halkara guramasy we onuň esasy düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürýändigi hem-de ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna dünýä derejesinde giň we netijeli gatnaşyklary alyp barmak ugrunda çykyş edýändigi bellenildi. Köp ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyk arkaly, özara arkalaşykly hereket etmek boýunça baý tejribe toplanyldy hem-de dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň onlarçasy amala aşyryldy we şeýle taslamalar häzirki wagtda-da durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň esasy halkara resminamalaryna goşulyp, boýun alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär hem-de parahatçylygy söýüjiligiň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär.

Şu jähetden garanyňda,1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Rezolýusiýanyň kabul edilmegi örän möhüm ähmiýetli waka öwrüldi, bu Rezolýusyýa dünýä tejribesinde ilkinji gezek türkmen döwletiniň özboluşly halkara - hukuk derejesini tassyklady. Şu ýyllarda Türkmenistanyň belent abraýa eýe bolup, üç gezek - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji we 64-nji mejlisleriniň wise-başlyklygyna saýlanandygyny aýtmak gerek, bu ählumumy mejlisleriň gün tertibine tutuş adamzat üçin örän möhüm ähmiýetli meseleler goşulýar.

Bitarap Türkmenistanyň ýöredýän netijeli içeri we daşary syýasatynyň BMG-niň ileri tutýan maksatlaryna hem-de ilkinji nobatda, sebitlerde we ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmek boýunça wezipelerine laýyk gelýändigi bellenildi. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşine täzeden badalga berildi we many-mazmun taýdan baýlaşdyryldy. 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň açylmagy uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk netijesine hem-de ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň tassyklaýan subutnama öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň belent münberinden öňe süren hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan dolulygyna goldanan we ykrar edilen döredijilikli başlangyçlary, şeýle hem türkmen döwletiniň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini maksat edinmegi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde işjeňlik görkezýändigine şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreler barada aýtdy. Şonda bu şanly waka bagyşlanan halkara maslahatyny geçirmek we şu ugra degişli sergini guramak bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi hem-de ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna oňyn halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ýardam bermäge, häzirki döwürde tutuş adamzady tolgundyrýan derwaýys meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri bu şanly senä bagyşlanan ähli çäreleriň guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyryp, BMG bilen doly möçberli we köp ugurly hyzmatdaşlygyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda strategiki ugur bolup durýandygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň parlamentinde kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek we täze kanunçylyk namalarynyň mazmunyny, ähmiýetini ilat arasynda düşündirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidentligine boljak saýlawlary guramaçylykly geçirmegiň meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, Mejlisiň Başlygy halkara guramalarynyň we GDA girýän ýurtlaryň synçylary bilen duşuşyklaryň geçirilendigini, synçylaryň saýlawlara taýýarlyk işleriniň barşy, olaryň kanunçylyk üpjünçiligi, şeýle hem türkmen döwletini we jemgýyetini demokratiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrylandygy barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlarynyň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen sazlaşykly işlemekleriniň zerurdygyny belläp, şu ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlaryň guramaçylyk meselelerine, saýlawlaryň demokratik usulda geçirilmegine, aç-açanlygynyň üpjün edilmegine aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara synçylarynyň netijeli işlemegi, saýlawlaryň geçişi barada zerur bolan maglumatlary alyp bilmegi üçin ähli şertleriň döredilmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer Aşgabatdaky, Abadandaky, Türkmenabatdaky, Daşoguzdaky iri panelli jaý gurluşyk kärhanalarynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleler hakynda aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanda şähergurluşyk, hususan-da, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy boýunça iri möçberli maksatnmalary durmuşa geçirmegiň meseleleri barada aýdyp, ilatyň durmuşy, zähmet çekmegi we dynç alşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, amatly şäher gurşawynyň we degişli düzümiň kemala getirilmegi ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň möhüm ugurlary bolup durýar diýip belledi.

Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň kärhanalary barha işjeň gatnaşýarlar. Olar netijeli häzirki zaman tilsimatlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary hil derejesini üpjün etmelidirler diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Işiň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi we desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy gurluşykçylardan edilýän esasy talap bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gurluşyk senagatynda giňden ulanylýan ýokary hilli materiallaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň möhüm wezipedigini belläp, dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryny ulanmak arkaly ekologik taýdan arassa gurluşyk materiallary taýýarlananda harytlar diňe bir hil ölçeglerine däl, eýsem, ýerli howa şertlerine hem doly laýyk gelmelidir diýip nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow özüniň gözegçilik edýän ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda we himiýa pudagynda hem-de balyk senagatynda alnyp barylýan işleriň netijeleri babatda hasabat berdi. Hususan-da, Hökümet Baştutanynyň orunbasary bu ulgamlary döwrüň ýokary talaplarynyň derejesine laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak arkaly işleriň hilini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli çäreler, “Türkmennebit” döwlet konserni üçin zerur bolan enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň ýangyç-energetika toplumyny, şeýle hem himiýa senagatyny we balyk hojalygynyň kärhanalaryny has-da depginli ösdürmäge degişli gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz täze ýangyç ýataklaryny senagat taýdan çalt özleşdirmek, ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak we täze tehnikalar bilen üpjün etmek üçin ähli mümkinçiliklerden doly peýdalanmak möhümdir diýip nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döredijilik we ylmy işgärleriniň Aşgabatda geçiriljek VII maslahatyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Onuň işine Arkalaşyga girýän ähli ýurtlaryň döwletara düzümleriniň, halkara guramalarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşar. Häzirki wagtda Gumanitar hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary bilen birlikde maslahatyň medeni çäreleri boýunça işleriň geçirilýändigi bellenildi. Wise-premýer şeýle hem Döwletara maksatnamasynyň çäklerinde Marynyň 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi, hususan-da, öňümizdäki ýylyň mart aýynda bu waka mynasybetli geçiriljek çäräniň guralyşy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak çäreleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, şunuň ýaly halkara çäreleri Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna laýyklykda geçirilýär we olar GDA agza ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir diýip nygtady. Biz mundan beýläk-de şunuň ýaly işleri dowam ederis diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz maslahatyň maksatnamasynda meýilleşdirilen ähli medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi we olaryň habar beriş serişdelerinde mynasyp beýan edilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

“Arkalaşygyň medeni paýtagty--2012” derejesine mynasyp bolan

Maryda halkara medeni çärelerini geçirmegiň meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz bu derejäniň Türkmenistanyň baý taryhy medeni mirasynyň, türkmen halkynyň maddy we ruhy gymmatlyklarynyň mundan beýläk-de içgin öwrenilmegi we onuň dünýä ýüzünde giňden wagyz edilmegi babatda ulanylmalydygyny belledi.

Soňra özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew hasabat bilen çykyş etdi. Hususan-da, wise-premýer demir ýol gurluşygynda ýol geçirijileriniň işini kämilleşdirmek we Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň düzümlerinde ýük wagonlarynyň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek babatda amala aşyrylýan işler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, döwletimiziň yzygiderli satyn alýan demir ýol tehnikalarynyň netijeli ulanylmagyna we ulag ulgamynyň dürs hereket edişine degişli gözegçiligi üpjün etmegiň zerurdygyny belledi. Ýurdumyzyň üstaşyr we içerki ýük gatnawlarynda möhüm orny eýeleýän demir ýol ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz täze polat ýollarynyň gurluşygynyň hiline we onuň depginlerine degişli gözegçiligiň üpjün edilmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman ulag düzüminiň we ýokary tehnologiýaly ulgamyň bolmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan we halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli ösdürilmeginiň baş ugry bolup durýar diýip belläp, pudagyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň we oňa täze tehnikalaryň, enjamlaryň we innowasion tilsimatlaryň işjeň çekilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Nurmämmedow möwsümleýin oba hojalyk işelriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Şonda häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekmek üçin meýdanlary sürmek we tekizlemek, gurplandyrmak we ýuwuş suwuny tutmak işleriniň dowam etdirilýändigi bellenildi. Oňat hilli tohumyň taýýarlanmagyna aýratyn üns berilýär, şunda gowaçanyň sortlary her bir etrabyň özboluşly toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp saýlanyp alynýar.

Wise-premýer döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat bermek bilen, kombaýnlaryň we beýleki oba hojalyk tehnikasynyň göwnejaý saklanmagyny we ulanylmagyny üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Şeýle hem ýurdumyzyň pudaklaýyn ministrlikleri we dolandyryş edaralary bilen bilelikde, ýaz paslynda agaç nahallarynyň oturdylmagyna taýýarlyk görmek barada aýdyldy, şol çäräniň çäklerinde Aşgabadyň daş-töwereginde we welaýatlarda miweli baglar, bezeg üçin niýetlenen we beýleki görnüşdäki agaç hem-de üzüm nahallary oturdylar.

