Ï Ýurdyň demirgazyk sebtindäki täze gurluşyklar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdyň demirgazyk sebtindäki täze gurluşyklar

view-icon 638
Daşoguz welaýatynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalary, şäherçeleri, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli Milli maksanamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde bilim we durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygy barha giň gerime eýe bolýar. Eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalaryň güýji bilen, häzirkizaman taslamalaryň nusgalary boýunça mekdepleriň, sport desgalarynyň we beýleki binalaryň gurluşygy alnyp barylýar.

Oba ýerlerinde häzirkizaman durmuş infrastrukturasynyň emele gelmegine aýratyn üns berilýär. Meselem, Görogly etrabynyň «Ýagtylyk» geňeşliginde 420 orunluk we 320 orunlyk orta mekdepleriniň binalary gurulýar. Taslama boýunça iň häzirki zaman multimediýa we kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen synp otaglary, zähmet okuwy üçin niýetlenen ussahanalar, kitaphanalar, sport zallary we beýleki kömekçi jaýlar göz öňünde tutulandyr.

S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň S.Rozmetow adyndaky geňeşliginiň çäklerinde ýene-de bir 600 orunlyk mekdebiň täze binasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Köneürgenç etrabynyň «Maslahat» geňeşliginde 100 orunlyk çagalar bagynyň gurluşygy hem barha gyzyşýar. Bu ýerde ýagty we giň oýun hem-de okuw otaglary, kompýuter klaslary, çagalaryň gyzyklanmasy we döredijiligi boüunça sapak geçer ýaly jaý, saz we aýdym zallary bolar. Çagalar bagynyň tutýan meýdanynyň çäklerinde sport we oýun oýnamaga niýetlenen meýdançalar, dynç almak üçin telärler ýerleşer.

Daşoguz welaýatynda durmuş-medeni maksatly beýleki desgalaryň hem birnäçesiniň gurluşygy alnyp barylýar. Hususanda, S.A.Nyýazow adyndaky etrap merkezinde 200 orunlyk Medeniýet öýüniň binasy gurulýar. Görogly etrabynda 1500 tomaşaça niýetlenen stadion bilen bilelikde sport toplumy, Daşoguz şäherinde bolsa, täze sport mekdepleri gurulýar. Şeýle hem welaýat merkezinde bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň hem-de «Garaşsyzlyk» stadionynyň durky täzelener.

Ýurdyň demirgazyk welaýatynyň şäherlerinde, etrap merkezlerinde we obalarynda ýeňillikli ipoteka karzynyň serişdeleriniň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň köpçülikleýin gurluşygy dowam etdirilýär.