Tutuş ýurdumyzda Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri dowam edýär. Şu ýyl Türkmenistan öz ykbalynda möhüm ähmiýete eýe bolan bu baýramçylygy aýratyn dabara bilen garşylaýar.
Demokratik esasda, aýanlyk we açyk ýagdaýda geçirilen Türkmenistanyň baştutanynyň saýlawlary şol günlerde baýramçylyga mahsus bolan ruhubelentligiň höküm sürmegine badalga berdi, bu saýlawlar Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyryp, türkmen halkynyň täzeden saýlanan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlyk etmeginde rowaçlygyň we raýat ylalaşygynyň ýoly bilen mundan beýläk-de gadam urmagy maksat edinýändigini äşgär etdi. Saýlawlar we onyň netijeleri Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaralaryň watançylyga we döredijilige mahsus bolan ýagdaýda geçmegine itergi berdi.
Bu şanly senäniň öňüsyrasynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde halkara ülňülerine doly laýyk gelýän köp sanly desgalar ulanmaga berilýär. Milletiň jebisligini, jemgyýetdäki agzybirligi, syýasy durnuklylygy we ykdysady ösüşi alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramçylyk medeni çärelere beslendi.
Bu baýramçylyga bagyşlanyp, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň merkezleriniň ähli muzeýlerinde “Belentde parlasyn, şöhratly Tugum!” atly baýramçylyk sergileri guraldy, bularyň ekspozisiýalaryna sungat eserleri, halyçylyga we milli amaly-haşam sungatyna degişli önümler goşuldy. Şunda türkmenistanlylaryň eziz Diýarymyza buýsanç duýgusy, durnuklylygyň, parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň ajaýyp nyşanyna öwrülen döwlet tuguna mukaddeslik hökmünde öz beýanyny tapýar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly maslahatlar geçirildi. Şolarda çykyş edenler halkymyzyň ruhy dünýäsini, onuň taryhyny we däp-dessurlaryny has dolulygyna suratlandyrýan nusgalaryň saýlanyp alnandygyny ýatladylap. Çykyşlarda häzirki wagtda ata Watanymyzyň mukaddes tugunyň ata-babalarymyzyň belent ruhy ýörelgeleriniň nesildden-nesle geçmegini, halkymyzyň ahlak ýörelgeleriniň mizemezligini, milli gymmatlyklary alamatlandyrýandygy bellenildi.
Ýetip gelýän baýramçylyk mynasybetli teatrlaşdyrylan dabaralar, estrada aýdym-saz agşamlary we Aşgabadyň sungat mekdeplerinde tälim alýan zehinli ýaşlaryň konsertleri täsirli wakalara öwrüldi, şonda dürli öwüşginlere baý bolan aýdymlar, tanslar we ýerine ýetirijilik sungatyň beýleki görnüşlerine degişli çykyşlar giň köpçülige hödürlendi.
Şu günler ýurdumyzda baýramçylyga bagyşlanan sport çäreleri hem geçirilýär: Türkmenistanyň boks, basketbol boýunça ýaryşlary, ýurdumyzyň 100 öýjükli şaşka boýunça, ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça karate boýunça ýaryşlar guraldy.
Garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet baýdagy türkmen halkynyň täze taryhyna badalga berildi, bu taryh milletiň jebisliginiň kepili hökmünde milli döwletlilige eýe bolunmagynyň taryhyna öwrüldi. Şu mesele paýtagtymyzyň we welaýatlaryň uly kitaphanalarynda we medeniýet merkezlerinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti, şeýle hem Aşgabadyň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan guralan çärelerde öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Garasşyzlygyň, agzybirligiň, jebisligiň mizemez nyşanydyr!” atly maslahat geçirildi, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi “Belentde parla, ýaşyl Tugumyz” atly maslahaty gurady. Olarda halk häkimiýetiniň esasy orny eýeleýändigi, halkymyzyň demokratik ýörelgelere we döwletliligiň esaslaryna ygrarlydygy barada aýdyldy. Hut şol ygrarlylyk Türkmenistanda döredilen demokratik institutlaryň ulgamynyň many-mazmunyny açyp görkezýän esasy häsiýetnama bolup durýar, şol ulgam bolsa, raýatlaryň jemgyýetiň işlerini we döwleti dolandyrmak boýunça konstitusion hukugyndan peýdalanmagyny üpjün edýär.
Şeýle hem baýramçylyk günlerinde durky täzelenen “Berzeňňi” şypahanasynyň açylyş dabarasynyň geçirilýändigini görkezmek bolar. Tebigatyň bejeriji gorlaryndan netijeli peýdalanylmagy, türkmenistanlylara amatly bolmagy üçin şonuň ýaly ýerleriň abadanlaşdyrylmagy döwletiň raýatlaryň saglygy barada ýadawsyz alada edýändigini tassyklaýar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda “Beýik Galkynyş eýýamynyň taryhy özgertmeleri we ýaş nesle watansöýüjilik ruhunda edep-terbiýe bermegiň esasy wezipeleri” atly maslahat geçiriler, milli bilim ulgamynyň işgärleri bolsa “Ýaşyl Tugum-ruhy Baýdagym!” atly baýramçylyk maslahatyna ýygnanarlar.
