Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

view-icon 569
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary biri-biri bilen mähirli, doganlarça salamlaşdylar, saglyk we bagt baradaky iň ýürekdeş arzuwlaryny aýtdylar. Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçysy türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine täze möhlete saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, jogapkärli döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşler türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha berip, ozal gazanylan ylalaşyklary we özara gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol gatnaşyklar häzirki zaman taryhy eýýamda täze many-mazmuna eýe boldy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül taraplaryň köp asyrlyk dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny geljekde-de gyşarnyksyz ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere daýanýan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga çemeleşmeleri ylalaşdylar.

Söhbetdeşler syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ugurlarda türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljegine ýokary baha berip, iki dostlukly ýurduň sebitiň haklarynyň rowaçlygyna we abadançylygyna hyzmat edýän täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge çalyşýandygyny bellediler.

Söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljekde-de ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, soňky ýyllarda yzygiderli häsiýete eýe bolan ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň we gepleşikleriň, şeýle hem hökümet hem-de parlament derejesinde wekiliýetleri alyşmagyň ähmiýetini bellediler.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy şu aýda Türkiýe Respublikasyna sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkmen döwletiniň Baştutany bu teklibi minnetdarlyk bilen kabul etdi. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça saparyň möhletleri diplomatiki ugurlar boýunça ylalaşylar.

Söhbetdeşler gadymdan bäri iki halky baglanyşdyrýan doganlygyň we hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň bähbidi üçin üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül hoşlaşanlarynda, türkmen we türk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.