Adam bilen biosferanyň özara baglanyşygy, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak bu günki gün iň möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Bu babatda dünýä möçberde ýagdaýlara ep-esli täsirini ýetirýän howanyň üýtgemek meselesi öňe çykýar.
Ýer ýüzünde howanyň üýtgemeginiň dünýä ykdysadyýetine we adamzadyň gelejegine edýän täsirini soňky döwürde geçirilen barlaglar görkezýär.
BMG-nyň Çarçuwaly konwensiýasyna howanyň üýtgemegi boýunça maslahatynyň 17-nji mejlisinde parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça Kiýot teswirnamasynyň hereket etmeginiň möhleti 2020-nji ýyla çenli uzaldyldy. Mälim bolşy ýaly, Kiýot teswirnamasy parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak ýa-da möçberlerini çäklendirmek boýunça ýurtlary borçly edýär.
Bu 2011-nji ýylyň ahyrynda Durban şäherinde (GAR) howanyň üýtgemegi boýunça geçirilen halkara maslahatynyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy. Onda Türkmenistanyň wekilýeti bu meseleleri çözmeklige işjeň gatnaşjmaga taýýardygyny tassyklady we Türkmenistanyň howanyň üýtgemeginiň netijelerini milli, sebit we dünýä derejesinde howanyň üýtgemeginiň netijelerini saklamak boýunça başlangyçlary bilen halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni ýene-de bir gezek özüne çekdi. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde aýdyldy. Onda Türkmenistanyň Baştutany dünýä jemgyýetçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etjek «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini beýan etdi, şeýle hem Aşgabatda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça Sebitara merkezi döretmegi teklip etdi.
Dünýä boýunça howanyň üýtgemegi suw serişdeleriniň hiline, biosferanyň ýagdaýyna täsir edýär, oba hojalygyny alyp barmagyň we ýerden peýdalanmagyň täze usullaryny kesgitleýär. Howanyň üýtgemeginiň netijelerini ýeňilleşdirmäge we zyýanly bug gazlarynyň atmosferada toplanmagyny durnuklaşdyrmaga gönükdirilen howanyň üýtgemegi hakynda BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasy we Kiot teswirnamasy ekologiýa boýunça ХХ asyryň iň iri halkara ylalaşyklary boldy.
2009-njy ýylda Türkmenistanda Kiot teswirnamasynyň arassa ösüş usuly boýunça milli guramasy - Pudagara döwlet topary döredildi. Onuň ygtyýarlyklaryna arassa ösüş usulynyň çäklerinde ýurtda bugly gaz zyňyndylarynyň möçberini azaltmak boýunça dürli çäreleri geçirmek işleri degişlidir. Netijede häzirki wagtda arassa ösüş usuly taslamalarynyň ilkinji dördüsi işlemek üçin taýýar edildi.
Türkmenistan ugurdaş iş alyp barýan halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Olaryň arasynda howanyň üýtgemegi we sebit möçberinde howanyň üýtgemegi boýunça toplanan maglumatlary ylmy taýdan seljermek boýunça hökümetara seljeriş toparlary bar. Türkmenistan bu ugurda, şeýle hem BMG, Ýewropa Bileleşigi , Daşky gurşawy goramak boýunça ählimumy maksatnamasy, Araly halas etmek boýunça halkara gaznasy ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýär, BMG-iň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, bütündünýä meteorologiýa guramasynyň , Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň, ÝUNESKO-yň, Howa boýunça bütündünýä maksatnamasynyň, howanyň üýtgemegi boýunça barlaglaryň bütündünýä maksatnamasynyň, howa gözegçilik etmegiň ählimumy ulgamynyň maksatnamasynyň işlerine gatnaşýar.
Döwletiň geçirýän iri möçberli çärelerinden başgada ýurda daşary ýurt maýalaryny we häzirkizaman tehnologiýalaryny çekýän bilelikdäki tebigaty goraýyş taslamalary amala aşyrylýar. Bug zyňyndylaryny azaltmak boýunça taslamalar esasan gazylyp alynýan ýangyçlaryň-nebitgaz serişdeleriniň öndürilýän we sarp edilýän ýerlerinde oba hojalyk, hyzmat ediş pudaklarynda we galyndylary ýok etmek boýunça geçirilýän çärelerde jemlenendir. Energiýany sarp etmek we tygşytlamak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreler geçirilýär. Atmosferadaky kömürturşy gazyny tebigy biologiki usulda özüne siňdirýän tokaý zolaklaryny döretmek hem-de topragyň zaýalanmagyna garşy geçirilýän işler bilen baglanyşykly çäreler döwlet derejesinde alnyp barylýan iň iri möçberli we täsirli wezipeleriň biridir. Tokaý zolaklaryny döretmekde Türkmenistanyň milli tejribesi aýratyn häsiýete eýedir we daşky gurşawy goramakda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan tagallanyň ajaýyp nusgasy hökmünde uly üns berilmeginde we görelde alynmagy üçin ýaýradylmagyna mynasypdyr. Medeni we tebigy çäklerde tokaý-seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi bioköpdürlüligi gorap saklamakda hem-de çölleşmäge garşy göreşde netijeli ýardam berýär.
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler gaýtadan dikeldilmeýän tebigy we mineral serişdelerini rejeli peýdalanmak, ylmy-tehniki gazanylanlaryň binýadynda ilatyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak, häzirki we geljekgi nesilleriň abadançylygynyň hatyrasyna ýurduň tebigy toplumyny aýawly saklamak bilen ykdysadyýeti okgunly ösdürmek we durmuş ulgamyny kämilleşdirmek meselelerini hem öz içine alýar. Bu türkmen halkynyň mentalitetine, medeniýetine we gadymy däp-dessurlaryna laýyk gelýär, hem-de BMG-iň 1992-nji ýylda Rio -de -Žaneýro şäherinde geçirilen maslahatynda kabul edilen durnukly ösüş boýunça taglymlary bilen sazlaşýar.
Ýer ýüzünde howanyň deňagramly derejesini dikeltmäge gönükdirilen tagallalar- BMG-iň howandarlygy bilen RIO+20 ady bilen geçirilýän soňky ýyllaryň iň iri forumynyň gün tertibiniň esasy meselesi bolar. Ol şu ýylyň iýun aýynda Rio-de-Žaneýroda (Braziliýa) geçiriler. Onda biziň ýurdumyzyň wekiliýeti hem adamzadyň gelejegi bilen göniden-göni baglanyşykly häzirki eýýamyň iň möhüm meselelerini çözmeklige gatnaşar. Forumda ykdysadyýetde we durmuş ulgamlarynda şeýle hem daşky gurşawy goramakda durnukly ösüş baradaky pikir alyşmalar forumyň gün tertibiniň esasy meseleleri bolar.