Şu gün irden milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň jaýyna geldi. Bu ýerde milletiň Liderini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri mähirli garşyladylar.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm syýasy çäre bolan, döwlet Baştutanynyň ählihalk saýlawlarynyň jemlerine seredildi.
Saýlawlaryň jemlerini yglan etmek üçin Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy O.Nyýazlyýewe söz berilýär.
Bäsleşik, açyklyk, aýdyňlyk we saýlawçylaryň ýokary raýat işjeňligi esasynda geçen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary demokratik, dünýewi, hukuk Türkmen döwletini ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy diýip, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy saýlaw möwsüminiň çäklerinde geçirilen çäreler hakynda habar berdi we 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen ählihalk saýlawlarynyň netijelerini yglan etdi.
Ozal habar berlişi ýaly, saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda ilatdan gelýän teklipleri kabul etmek we öwrenmek, saýlaw möwsüminiň barşyna gözegçilik etmek, halkara guramalarynyň, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri we milli synçylar bilen gatnaşyklar boýunça işçi toparlary döredildi. Hususan-da, ýurdumyz boýunça Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan we beýleki jemgyýetçilik guramalaryndan synçylaryň 2345-si bellige alyndy. Ses bermek üçin saýlaw uçastoklarynyň 2307-si, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýanynda 29-sy döredildi.
Merkezi saýlaw topary tarapyndan saýlaw uçastoklaryny türkmen we rus dillerinde neşir edilen maglumat beriji materiallar, ilkinji nobatda “Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakyndaky”, “Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar hakyndaky” kanunlar bilen üpjün etmek, bu resminamalaryň mazmunyny we düzgünlerini ilatyň giň gatlaklaryna ýetirmek boýunça zerur bolan işler geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärleriň ynanylan adamlary, teklipçi toparlar, milli we halkara synçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin gollanmalar taýýarlanyldy. Saýlawlara taýýarlyk görmegiň barşynda welaýat, etrap, şäher we uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary üçin Mejlisiň deputatlarynyň gatnaşmagynda seminarlar geçirildi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” kanuna laýyklykda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan jemgyýetçilik guramalarynyň, birleşikleriniň we raýatlaryň teklipçi toparlarynyň teklip eden dalaşgärleriniň 15-sinden ýokary döwlet wezipesine 8 dalaşgär bellige alyndy. Milli kanunçylyga laýyklykda, ähli dalaşgärlere wagyz-nesihat işlerini geçirmek we saýlawçylar bilen duşuşmak üçin birmeňzeş şertler döredildi, makalalar üçin efir wagty we merkezi metbugatda ýer bölünip berildi.
Saýlawlara taýýarlyk işleriniň barşy milli habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi, olarda şeýle hem Merkezi saýlaw toparynyň mejlislerinden yzygiderli hasabatlar çap edildi.
Baýramçylyk we dabaraly ýagdaýda geçen saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynyň işläp başlan ilkinji sagatlaryndan ilatyň ýokary raýat işjeňligi hasaba alyndy, bu ýagdaý gündiz has gyzgalaňly boldy. Saýlawlar türkmen halkyna mahsus bolan demokratik ýörelgeleri, erk-islegiňi erkin beýan etmegiň, gizlin ses bermek arkaly umumykrar edilen saýlaw hukugynyň esasynda geçdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň giň halkara jemgyýetçiliginiň arasynda uly seslenme döredendigini belläp, O.Nyýazlyýew saýlawlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşynda, şeýle hem Türkmenistanyň raýatlarynyň ses bermeginiň barşynda milli we halkara synçylaryň gelen netijeleri we beren bahalary barada habar berdi.