Baýramçylyga bagyşlanan çäreler Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde guralýan “Täze Galkynyşyň gerçekleri” atly döredijilik bäsleşigi bilen dowam etdiriler, şonda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň tapawutlanýan talyplary özleriniň ukyplaryny, şeýle hem sport bilen bagly endiklerini äşgär ederler.
Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň fotohabarçylarynyň hem-d höwesjeň fotosuratçylaryň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşi tarapyndan guralan “Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde” atly döredijilik bäsleşiginiň jeminiň jemlenmegine bagyşlanan dabara hem paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň ünsüni çeker. Foto sergi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralar.
Paýtagtymyzyň sportuň gyşky görnüşleri boýunça toplumynda “Türkmen Tuguny arşa göteren türkmen ýaşlary” atly baýramçylyk dabarasy geçiriler. Bu çäräniň maksatnamasyna görä, buzda typmak boýunça görkezme çykyşlar we hokkeý boýunça ýaryşlar guralar, munuň özi tomaşaçylara türkmen oglan-gyzlarynyň ilkinji gezek buzda typyp ugrandan bäri köp wagt geçmedik hem bolsa, sportuň ýurdumyz üçin düýpgöter täze görnüşlerine çalt uýgunlaşandygyny äşgär eder. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň baharynda täze sport toplumynda ýurdumyzda ilkinji gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrunda ýetginjekleriň arasynda milli ýaryş guralar.
Soňra baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň sebitlerinde geçiriler. Ruhabat etrabynda dürli maksatly täze desgalaryň birbada birnäçesini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şonda 100 müň tonna bugdaý saklamaga hem-de ýylda 80 müň tonna un öndürmäge ukyply önümçilik toplumynyň hem-de çörek we çörek önümleriniň söwda merkeziniň açylyş dabaralary bolar. Bularyň ulanmaga berilmegi täze iş orunlarynyň ýüzlerçesiniň dörediljekdigiini hem-de çörek we çörek önümleriniň dürli görnüşleriniň hödürlenjekdigini aňladýar. Şunuň ýaly toplumlar Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda we Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda hem açylar. Olaryň önümçilik kuwwatlylygy 50 müň tonna bugdaýy saklamaga hem-de ýylda 50 müň tonna un öndürmäge ukyplydyr. Ýölöten etrabynyň dolandyryş merkezinde 160 orunlyk çagalar bagynyň açylyş dabarasy guralar.
Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzdaky “Türkmenistan” kunokonsert merkezinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan guralan “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine biziň goşandymyz” atly watançylyk hereketiniň jemi jemlener. Şonda önümçilikde we zähmet toparlaryndaky öňdebaryjlylar, öz kärhanalarynda önümçilik amallarynyň kämilleşdirilmegine, şeýle hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagyna we ata Watanymyzyň rowaçlygyna şahsy goşandyny goşanlar sylaglanar.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp, Maslahat köşgünde ýurdumyzyň medeniýet we sungta ussatlarynyň döwlet konserti bolar, şonda tanymal ýerine ýetirijiler hem-de Aşgabadyň we welaýatlaryň döredijilik toparlary tomaşaçylaryň öňünde çykyş ederler. Türkmenistanyň Döwlet sirkinde-de baýramçylyk konserti bolar, şonda estradadaky tomaşa sirkiň artistleriniň çykyşlary bilen utgaşdyrylar. “Ylham” seýilgähinde aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin köpçülikleýin gezelenç we konsert guralar. Şeýle hem bu baýramçylyga bagyşlanan çäreler paýtagtymyzyň teatrlarynda we medeniýet merkezlerinde “Watan Baýdagynyň waspy” atly baýramçylyk dabaralary bilen dowam etdiriler.
19-njy fewralda belenilýän Döwlet baýdagynyň baýramçylygy “Aşgabat” sport toplumynda teatrlaşdyrylan dabara bilen başlanar. Bu uly möçberli dabara ussat we höwesjeň artistleriň, türgenleriň, , “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň çapyksuwarlarynyň, bedenterbiýeçileriň müňlerçesi, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşar.
Bu gün Garaşsyzlygyň şanyna düzülen gahrymançylykly simfoniýanyň dabaraly owazy hem-de täze ýeňişleriň gazanylmagyna çagyryş batly ýaňlanýar. Bu baýramçylygyň beýikligi onuň türkmen halkynyň hormat we buýsanç duýgusyny döredýändigidir.
Ahal, Balkan, Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň merkezi meýdançalarynda welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan guralýan baýramçylyk çäreleri geçiriler. Agşam paýtagtymyzda Türkmenistanyň Baş baýdak meýdançasynda guraljak konsert milli mukaddeslik hasaplanýan ýurdumyzyň ýaşyl tugunyň dabaralandyrylmagynyň senasyna öwrüler.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli durmuş-medeni maksatly täze desgalaryň açylyş dabaralary, baýramçylyk çäreleri dowam eder, seýilgählerde we jemgyýetçilik dynç alyş ýerlerinde, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, medeniýet merkezlerinde konsertler guralar.