Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidentiniň öz wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäre boldy
Şu gün türkmen paýtagtynda, Maslahat köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidentiniň öz wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäre boldy. Bu gün eziz Watanymyzyň häzirki zaman taryhyna täze möhüm waka hökmünde girip, ol parahatçylygyň, abadançylygyň, döretmegiň ýoly bilen ynamly öňe barýan hem-de bu ýolda ägirt uly üstünlikleri gazanan ýurdumyzda demokratik özgertmeleriň dolanuwsyzlygyny alamatlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň öz erk-islegini beýan etmegi bilen milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow gaýtadan Türkmenistanyň Prezidentligine saýlandy. Täze taryhy eýýamyň uly üstünlikleri we ýeňişleri hut hormatly Prezidentimiziň ady we işleri bilen aýrylmaz baglydyr hem-de milli Liderimiziň öňdengörüjilikli täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň hemmetaraplaýyn okgunly ösmegini, eziz Watanymyzyň dünýä ýüzünde uly abraý gazanmagyny şertlendirdi.
Ajaýyp Maslahat köşgünde ählumumy ruhubelentlik ýagdaýy höküm sürýär. Bu ýerde ähli zat dabaraly çäräniň başlanmagyna taýýar edildi, dabara gatnaşyjylaryň arasynda Mejlisiň Başlygy we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular bar. Ajaýyp zalyň içinde biziň ýurdumyzda resmi taýdan işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri bar. Dabara gatnaşyjylaryň arasynda ýurdumyzyň we daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, türkmen we daşary ýurtly işewürler, şol sanda paýtagtymyza ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen köp sanly myhmanlar bar. Hemmeler dabaranyň başlanmagyna tolgunmak bilen garaşýarlar.
Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidentiniň öz wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäräniň milli telewideniýäýniň ýaýlymlary boýunça göni alnyp görkezilmegi bellärliklidir. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde türkmenistanlylaryň millionlarçasy, hemra arkaly görkezilmegi netijesinde bolsa daşary ýurtlarda ýaşaýan köpsanly teletomaşaçylar bu taryhy wakanyň şaýatlary boldular.
... Sagat 10.00. Maslahat köşgüniň zalyna ýygnananlar Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy— türkmen halkynyň öz Watanynyň geljegini ynanan milli Liderini dik durup, şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Türkmen döwletiniň Baştutany 2012-nji ýylyň saýlawlarynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine görkezilen dalaşgärler bilen bilelikde zala girýär. Bu ýagdaý türkmen jemgyýetinde höküm sürýän agzybirlik, ylalaşyk we watançylyk ruhunyň aýdyň nyşany bolup durýar. Döwlet Baştutany we saýlawlarda onuň bäsdeşleri bolan, indi bolsa eziz Watanymyza we türkmen halkyna gulluk etmek ýaly asylly işde egindeşleri özleri üçin birinji hatarda bellenilen ýerlere geçip oturýarlar.
Sahna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa çykýar. Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidentiniň öz wezipesine girişmegi mynasybetli dabarany açyk diýip, dabaraly ýagdaýda yglan edýär.
Maslahat köşgüniň zalynda ýygnananlaryň kalplaryny Garaşsyz, Bitarap Watana bolan buýsanç duýgusy bilen gurşap alan Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň netijelerini yglan etmek üçin, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy O.Nyýazlyýewe söz berilýär.
Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, biziň ýurdumyzda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda Prezident saýlawlary hereket edýän milli kanunçylyga we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda guramaçylykly, giň bäsdeşlik esasynda, açyklyk we aýdyňlyk, baýramçylyk ýagdaýynda geçdi diýip belledi. Saýlawçylaryň ýokary raýat işjeňligi bilen tapawutlanan bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre türkmen halkynyň agzybirlik we jebislik, hakyky watançylyk we demokratiýa ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady.
Saýlawlaryň jemlerini mälim etmek bilen O.Nyýazlyýew ses bermegiň netijeleri boýunça saýlawçylaryň sesleriniň köp bölegini, has takygy 97,14 göterimini alan Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.
Dabara gatnaşyjylar dik durup, Türkmen döwletiniň täze saýlanylan Baştutanyny şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Zala ýygnananlar bilelikde “Jan Watanym—Türkmenistan!” diýip joşgunly seslenýärler.
