Ï Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

view-icon 622
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Ukrainanyň baştutany öz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp,

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmagy we öz wezipesine girişmeginiň şu gün bolan resmi dabarasy bilen gutlady. Bellenip geçilişi ýaly, türkmen Lideriniň giň bäsdeşlik esasynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy iň ýagty umyt-arzuwlaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşdyrýan türkmenistanlylaryň ählihalk söýgüsiniň hem-de ýokary ynam bildirmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.

Döwlet Baştutany mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, däp bolan türkmen-ukrain dostlukly gatnaşyklarynyň häzirki wagtda barha uly depginli häsiýete eýe bolýandygyny we özara hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň we açyklygyň ýokary derejesi bilen häsiýetlenýändigini belledi.

--Biz Ukrainany ýürekdeş dost we ynamly hyzmatdaş, sebitleýin we global syýasatyň möhüm meseleleriniň köpüsini çözmekde pikirdeş hasaplaýarys hem-de däp bolan döwletara dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýäris—diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtamak bilen, Ukraina öňde boljak döwlet saparynyň iki döwletiň özara gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhynda möhüm tapgyr boljakdygyna hem-de oňa täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Söhbetdeşler iki ýurduň ähli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap,

ýokary we döwletara derejesinde yzygiderli duşuşyklaryň öňden gelýän berk dostluk we özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlyk esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga gönüden-göni ýardam etjekdigini bellediler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Wiktor Ýanukowiç hoşlaşanlarynda, birek-birege, ýene-de bir gezek abadançylyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikler barada iň mähirli arzuwlaryny aýtdylar, iki doganlyk ýurduň halklaryna parahatçylyk, durnuklylyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.