Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy.
Öz köne dostuny we kärdeşini mübärekläp, belarus lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy 12-nji fewaralda geçirilen saýlawlarda gazanan üstünligi we şu gün wezipesine girişmegi mynasybetli gutlady we türkmen döwletiniň Baştutanynyň wezipesinde alyp barýan ägirt uly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Milletiň Lideri mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, iki döwletiň hem-de dostluk we deňhukuklylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary bilen bagly bolan doganlyk halklaryň arasnydaky gatnaşyklaryň ýokary derejesini belledi. Nygtalyşy ýaly, halkara durmuşynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň ýakynlygy Türkmenistana we Belarus Respublikasyna diňe ikitaraplaýyn görnüşde däl-de, eýsem iri halkara düzümleriň we guramalaryň çäklerinde köp taraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýär.
- Biz Türkmenistanda Belarus Respublikasy bilen gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de biziň netijeli hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýarys – diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Öz belarus kärdeşine türkmen-belarus gatnaşyklaryny üstünlikli ösdürmäge goşan uly goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutany iki ýurduň we halklaryň arasynda bar bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Döwletara gatnaşyklaryna täze depgin we many - mazmun bermäge özara islegiň bardygyny tassyklap, söhbetdeşler uzak möhletleýin, özara bähbitli esasda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko hoşlaşanlarynda, birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, türkmen we belarus halklaryna başy başlanan ägirt uly özgertmeler ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdiler.