Ï Ýurdumyzda täze binalaryň nobatdaky açylyş dabaralary boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda täze binalaryň nobatdaky açylyş dabaralary boldy

view-icon 496
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň baýram edilmeginiň öň ýanynda welaýatyň dürli etraplarynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen görlüp-eşidilmedik möçberlere eýe bolan we welaýatlaryň hem-de tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmak maksatnamasynyň aýdyň miwelerine öwrülen täze binalaryň nobatdaky açylyş dabaralary boldy.

Milli baýramçylyklaryň öňüsyrasynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde durmuş-ykdysady maksatly desgalaryň birbada tutuş tapgyryny ulanmaga bermek öňat däbe öwrüldi. Bu desgalar bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň", “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda durmuşyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Sakarçäge etrabynda şu gün möhüm desgalaryň birbada ikisiniň – 1500 tomaşaçy orunlyk stadionly iri sport toplumynyň we 365 orunlyk sport mekdebiniň açylyş dabaralary boldy.

Welaýat, etrap we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçiligiň, ýaşuly nesliň, ýaşlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen açylyş dabaralary ýokary ruhubelentlik, şähdaçyklyk häsiýete eýe boldy. Türgenleriň görkezme çykyşlary we çeper höwesjeňleriň watançylyk ruhundaky aýdymlary bu wakalara ýakymly öwüşgün çaýdy.

Desgalaryň birinjisi sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary ýokary derejede geçirmek üçin we saglygyňy berkitmek maksady bilen dürli maşklar bilen meşgullanmaga ähli şertler döredilen toplumdyr. Futbol meýdançasy we ylgaw ýodajyklary bolan stadion desganyň esasy bölegini tutýar. Onuň münberiniň aşagyndaky jaýlarda myhmanhana, lukmançylyk, eminler üçin we edara otaglary ýerleşýär. Tennis, woleýbol, kiçi futbol, basketbol oýnamak üçin ýörite açyk meýdançalar abzallaşdyrylypdyr. Topluma ýanaşyk ýerler ýörite yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edilipdir.

365 orunlyk sport mekdebi bolsa döwrebap timarlaýyş serişdeleri ulanylyp, häzirki döwruň talaplaryna doly laýyk gelýän görnüşde bina edilipdir. Bu ýerde çagalara we ýaşlara sport ussatlygynyň tälimlerini öwretmek we köpçülikleýin ýaryşlary geçirmek üçin ähli şertler döredilipdir. Merkezde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga niýetlenen uly zal, boks, göreş, agyr atletika, küşt we sportyň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zerur abzallar hem-de ýörite gurallar bilen üpjün edilen türgenleşik zallary bar. Mekdepde şeýle hem tälimçiler üçin otaglar, lukmançylyk nokady, durmuş hyzmatlar toplumy, özbaşdak işleýän suw, ýyladyş we energiýa üpjünçilik ulgamy göz öňünde tutulypdyr. Mekdebiň çäginde abadanlaşdyrylan, yşyklandyrylan we gök meýdançaly açyk sport meýdançasy ýerleşýär. Bir söz bilen aýdylanda, bu ýerde ýaş türgenleriň öz ussatlyklaryny kämilleşdirmegi üçin ähli zerur şertler bar.

Baýramaly şäherinde bolsa şu gün ýaşlaryň täze bilim we döredijilik ojagyna öwrüljek 500 okuwçy orunlyk mekdep ulanmaga berildi. Açylyş dabarasy däp boýunça ajaýyp, ýatda galyjy baýramçylyga öwrüldi. Baýramçylyk görnüşinde bezelen mekdebiň öňündäki meýdança köp sanly myhmanlar ýygnandy. Bu ýerde aýdym-saz ýaňlandy, döredijilik toparlary özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler.

Täze mekdep okuw binasyny, sport toplumyny, kömekçi desgalaryny we inžener-tehniki ulgamlary öz içine alýar. Oňa ýanaşyk ýerler gök meýdançalar bilen gurşalypdyr. Okuw binasynda okuwçylaryň hemmetaraplaýyn bilim almaklary we döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Başlangyç bilim berýän synplary hem hasaba almak bilen, ähli synp otaglary, dersler boýunça ýöriteleşdirilen otaglar hem-de barlaghanalar häzirki zaman multimediýa tehnolgiýalary we döwrebap kompýuterler hem-de okuw esbaplary bilen üpjün edilipdir. Mekdepde daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglary, himiýa, fizika, biologiýa boýunça ýöriteleşdirilen synplar, informatika otaglary we beýlekiler bar. Okuwçylaryň ygtyýarynda uly okalga zally kitaphana, saz, tans sungaty, şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri we milli amaly-haşam sungaty bilen meşgullanmak üçin giň otaglar bar.

Okuw binasynyň toplumynda maslahatlar zaly, “Galkynyş” otagy, mugallymlar, işgärler üçin otaglar, lukmançylyk nokady ýerleşýär.

Okuw-terbiýeçilik işlerinde ýaşlaryň beden taýdan taýýarlygy möhüm ähmiete eýedir. Bu maksatlar üçin durli maşklary etmek üçin sport abzallary, türgenleşik gurallary bilen enjamlaşdyrylan zal, futbol, woleýbol we basketbol oýnamak üçin meýdançalar göz öňünde tutulypdyr. Mundan başga-da, mekdebiň çäginde tomusky sport meýdançalary hem gurnalypdyr.

Dabaralara gatnaşyjylar milletiň Liderine çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, durmuş maksatly täze desgalaryň ulanmaga berilmeginiň türkmenistanlylaryň durmuş hal - ýagdaýyny we ýaşaýşynyň hilini hemmetaraplaýyn gowulandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysalydygyny aýratyn nygtadylar. Bellenilişi ýaly, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüp gelýän ýaş nesil hakynda edýän aýratyn tagallasy netijesinde ýurdumyzda olaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär. Okatmagyň dünýä tejribesine daýanyp, milli bilim ulgamynda geçirilýän düýpli özgertmeler, ýaş nesle döwrebap terbiýe bermek ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çalt depginler bilen gurulýan täze görnüşli, ýokary

halkara ülňülerine doly laýyk gelýän mekdeplerde we sport desgalarynda öz beýanyny tapýar.

Dabaralarda iň gowy gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Täze binalaryň açylyş dabaralary mynasybetli, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakalary berildi.