Mälim bolşy ýaly, şol günler biziň ýurdumyzda ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary baradaky Býurosynyň, BMG-nyň Sekretariatynyň Syýasy meseleler boýunça departamentiniň Ýakyn Gündogar we Günbatar Aziýa bölüminiň wekilleri hem-de GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy—Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedewiň ýolbaşçylygynda GDA-dan Synçylar wekilliginiň topary boldy. Olar paýtagtymyzda we welaýatlarda saýlaw uçastoklaryna baryp görmäge we saýlaw möwsüminiň barşy bilen ýerinde tanyşmaga hem-de saýlawlaryň aýdyňlygyna we kanunylygyna göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar.
Wekilligiň düzümine Azerbaýjan Respublikasyna, Ermenistan Respublikasyna, Belarus Respublikasyna, Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Täjigistan Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna, Ukraina, GDA girýän döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna, Belarus we Russiýa Bileleşiginiň Parlament Ýygnagyna, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetine wekilçilik edýän synçylaryň 63-si girdi.
Umuman, halkara synçylary Türkmenistandaky saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde, demokratik we bäsdeşlik esasynda geçendigini bellediler. Olar ilatyň saýlawlara gatnaşmakda işjeňligini aýratyn nygtadylar, munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň eziz Watanymyzda demokratik özgertmeleri mundan beýläk-de geçirmäge gatnaşmak höwesiniň uludygyna şaýatlyk edýär.
Şeýlelikde, beýan edilen maglumatlar boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Ahal welaýatynda saýlawçylaryň 96,24 göterimi, Balkan welaýatynda 96,15, Daşoguz welaýatynda 96,46, Lebap welaýatynda 96,43, Mary welaýatynda 96,94 we Aşgabat şäherinde 98,42 göterimi ses berdi. Tutuş ýurdumyz boýunça saýlawçylaryň 2987324-sinden 2888887 adam ýa-da umumy görkezijiden 96,70 göterimi ses berdi.
Saýlawlaryň jemleri boýunça “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň başlygy Kakageldi Abdyllaýew sesleriň 0,16 göterimini, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gökdepe etrabynyň pagta egriji fabriginiň direktory Saparmyrat Batyrow—0,19 göterimini, Daşoguz welaýatynyň häkminiň oba hojalygy boýunça orunbasary Rejep Bazarow—0,28 göterimini, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow—97,14 göterimini, Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň başlygy Esendurdy Gaýypow—0,06 göterimini, “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazdüýpliabatlaýyş” müdirliginiň dolandyryjysy Gurbanmämmet Mollanyýazow—0,08 göterimini, Türkmenistanyň energetika we senagat ministri Ýarmuhammet Orazgulyýew—1,02 göterimini we Türkmenistanyň suw hojalyk ministri Annageldi Ýazmyradow—1,07 göterimini aldylar.
Saýlawlaryň netijeleri şu gün irden Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde jemlendi. “Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakyndaky” kanunyň 51-nji maddasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw topary saýlawçylaryň sesleriniň köp bölegini (97,14 göterimini) alan dalaşgär Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edilendigini habar berdi.
O.Nyýazlyýew Merkezi saýlaw toparynyň agzalarynyň adyndan milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, geçen ählihalk saýlawlarynyň ýurdumyzyň ösüşinde möhüm waka bolandygyny we tütuş dünýä türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini, demokratik ösüşiň saýlanyp alnan milli ýoluna ygrarlydygyny görkezendigini ýene bir ýola nygtady.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlary taýýarlamaga we geçirmäge işjeň gatnaşan adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, O.Nyýazlyýewe ähli guramaçylyk çärelerini, şeýle hem saýlawlara taýýarlyk görmegiň we geçirmegiň barşyny ykjam seljermegi, eger bu babatda kemçilikler ýüze çykan bolsa, onda ýakyn wagtda saýlawlary geçirmegiň düzgünlerini kämilleşdirmek we olary halkara ölçeglerine gabat getirmek bilen bagly öz tekliplerini bermegi tabşyrdy. Bu teklipler jikme-jik öwreniler, eger olar maksada laýyk bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky meselä garalar.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy ählihalk saýlawlarynda ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy mynasybetli Mejlisiň deputatlarynyň adyndan gutlap, ähli halkyň döwlet Baştutanyny şunuň ýaly goldamagy Türkmenistanyň häzirki taryhy eýýamynda dogry ýol bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar diýip belledi.