Dabaranyň esasy wakasy başlanýar: Hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýöriş sazynyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň tuguny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we mukaddes Gurhany getirýärler.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Maslahat köşgüniň sahnasyna uly hormat bilen çagyrylýar.
Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýörüte oturdylan münbere barýar, çep elini Türkmenistanyň Konstiutsiýasyna goýup, Watana we halka dabaraly kasam edýär:
«Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek bilen:
- öz üstüme ýüklenen beýik borçlary mukaddes we ak ýürekli, hormat bilen we ýadawsyz ýerine ýetirmäge;
- döwlet garaşsyzlygyny we Türkmenistanyň bitaraplyk hukuk derejesini goramaga;
- adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamaga we goramaga;
- Türkmenistanyň Konstitusiýasyny berjaý etmäge we goramaga;
- ähli güýjümi we ukybymy türkmen halkynyň agzybirligine, onuň parahat durmuşyny goramak üçin bagyş etmäge;
- türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň şöhratyny has-da belende götermekleri üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanmaga;
- türkmen halkyna wepaly we dogruçyl hyzmat etjekdigime dabaraly kasam edýärin».
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidentini şowhunly elçarpyşmalar bilen mübärekleýärler.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde baş egýär we Watanyň mukaddes baýdagynyň aşaky gyrasyny öpüp, togap edýär.
Soňra sahna Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy O.Nyýazlyýew hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtyna wekilçilik edýän ýaşulularyň altysy gelýär. Merkezi saýlaw toparynyň başlygy hem-de ýaşuly nesliň wekilleri dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanyna tutuş türkmen halkynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň şahsyýetnamasyny gowşurýarlar.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň Başlygy döwlet Baştutanyna ýüzlenip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegi bilen gutlaýar we ýokary döwlet wezipesinde alyp barjak köpugurly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýär.
Soňra köşge ýygnananlaryň öňünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözleýär.
Bu ýere ýygnananlara ýüzlenmek bilen, milletiň Lideri hemmelere türkmen döwletiniň Baştutanynyň wezipesine girişmeginiň dabarasyna gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de olara berk jan saglyk we üstünlikler, bagt we abadançylyk arzuw etdi.
Biz şu gün örän dabaraly we şol bir wagtyň özünde jogapkärli pursady başdan geçirýäris diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş türkmen halkyna bildiren ýokary ynamy—Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine ikinji möhlete saýlandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini aýtdy.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşan adamlara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Olar bu saýlawlarda ýeňiş gazanmak üçin köp yhlas etdiler, saýlawlaryň öň ýanyndaky bäsleşik döwrüniň ähli tapgyrlaryny ak ýürekli, medeniýetli we ýokary tutanýerlilik bilen geçdiler hem-de özleriniň ýolbaşçy bolmaga mynasyp adamlardygyny görkezdiler diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Berkarar Watanymyz şu gün öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy diýip, Türkmenistanyň Prezidenti sözüni dowam etdi. Ýurdumyzyň yzygiderli ösüşini üpjün eden jebislige, asudalyga we agzybirlige daýanyp, ýetilen sepgitlere, gazanylan ajaýyp üstünliklere esaslanyp, biz öz öňümizde täze, has belent wezipeleri goýduk diýip, döwlet Baştutany belledi.
Men Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde 2012-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda eden maksatnamalaýyn çykyşymda ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda öňümizde durýan jogapkärli wezipeler barada öz garaýyşlarymy beýan etdim, biziň amala aşyrmaly, innowasion ösüşe, ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanýan giň gerimli işlerimiziň ileri tutulýan ugurlaryny, anyk kesgitledim diýip, milletiň Lideri belledi.
Şeýle hem, bu jogapkärli wezipeler biziň kabul eden Obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamamyzda hem-de «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» öz aýdyň beýanyny tapdy diýip aýtmak bilen, döwlet Baştutany bu wezipeleriň mähriban halkymyzyň uly goldawy we yhlasy bilen, tutanýerli zähmet çekip, üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi. Biziň bu belent maksatlara ýetmegimiz eziz Diýarymyzda her bir raýatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, halkymyzyň eşretli we bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna agzybirlik bilen işjeň gatnaşyp, özi üçin seslerini beren saýlawçylaryň ählisine ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutany özüne bildirilen bu uly ynamy ödemek üçin ähli gujur-gaýratyny, bilimini, tejribesini we başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Şan-şöhrata beslenen ata-babalarymyzyň «Ýoly ýörän ýeňer!» – diýen çuň manyly pähimi bar diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi we halkymyzyň köp asyrlyk däplerinden gözbaş alyp gaýdýan bu parasatly sözleri bäş ýyl mundan öň bolşy ýaly, ýene-de bir gezek gaýtalamak isleýändigini belledi.
“Men öz merdana halkyma, onuň ajaýyp döredijilik güýjüne we egsilmez mümkinçiliklerine, bagtyýar we nurana geljegine pugta ynanýaryn - diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady. --Şonuň üçin hem, mähriban halkym bilen bilelikde, agzybirlikde we jebislikde el-ele berip, ak ýol bilen ynamly öňe gidip, öňümizde goýan belent maksatlarymyza ýetjekdigimize ynanýaryn!”.
“Ýaşasyn merdana halkymyzyň dowamaty! Ýaşasyn türkmen halky! Ýaşasyn jan Watanym, Türkmenistan!” – diýen sözler bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi mynasybetli geçirilen dabarada eden çykyşyny tamamlady.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we ählumumy dowamly erçarpyşmalar bilen garşylandy.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredowa söz berilýär.
Hakyky demokratik esasda, giň bäsdeşlik, erk-islegiňi erkin beýan etmek we açyklyk ýörelgelerinde geçen Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlary ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar, bu taryhy waka türkmen halkynyň saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň subutnamasy boldy diýip, ol belledi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty anyk maksatlara esaslanyp, döwlet Baştutanynyň ähli işleri halkyň bähbidini, eziz Watanymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň halky öz ýagty geljegini öz Prezidenti bilen üznüksiz baglanyşdyrýar, oňa tüýs ýürekden buýsanýar.
Ol milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy ählihalk tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine saýlanylmagy we wezipesine girişmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýar we döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edýär. Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidenti tarapyndan tassyklanylýança, Türkmenistanyň hökümetiniň agzalarynyň wezipe ygtyýarlyklaryny tabşyrýandyklaryny habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklarynyň tabşyrylmagyny kabul edip, hökümetiň agzalaryna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklanylýança öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi tabşyrdy.
Zalyň sahnasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa çykýar. Ol bu ýere ýygnananlaryň we tutuş türkmen halkynyň adyndan döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanylmagy we wezipesine girişmegi mynasybetli gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, ýokary döwlet wezipesinde halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bähbidine alyp barjak uly işlerinde egsilmez gujur-gaýrat we täze üstünlikleri arzuw etdi.
Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň öz wezipesine girişmegi mynasybetli geçirilýän dabaranyň tamamlanýandygyny yglan edýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda sahnadan düşüp, zaldan çykýar.
Aýratyn Hormat garawulynyň esgerleri Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tuguny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, mukaddes Gurhany alyp gidýärler.
Dabaraly çäre tamamlanandan we gysga arakesmeden soň, şanly wakanyň hormatyna Maslahat köşgünde Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti tomaşaçylar zalyna gelýär we özi üçin niýetlenilen ýere geçip oturýar.
Maslahat köşgüniň sahnasynda hakyky watançylyk we Watana bolan söýgi ruhuna beslenen konsert maksatnamasy ýaýbaňlanýar.
Konserte gatnaşyjylaryň hatarynda öz çykyşlaryna döredijilik ylhamyny, zehinli we ýerine ýetirijilik ussatlygyny siňdiren ýurdumyzyň iň gowy tans we döredijilik toparlary, meşhur aýdymçylar we sazandalar, ýurdumyzyň teatrlarynyň artistleri bar. Maslahat köşgüniň sahnasyndan Garaşsyz, Bitarap Watanymyza, agzybir we jebis türkmen halkyna hem-de ýurdumyzy parahatçylyk, rowaçlyk we ösüş ýoly bilen öňe ynamly alyp barýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagyşlanan aýdymlar dabaraly ýaňlandy.
