Uçarman-kosmonawt, Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko, mälim bolşy ýaly, türkmen topragynda doguldy. Ol öz wagtynda “Prezidentiň Ýyldyzy” ordeni bilen sylaglandy, bu sylagy oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi gowşurdy. Halkara älem gämisinde birinji uçuşynyň barşynda O.Kononenko öz ýany bilen orbita ata Watanynyň mukaddes nyşanlary hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Prezidentiň Tuguny we uly bolmadyk türkmen halysyny alyp gitdi, Ýere gaýdyp gelenden soň olary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa gowşurdy.
Häzirki wagtda Oleg Kononenko Halkara älem gämisinde nobatdaky uçuşda bolup, şol ýerden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli wideo gutlagyny iberdi.
Hormatly jenap Prezident!
Kosmonawtlar orbital iş saparynda bolsalar hem, ýerde bolup geçýän wakalardan üzňe däldir. Meniň üçin eziz ýurdum bolan Türkmenistanda bolup geçýän wakalar hemişe möhüm bolup durýar.
Siziň saýlawlarda üstünlik gazanmagyňyza tüýs ýürekden umyt etdim. Ynha, indi bolsa Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine ikinji möhlete saýlanmagyňyz bilen gutlamak mümkinçiligine örän şatdyryn.
Her bir kosmonawt özüniň äleme ilkinji uçuşyna taýýarlyk görmegiň we ony amala aşyrmagyň näderejede çylşyrymlydygyny bilýär. Häzir eýýäm äleme uzak möhletleýin ikinji iş saparymda bolmak bilen, ikinji uçuşyň hem birinji uçuşdan aňsat däldigini we jogapkärlidigini aýdyp biljek. Siziň öňüňizde hem birinji Prezidentlik möhletine garanyňda indi has çylşyrymly we jogapkärli wezipeler durýar diýip pikir edýärin. Şeýle bolsa-da, men Siziň parasatly syýasatçynyň baý tejribesini toplamak we halkara abraýyna eýe bolmak bilen, näderejede çylşyrymly bolsa-da, islendik wezipäniň hötdesinden abraý bilen gelip biljekdigiňize çuňňur ynanýaryn.
Siz Türkmeniswtanyň halkynyň hormatyny gazandyňyz, Siz ýurduň ykdysady kuwwatynyň ep-esli artmagyny, dünýä bileleşiginiň hoşniýetli goldawyny gazanmagy başardyňyz.
Men Siziň bilen tanyşlygyma buýsanýaryn we Ýere dolanyp baranymda, Sizi ýene bir gezek gutlap biljekdigime umyt edýärin.
Size berk jan saglyk we öz ýurduňyza, öz halkyňyza wepaly we parasatly gulluk etmäge bagyşlanan uzak ömri tüýs ýüregimden arzuw edýärin.
Goý, Siziň ýoluňyz ak we üstünlikli bolsun!
Halkara älem gämisinden – uçarman - kosmonawt Oleg Konenenko.