Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň merkezi bolan Türkmenbaşy şäherçesi obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça Milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilýänliginiň aýdyň subutnamasydyr. Soňky birnäçe ýyllaryň içinde ilatyň durnukly köpelişi şol bir meýdanda iki esseden gowrak ösdi.
Türkmenistanyň ajaýyp kurort şäherinden 11 km uzaklykda, Garadag we Gubadag dag belentlikleriniň şahalarynyň arasyndaky kiçeňräk jülgede Türkmenbaşy obasy ýerleşýär. Köp wagtyň dowamynda onuň gurluşyk işleri edaralary we ýaşaýyş jaýlary çäklendirilen möçberde merkezleşdirilen maliýeleşdirme desgalary we jaýlary gurmak işleri bu ýerde bar bolan kärhanalary we demir ýol stansiýalary iş güýji bilen üpjün etmek üçin zerur bolan sanda amala aşyrylýardy. Şoňa laýyklykda hem durmuş-üpjünçilik ýagdaýlary çözülýärdi. Şonuň üçin hem köp ýaşaýyş-durmuş meseleleri üçin şähere gaýtmaly bolýardy we adamlar öz maşgalalary bilen köplenç şähere göçmäge mejbur bolýardylar.
Hususýetçilikdäki jaý gurujylar üçin köp çäklendirilmeler aýrylandan soň, bu ugurda oňyn üýtgeşmeler başlandy. Wagtlaýyn jaýlar ýyl-ýyldan obanyň görküni täzeleýän berk salynan mäkam jaýlara öz ornuny berdi. Şunuň bilen birlikde durmuş taýdan hyzmat ediş hojalygy, lukmançylyk we söwda hyzmatlary gowulanyp, bilim hem-de medeniýet ulgamy kämilleşýärdi. Bularyň ählisi maddy-durmuş esaslary berkitmek we obanyň esasy kärhanalaryna ünsi güýçlendirmek bilen birlikde alnyp barylýardy. Şähere gitmek amatsyz boldy. Gowy hak tölenýän iş ýanyňda bolup, ýaşaýyş şertleri bolsa şäheriň ýaşaýyş şertlerine ýakynlaşýardy.
Balkan welaýatynyň 2008-2012-nji ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň Baş ýörelgesi obanyň mundan beýläk özgermegine güýçli itergi berdi. Görki we durky täzelenen Esenguly obasy diňe Balkan welaýatynyň däl, eýsem hemme ýurt üçin şäherleriň we obalaryň galkynmagynyň aýdyň şöhlelenmesi we görkezijisi boldy. Obada çig mal hojalygynyň depginli ýagdaýda diwersifikasiýa edilmeginiň ykdysady ösüşlere getirmegi oba ýeriniň durmuş özgertmesi bilen sazlaşyp gitdi. Oba adamlary üçin ykdysady ösüşiň we iş ýerleri bilen üpjünçiligiň täze çeşmeleri döredilýärdi. Balkan welaýatynda gaýtadan işleýän önümçiligiň täze innowasion we öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda gurlan desgalary ulanylmaga tabşyryldy we ýene-de möhüm gurluşyklar dowam edýär. Serdar, Bereket, Magtymguly, Etrek, Esenguly etraplarynda ýokary hilli harytlary öndürýän pagta egirýän, dokma, tikinçilik, aýakgap, iýmit boýunça fabrikleri işe girizildi.
Oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpgöter gowulandyrmak boýunça geçirilýän özgertmeleriň çäklerinde Türkmenbaşy etrabynyň merkezinde öň bu ýerde bar bolan kuwwatlylyklary we desgalary, ýagny magdan gazyp alyjy senagatynyň desgalaryny gurmak we abatlamak işlerine aýratyn üns berildi. Mineral çig maly gazyp almak we gurluşyk materiallaryny öndürmekde ýöriteleşdirilen Türkmenbaşynyň magdan däl we gurluşyk önümleri kärhanasynda düýpleýin kämilleşdiriş işleri geçirildi.