Konsert tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Prezidenti Maslahat köşgünden çykýar we özüne garaşyp duran awtoulaga münýär.
Döwlet Baştutanynyň awtoulag kerweni “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugraýar. Tutuş ýoluň ugrynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy köpsanly türkmenistanlylar—giň jemgyýetçiligiň wekilleri, ýaşlar mähirli mübärekleýärler.
Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni “Oguzhan” köşkler toplumyna gelip saklanýar, onuň öňünde hormat garawulynyň esgerleri we ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşunlarynyň ähli kysymlaryna wekilçilik edýän harby gullukçylaryň hatarlary nyzama düzülipdir.
Türkmenistanyň Prezidentine hormat garawulynyň başlygy raport berýär. Döwlet Baştutany raporty kabul edip, beýik ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam edýän harby gullukçylar – Watan goragçylary bilen salamlaşýar.
Harby gullukçylar Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy mübärekleýärler we mukaddes Kasamy aýdýarlar.
Türkmen esgerleriniň hatarlary dabaraly sazyň we top gümmürdisiniň astynda batly ädimler bilen ýöräp, döwlet Baştutanynyň öňünden geçýärler we harby ýöriş taýýarlygynyň ussatlygyny görkezýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti “Oguzhan” köşkler toplumynyň binasyna girýär. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy çagalar-- milli lybasly oglanlaryň we gyzlaryň 24-sinden ybarat çagalar topary şatlyk bilen garşylaýarlar. Olar milletiň Liderini mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy we öz wezipesine girişmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de joşgun bilen öz goşgularyny okaýarlar.
Döwlet Baştutany çagalara gutlaglary we ajaýyp çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirip, olar bilen milletiň nesilbaşysy, parasatly hökümdar we goşun serkerdesi Oguzhanyň heýkeliniň öňünde ýadygärlik üçin surata düşýär. Milletiň Lideriniň adyndan körpe türkmenistanlylara ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bu ýerde şeýle hem türkmen döwletiniň Baştutanyny Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryňýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilk guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we missiýalarynyň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar. Bu ýere ýygnananlar milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmegi bilen mähirli we tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanyna ajaýyp gül desselerini gowşurdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, täze taryhy eýýamda biziň Watanymyz uly üstünlikleri gazandy, öňde bize beýik işler garaşýar diýip belledi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowayň nygtaýşy ýaly, geljekde ýurdumyzy, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny we durmuş-medeni ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürmek, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça başy başlanan giň gerimli işler dowam etdiriler.
Bu toplumlaýyn meýilnamalary amala aşyrmakda döwletimiz geljekde hem senagat we durmuş düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga hem-de ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda dürli maksatly desgalaryň, şol sanda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagyna uly üns berer, türkmenistanlylaryň mynasyp ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi we dynç almagy üçin ähli şertleri döreder. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlar hakynda alada, halkyň bagtyýarlygy we abadançylygy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolmagynda galar diýip belledi.
Milli Liderimiz bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, hemmeleri ýetip gelýän ählihalk baýramy—Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, şeýle hem ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň güni bilen gutlady hem-de olara berk jan saglyk, abadançylyk we eziz Watanymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
...Beýik şahyrymyz we akyldarymyz Magtymguly Pyragy bir döwür biziň halkymyzyň täze, bagtly durmuş üçin täzeden galkynjakdygyny we öz beýik taryhy maksadyny amal etjekdigini aýdyp geçdi. Ol asyrlaryň içinden eriş-argaç bolup geçýän filosofyň paýhasy, akyldaryň ylham joşguny we zehini bilen geljek döwür hakynda şeýle ýazdy: ”...Göteriler ol ykbaly türkmeniň!”.
Agşam şanly wakanyň – Türkmenistanyň täze saýlanylan Prezidentiniň öz wezipesine girişmeginiň hormatyna baýramçylyk feýerwerki atylanda hem ähli türkmenistanlylar paýtagtymyzyň asmanyny şöhlelendiren dürli öwüşginlerde beýik şahyryň hasyl bolan arzuwyny gördüler. Çünki biziň ajaýyp döwrümizde türkmen halkynyň ykbaly hakykatdan-da görlüp-eşidilmedik belentliklere göterildi.

* * *