Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Özbegistanyň baştutany türkmen Liderini Türkmenistanyň Prezidentiniň
saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanandygy we wezipesine girişmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde täze görnükli üstünlikleri arzuw etdi. Prezident
Islam Karimow Özbegistan Respublikasynyň goňşy Türkmenistan bilen däp bolan dostluk gatnaşyklaryna we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmuna eýe bolýandygyny we şunda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly hyzmatynyň bardygyny belledi.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gutlagy we hoşniýetli sözleri üçin öz özbek kärdeşine minnetdarlyk bildirip, köp ýyllaryň dowamynda doganlyk türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mäkäm hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we goldaw bermek gatnaşyklaryna esaslanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň bar bolan ýokary derejesiniň, şeýle hem halkara durmuşynyň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň hem-de çemeleşmeleriniň ýakyndygynyň geljekde-de dürli ugurlarda oňyn döwletara gatnaşyklary üçin mäkäm esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda goňşy döwletleriň baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşyp, türkmen we özbek halklarynyň taryhy taýdan emele gelen ruhy we medeni umumylygyna esaslanan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek hem-de gumanitar gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşýandygy üçin özbek kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini aýdyp, Türkmenistanda Özbegistan Respublikasy bilen özara bähbitli dostluk gatnaşyklaryny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.
Söhbetdeşler hoşlaşanlarynda, turuwbaşdan hoşniýetli erk-isleg, oňynlyk, deňhukuklylyk ýörelgelerinde guralýan hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň we doganlygyň bozulmaz gatnaşyklaryna daýanýan türkmen-özbek gatnaşyklarynyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege saglyk we üstünlikler, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.