Daşary ýurt maýa goýujylaryň we hususy goýumlaryň kömegi bilen kärhanada gysga möhletde kuwwatlylygy ýylda hersi inert önümleriň bir million tonnasyny öndürýän uç sany owradyjy-sortlaýyş zawodlary önümçilige girizildi. Magdan gazyp alyjy seh bilen bir hatarda hek, gips we kärhananyň beýleki önümçilik desgalarynda kämilleşdiriş işleri geçirildi. Bu bolsa önümleriň görnüşlerini we obanyň ýaşaýjylaryny iş orunlary bilen üpjün edip kärhananyň ödürijiligini birnäçe gezek artdyrmaga mümkinçilik berdi. Şeýlelikde, adamlara durnukly zähmet haklarynyň ösüşi, oba üçin bolsa ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga, obanyň ulag-kommunikasion we inžener-tehniki infrastrukturasyny göwulandyrmaga gönükdirilýän býujet serişdelerine goşmaça girdeji üpjün edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 6-njy ýanwarynda gol çeken „Balkan welaýatynyň senagat düzümini ösdürmegiň esasy ugurlary“ diýen karary bilen Türkmenbaşy etrabynda gurluşyk harytlaryny öndürýän esasy kärhananyň öňünde ilatly ýerleriň we etrap merkezi bolan Türkmenbaşy şäherçesiniň ilatynyň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeler bilen sazlaşykly baglaşýan öňünde önümçilik kuwwatlylygyny artdyrmak ýaly möhüm wezipeler goýuldy. Bu resminama bilen magdan däl we daşary ýurtlardan getirilýän beýleki gurluşyk önümleriniň ýerini tutýan materiallary çykarmakda bu kärhananyň kuwwatlylygyny artdyrmak maksady bilen onuň durkuny täzelemek işlerini dowam etdirmek göz öňünde tutulandyr. Şunda ýurt boýunça ilkinji gezek şu ýerde çykarylyp başlanan bazalt süýümi esasynda kompozit materiallarynyň çykarylyşy hem artdyrylar.
Bu kombinatyň maliýe-ykdysady ýagdaýynyň gowulanmagy hem-de asfalt zawodynyň işe girizilmegi bilen baglylykda şäherçeler ilatyň iş orunlary bilen üpjün edilmegine, tutuşlygyna şäherçäniň mundan beýläkde ösdürilmegine ýeňillikli bank karzlary we telekeçilik işleriniň döwlet tarapyndan goldanylmagy oňaýly täsir edýär. Şäherçede ipoteka karzlary esasynda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak oňat däbe öwrüldi, abadanlaşdyrylan ýaşaýyş toplumlary emele geldi. Etrapda başlangyç we umumy bilim berýän orta mekdepler, häzirkizaman enjamlar bilen abzallaşdyrylan köpugurly etrap hassahanasy, sport toplumy, kitaphanalar we beýleki medeni maksatly binalar we edaralary bar. Ilatyň şäherlere göçmegi azaldy. Indi adamlar mümkin boldugyça şäherden bu şäherçä göçüp gelýärler. Oba ýerlerindäki giň mellek ýerleri , tebigatyň ekologiýa taýdan arassalygy we oba durmuşy has özüne çekýär.
Adamlaryň durmuş şertleriniň gowulanmagy olaryň işjeňliginiň artmagyna getirýär. Türkmenbaşy şäherçesinde täze dükanlar, tikinçilik ussahanalary we durmuş hyzmatlaryny hödürleýän beýleki edaralar açylýar. Hususy gurluşyk guramalary kiçi we orta senagat kärhanalary, şol sanda öz önümlerini daşary ýurtlara iberýän kärhanalar hem döredilýär. Bu kärhanalar şäherçeler ýaşamak üçin oňat ýagdaýyň döredilmegine oňyn täsir edip, şähärçäniň senagat taýdan ösdürilmeginiň ikinji tapgyryny amala aşyrmaga uly goşant goşýarlar.