Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylygyň öňüsyrasyndaky täze binalaryň açylyş dabaralary dowam edýär. Beýik özgertmeler zamanasynda täzeleniş ugry, maddy hal- ýagdaýyň gowulanmagynyň, ilatyň jemgyýetçilik durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň ähli şertlerini döredip, özüniň, görlüp-eşidilmedik dowamly gerimi bilen türkmen topragynyň ähli künjeklerini gurşap aldy. Ýurdumyzyň ähli şebitlerinde bina edilýän beýlekiler bilen bir hatarda durmuş ähmiýetli desgalar we bilim bermegiň ýokary halkara ülňüleri bilen üpjin edilen iň täze enjamly hem-de öňdebaryjy tehnologiýaly umumybilim berýän sport mekdepleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Baharly etrabynyň ýaşaýjylary şanly umumymilli baýram bolan Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda ajaýyp sowgat-täze sport mekdebini aldylar. Mekdebiň şu günki açylyş dabarasy oba ýaşlarynyň hem-de çagalaryň hakyky baýramçylygyna öwrüldi. Bu dabara hormatly ýaşulular, welaýat we etrap dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Howa şarlary we dürli reňkdäki lentalar bilen bezelen binanyň öňündäki meýdança bu baýramçylyga gatnaşýan köpsanly myhmanlar geldiler, aýdym-saz ýaňlandy, soňra ýerli döredijilik toparlarynyň horeografik kompozisiýalaryny etrabyň ýaş türgenleriniň çykyşlary çalyşdy.
350 orunlyk bu sport mekdebi Baharly etrabynyň golaýynda ýerleşen, özüniň şypaly suwy bilen belli “Ýyly suw” şypahanasynyň geçen ýylyň dekabr aýynda gurlan suw bilen bejeriş bölümçesiniň töwereginde guruldy. Her bir türkmenistanlynyň saglygyny goramaklyga we ilatyň durmuş-hal- ýagdaýynyň gazananlaryna ugrukdyrylan häzirki zaman, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen desgalar Türkmenistanyň özgermeginiň asyl nusgasy bolup hyzmat edýär. Berk bedenli hem-de ruhy taýdan sagdyn ýaş neslimizi terbiýelemeklige, olaryň bedenterbiýede we sportda gazananlaryny ösdürmeklige ýurdumyzda aýratyn üns berilýär. Baharlylaryň bu täze sport mekdebi hem oňa mysal bolup biler.
Häzirki täze mekdep Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde, “AYK-Meňli” hususy kärhanasynyň “ Galkynyş-Binagär” bölümçesiniň hünärmenleri tarapyndan bina edildi.
Häzirki zaman gurluşyk we timarlaýyş materiallardan peýdalanylyp, milli binagärlik usulynda gurlan bu täze mekdep sport zallary we meýdançalar toplumyny, tälimçiler üçin okuw-metodiki otaglar, şeýle-de kömekçi jaýlar we lukmançylyk otagyny özünde jemleýär.Bu ýerde çagalaryň we ýaşlaryň sport ussatlyklaryny artdyrmaga we sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirmäge ähli mümkinçilikler döredilen. Mekdebiň merkezinde gandbol, woleýbol, basketbol ýaly dürli oýunlar üçin giň zal ýerleşdirilen, atletiki göreş, boks türgenleşigi, stoluň üstünde oýnalýan tennis, türgenleşik zaly, zerur inwentarlar we ýörite snarýadlar bilen enjamlaşdyrylan, şeýle-de küşt seksiýasy üçin meýdançalar bölünen. Howany sowadyşyň we ýyladyşyň merkezi ulgamy ýylyň wagtyna görä sazlaşykly işleýär.
Täze gurluşygyň taslamasynda futbol meýdançaly we 2 müň tomaşaçy üçin stadion, şeýle-de beýleki dürli oýunlar meýdançalary, ýeňil atletika bölümi, tennis korty ýaly hökmany tomusky sport desgalaryny gurmak hem göz öňünde tutulan.
Açylyş dabarasynda çykyş edenler milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty ösdürmek bilen baglanyşykly, türkmenistanlylaryň saglygy barada edýän aladalary üçin öz hoşallyklaryny bildirip, ýaşlaryň arasynda sporty ösdürmek üçin bina edilen bu mekdebiň uly ähmiýetiniň bardygyny bellediler.
Şu gün Murgap etrabynyň dolandyryş merkezinde 365 orunlyk sport mekdebiniň açylyş dabarasy bolup geçdi.
Bu ýerde ir ertirden baýramçylyk dabarasy başlandy. Baýdaklar we howa şarlary bilen bezelen mekdep jaýyna baýramçylyk mynasybetli welaýat we etrap ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgiýetçilik guramalarynyň wekilleri, etrap merkeziniň ýaşaýjylary ýygnandylar.
Türgenleriň we çeper höwesjeňleriň gatnaşmagynda dabaraly açylan bu täze sport mekdebi özüniň ýokary köp funksiýanallygy bilen iň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýär. Sportuň sagaldyş gimnastikasy, agyr atletika, woleýbol, basketbol, tennis, boks, gündogar göreşi we sportuň beýleki görnüşlerine niýetlenilen sport zallarynda türgenleşmeklige mümkinçilik bar.
Mekdepde doly güýjündäki tälimçilik we okuw-metodiki işler üçin ýörite jaýlar, eminler üçin otaglar, lukmançylyk otagy, duşlar göz öňünde tutulandyr. Mekdebiň abadanlaşdyrylan töwereginde açyk howada sport bilen türgenleşmek üçin meýdançalar bar.
Täze mekdep jaýynyň ýokary hili, tehniki enjamlar, şeýle-de zerur bolan inwentarlar bilen üpjinçiligi bu ýerde sport ýaryşlarynyň we medeni jemgyýetçilik çäreleriniň, etrap merkeziniň ilatyny, ilkinji nobatda ýaş nesli bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmaga çekmeklige mümkinçilik döredýär.
Täze mekdepleriň ulanmaga berilmegi mynasybetli, ökde gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy, şeýle-de ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň şanyna we milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakalary berildi.

* * *