Şu gün Türkmenistanda türkmen döwletiniň baştutanynyň saýlawlary aýratyn dabaraly ýagdaýda geçirildi. Ir bilen, bütin ýurdumyzda döredilen saýlaw uçastoklaryna adamlar öz konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak—ýokary döwlet wezipesine sese goýlan dalaşgärleriň 8-siniň iň mynasybyna ses bermek üçin geldiler.
Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, 11-nji fewralda ýarygije Türkmenistanda saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri tamamlandy we şu gün ir sagat 8-de ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda ses bermek başlandy. Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň TDH-a beren maglumatlaryna görä, ir sagat 10-a çenli ýurdumyz boýunça tutuşlygyna saýlawçylaryň umumy sanynyň 22,8 göterimi ses berdi, günüň birinji ýarymyna çenli bolsa bu görkeziji 47 göterimden geçdi. Gündiz sagat 14-e çenli Türkmenistanda özleriniň erk-ygtyýaryny erkin beýan etmäge konstitusion hukuklaryny saýlawçylaryň 68 göterimden gowragy berjaý etdi, 20.00-a, ýagny saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan pursadyna çenli saýlawçylaryň 96,28 göterimi ses berdi.
Bu möhüm jemgyýetçilik – syýasy çärä doly taýýarlyk bilen gelen ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda şu gün aýratyn işjeň, ýokary göteriliş we dabaraly ýagdaý höküm sürdi. Ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Hemme ýerde konsert meýdançalary taýýarlanyldy, göçme söwda guraldy. Şu gün ilkinji gezek ses bermäge gatnaşan ýaş saýlawçylaryň bu şanly gün aýratyn ýadynda galar. Saýlaw uçastoklarynda olara gül desseleri we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin öz seslerini berenleriň hatarynda watandaşlarymyzyň parahat durmuşyny goramak boýunça gije-gündiziň dowamynda özleriniň ýeňil bolmadyk hem-de hormatly borçlaryny amala aşyrýan edermen türkmen esgerleri hem bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ähli harby bölümlerde we birikmelerde geçirildi.
Merkezi saýlaw toparynda TDH-a habar berişleri ýaly, Türkmenistanyň paýtagtynda we ähli bäş welaýatlarynda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugynyň kadalaryna berk laýyklykda geçen saýlaw möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesi bellendi. Bu ýagdaýy ýerlerde saýlawlaryň barşyna gözegçiligi amala aşyran milli synçylar hem doly tassykladylar. Muňa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan synçylaryň Wekilliginiň agzalary, şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratiýa institutlary we adam hukuklary baradaky býurosynyň, BMG-niň Sekretariatynyň Syýasy meseleler boýunça departamentiniň Ýakyn Gündogar we Günbatar Aziýa bölüminiň Türkmenistanda sapar bilen bolýan wekiliýetiniň agzalary göz ýetirip bildiler. Olar saýlawlaryň nähili geçenligi barada anyk düşünje almaga, türkmen halkynyň agzybirligine hem-de jebisligine göz ýetirmäge doly mümkinçilik aldylar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary we şonuň bilen baglanyşykly wakalar halkara jemgyýetçiliginde hem-de dünýäniň habar beriş serişdelerinde ägirt uly gyzyklanma döretdi. Şu gün saýlaw uçastoklarynda saýlawlaryň aýdyňlygyna göz ýetirmäge mümkinçilik alan žurnalistler köp boldy.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlary geçirildi. Ýakyn günlerde ses bermegiň gutarnykly jemleri jemlener, emma eýýäm häzirki wagtda saýlawlaryň Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň iň täze taryhynda möhüm döwür bolmak bilen hakyky demokratik esasda geçendigini doly tassyklamak bolar.