Ï Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

view-icon 633
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň birek-birege hormat goýmaga, deňhuklylyk we ösüşe çalyşmaga esaslanýan dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna gyşarnyksyz ygrarly bolup galýandyklaryny tassykladylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ýene-de saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, Ilham Aliýew türkmen halkynyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde üstünlikler arzuw etdi.

Gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem Azerbaýjanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda goňşy döwletleriň baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän beýleki käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň liderleri türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ýokary derejede ynanyşmak we özara düşünişmek häsiýetine eýedigini kanagatlanmak bilen belläp, ikitaraplaýyn derejede, şeýle hem halkara guramalarynyň çäklerinde ähli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge we ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklaryny iki ýurduň mümkinçiliklerine laýyklykda ösdürmek üçin ýokary we hökümetara derejesinde yzygiderli gatnaşyklaryň möhümdigi bellenildi.Şeýle hem ikitaraplaýyn medeni-gumanitar gatnaşyklary, bilim, ylym we amaly barlaglar ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň doganlyk halklaryna bolsa bagt we abadançylyk arzuw etdiler.