Türkmenistanyň düýpli durmuş-ykdysady özgertmelerinde, çuňňur demokratik prosesleri ösdürmekde, olaryň kanunçylyk binýadyny berkitmekde, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny giňeltmekde, halkyň durmuş derejesini, onuň jebisligini ýokarlandyrmakda gazanan üstünlikleri, döwletiň halkara abraýynyň artmagy, ruhy gymmatlyklaryň we däpleriň dikeldilmegi ýurdumyzda şu gezekki geçirilen saýlaw möwsüminiň üstünligini şertlendirendigi nygtalyp geçildi. Mejlisiň Başlygy türkmenistanlylaryň öz milli Lideri bilen bitewüligini görkezen saýlawlaryň türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, döwletiň işlerini dolandyrmakda raýatlaryň ornuny ýokarlandyrmagyň, şol sanda olaryň ýurdumyzyň syýasy durmuşyna gatnaşmak bilen bagly bolan demokratik hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň ýolunda möhüm ädim bolandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanmagy mynasybetli milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Hökümetiň agzalarynyň adyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gutlap, bu wakanyň eziz Watanymyzyň garaşsyz ösüşiniň täze döwri üçin başlangyç nokady boljakdygyna ynam bildirdi.
Parasatly syýasatçynyň we döwlet işgäriniň mysalynda halkyň çuňňur ruhy güýjüni açmagy başaran milletiň Lideri türkmenistanlylary eziz Watanymyzyň bagtly geljeginiň hatyrasyna täze işlere ruhlandyrýar, bu gün ýurdumyzda jemgyýetiň ýaşaýyş durmuşynyň ähli ulgamlaryny ösdürmek üçin döredilýän giň mümkinçilikler we amatly şertler, olaryň dünýä derejesine çykarylmagy öz guwandyryjy oňaýly netijelerini berýär diýip, wise-premýer belledi.
Halkymyz öz Liderine tüýs ýürekden buýsanyp, onuň edýän aladasyny we ünsüni yzygiderli duýýar, çünki ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady Türkmenistanyň raýatlarynyň abadan, gurply, bagtly durmuşyny üpjün etmek, onuň ruhy taýdan ösmegini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bolup durýar. Bu maksatlar üçin döwletimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, ýurdumyzyň oba-kentlerini düýpli özgertmäge, senagat pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga, Watanymyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmäge ägirt uly serişdeleri goýberýär.
Bularyň hemmesi bizi ajaýyp geljegiň hatyrasyna tutanýerli zähmet çekmäge borçlandyrýar diýip, wise-premýer döwlet Baştutanyny öz egindeşleriniň geljekde hem Türkmenistany mundan beýläk-de ösen we kuwwatly döwlete öwürmek boýunça bellenilen beýik işleri we täze wezipeleri amala aşyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlamak üçin münbere barýar.
Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň netijeleri halkyň agzybirliginiň we milletiň Lideriniň türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, kanunçylygy we düzgün-tertibi berkitmegiň alamaty astynda amala aşyrýan täze özgertmeleriniň üstünliginiň aýdyň subutnamasy boldy diýip, Ý.Berdiýew aýtdy. Biz ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy bilen bir hatarda, döwletimiziň goranyş kuwwatynyň berkemeginiň, hukuk goraýjy we harby edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň maksadalaýyk täzelenmeginiň şaýatlary bolduk. Şonuň üçin biziň her birimiz kanuny hukuklarymyzdan peýdalanyp, öz halkymyz bilen bilelikde täze uly üstünliklere alyp barýan milli Liderimiz üçin ses berdik. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozalky saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamasynda goýlan wezipeleriň doly we aýdyň durmuşa geçirilmegi milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda has uly maksatlary gazanyp biljekdigimize her bir türkmenistanlyda uly ynam döretdi.
Döwlet Baştutany bu ýere ýygnananlara gutlag sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ähli raýatlaryna ýüzlendi. Ilki bilen, ýurdumyzyň saýlaw uçastoklaryna gelip, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşan hem-de meniň üçin, şeýle hem beýleki dalaşgärler üçin ses beren ähli adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin diýip, milletiň Lideri aýtdy. Geçirilen bu saýlawlaryň netijeleri biziň halkymyz we jemgyýetimiz üçin örän möhümdir, öz pikiriňi, döwlet derejesindäki möhüm meseleler boýunça şahsy garaýşyňy erkin beýan etmek ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen biziň her birimiziň raýatlyk hukugymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Elbetde, men Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda meni goldap, ses beren saýlawçylaryň ählisine aýratyn minnetdarlyk bildirmek isleýärin diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda 12-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemleriniň bäş ýyl mundan ozal geçirilen saýlawlaryň netijelerinden has ýokary bolandygy bizi guwandyrýar. Bu netijeler geçen bäş ýylyň dowamynda uly üstünlikleri gazanandygymyzy subut edýär we alyp barýan tutumly işlermiziň halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilendigine şaýatlyk edýär.
“Bu saýlawlarda mähriban halkymyň maňa bildiren uly ynamy meni galkyndyrýar we geljekde raýatlarymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri amala aşyrmaga bizi ruhlandyrýar” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Geçirilen saýlawlaryň netijeleri biziň soňky bäş ýylyň dowamynda amala aşyran oňyn özgertmelerimizi halkymyzyň doly goldaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen durnukly ösýändigini, döwletimiziň daşary syýasatda oňyn netijeleri gazanýandygyny, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanýandygyny görkezýär. Gazanylan bu üstünlikler berkarar Watanymyzyň kuwwatyny has-da pugtalandyrdy.
“Meni bu saýlawlarda halkymyzyň giňden goldamagy soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde amala aşyran işlerimiziň, gazanan üstünliklerimiziň netijesi diýip pikir edýärin—diýip, milletiň Lideri belledi.
-Geljek bäş ýylda hem mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de yzygiderli ösmegi ugrunda yhlas bilen, tutanýerli zähmet çekjekdigime, ýurdumyzyň Hökümetiniň we Howpsuzlyk geňeşiniň, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň netijeli we üstünlikli işlemegi üçin ähli zerur çäreleri amala aşyrjakdygyma sizi ynandyrýaryn”.
Biz geljekde hem ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda, berkarar Watanymyzda raýatlaryň ähli hukuklaryny hem-de azatlyklaryny doly we gyşarnyksyz berjaý ederis diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda köp partiýalylyk ulgamyny, şeýle hem bazar gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleri dörederis. Biz raýat jemgyýetini yzygiderli pugtalandyrarys, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemegi we erkin ösmegi üçin zerur bolan ähli işleri geçireris. Biz ýurdumyzda neşekeşligi we beýleki ýaramaz endikleri düýp-teýkary bilen ýok etmek üçin barlyşyksyz göreş alyp bararys. Alyp barýan daşary syýasatymyzda hem hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza esaslanyp, dünýä bileleşiginde Garaşsyz Watanymyzyň milli bähbitlerini yzygiderli gorap çykyş ederis diýip, milletiň Lideri aýtdy.
Biz ýurdumyzda senagaty yzygiderli ösdüreris. Öňdebaryjy, täze tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyryp, Watanymyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin geljekde hem ähli zerur çäreleri göreris. Eziz Diýarymyzy ösdürmek boýunça amala aşyrjak tutumly işlerimiziň ählisini öňümizde duran esasy maksadymyza ýetmäge, ýagny ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdireris.
“Men öz öňümizde duran wezipeleriň ählisini üstünlikli durmuşa geçirjekdigimize berk ynanýaryn!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda aýtdy. Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu günki bilelikdäki mejlisini tamamlap, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk we abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.