Milletiň Lideri ýazyna bag oturtmak boýunça geçiriljek uly möçberli işlere degişli meseleler barada durup geçip, olaryň daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda oňaýly howa şertlerini döretmek bilen baglylykda örän möhümdigini belledi.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, şeýle hem babadaýhanlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak babatda möhüm wezipeler durýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýaz - meýdan işlerine, şol sanda gowaça ekişine we beýleki agrotehnika çärelere ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem 21-23-nji fewralda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň VI ýöriteleşdirilen sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şol sergä goňşy döwletiň meşhur kompaniýalarynyň 50-ä golaýy gatnaşar. Wise-premýer şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine pagta süýümini ýerlemek hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurt bazarlarynda ýerlemegiň oýlanyşykly strategiýasynyň möhümdigi barada aýdyp, Türkmenistanyň eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, daşary söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin halkara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginiň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Eýran Yslam Respublikasynyň her ýyl geçirilýän harytlarynyň sergisiniň goňşy döwletiň ykdysady mümkinçiliklerini görkezýändigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan dokma ulgamynyň ýokary depginlerde ösýän pudaklaryň hataryna goşulýandygyny belledi. Dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak, öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak, dokma kärhanalarynyň eksport kuwwatynyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz dokma önümleriniň daşary ýurtlara iberilişini artdyrmak bilen bir hatarda, pudaga maýa goýumlaryny çekmek, onda häzirki zaman tilsimatlaryny ulanmak, pudagyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak işleriniň yzygiderli alnyp barylmagy barada anyk tabşyryklary berdi we degişli resminama gol çekdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Toýlyýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda ýetginjekleriň arasynda hokkeý boýunça ýaryşyň geçirilmegine taýýarlyk görlüşi barada aýtdy hem-de döwlet Baştutanynyň garamagyna Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topar hakyndaky täze Düzgünnamanyň taslamasyny hödürledi, bu taslama häzirki döwürde arassaçylyk baradaky kanunçylygyň kadalary we talaplary göz öňünde tutulyp işlenip düzüldi.

Döwlet Baştutany hasabaty jemläp, häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň ösdürilmeginiň uly ähmiýete eýe bolup durýandygyny hem-de jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyna, ýaşlaryň sporta giňden çekilmegine aýratyn üns berilýändigini belledi. Şu maksatlar bilen, täze döwrebap sport desgalary gurulýar we ulanmaga berilýär, şolaryň arasynda geçen ýylda açylan ýöriteleşdirilen sport toplumy hem bar, bu toplum soňky döwürde ýurdumyzda meşhurlyga eýe bolýan sportuň gyşky görnüşleriniň ösdürilmegine ýardam bermelidir. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda ýetginjekleriň arasynda hokkeý boýunça ýaryşyň guramaçylyk taýdan ýokary derejede geçirilmelidigini hem-de ýurdumyzda sportuň bu gyzykly görnüşiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam bermelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz milletiň saglygynyň goralmagynyň döwletimiziň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Türkmenistanda ýokanç keselleriň aradan aýrylmagy baradaky halkara sertifikatlaryň berilmegi, şeýle hem türkmen lukmanlarynyň şu ugurda toplan tejribesiniň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýewropa sebitindäki döwletlerde ýaýratmak üçin hödürlenmegi ýurdumyzda saglygy goramak boýunça wezipeleri berjaý etmekde gazanýan üstünlikleriniň ykrar edilýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda ýetginjekleriň arasynda hokkeý boýunça ýaryşy geçirmek hakyndaky” we başga-da birnäçe degişli Kararlaryň taslamalaryny tassyklap, olara gol çekdi.

Ýetginjekleriň arasynda geçiriljek hokkeý boýunça ýaryş barada aýdylanda bolsa, bu ýaryşa Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň “Bürgüt”, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan”, Türkmenistanyň söwda we dokma senagaty toplumynyň “Şir” hem-de Türkmenistanyň ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň “Alp Arslan” toparlary gatnaşarlar. Munuň özi ýurdumyzda sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak we ýaş nesli bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek barada döwletimiziň yzygiderli edýän aladasynyň miwesidir.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň eziz Watanymyzyň iň uly baýramlarynyň biridigini nygtap, şu mynasybetli ýurdumyzda köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk çäreleriniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz bu baýramçylygy halkymyz gowy bellär ýaly, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dynç gününi 19-njy fewraldan 20-nji fewrala geçirilýändigini aýtdy hem-de degişli Permana gol çekdi, şoňa laýyklykda 2012-nji ýylyň 20-nji fewraly iş güni däl diýlip yglan edildi.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe wajyp meselelere garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Ministrler Kabinetinde şu günki mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararlary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha pugtalandyrylýandygyna, milli özgertmeler eýýamynda ähli pudaklaryň dünýäniň iň kämil tilsimatlary bilen döwrebaplaşdyrylýandygyna, adamlar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine güwä geçýär.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň hemmesine berk jan saglyk, abadançylyk we rowaçlyk hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösdürilmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.