Ï “Berzeňňi” şypahanasy düýpli döwrebaplaşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Berzeňňi” şypahanasy düýpli döwrebaplaşdyryldy

view-icon 1174
Şu gün, türkmen halky üçin taryhy sene bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň wezipesine girişmegi mynasybetli guralan dabaranyň geçirilen gününde we ählumumy baýramçylyk, ýagny Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda “Berzeňňi” şypahanasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Şypahananyň täze binasynyň gurluşygy milletiň saglygyny berkitmek, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdrimek babatdaky aladany döwlet ähmiýetli iş hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda ýerine ýetirildi. Şypahananyň ýurdumyz üçin şanly wakalara beslenen gününde açylmagy “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary baş ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn özgertmeler syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde lukmançylyk we şypahana-dynç alyş edaralarynyň gurluşygyna we olaryň döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda gurulýan häzirki zaman lukmançylyk ylmy-barlag edaralarynyň, saglyk merkezleriniň, şypahanalaryň we dynç alyş öýleriniň enjamlaşdyrylyşy hem-de hödürleýän hyzmatlary boýunça dünýä ülňülerine doly laýyk gelýändigi bellärliklidir. Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrylmagy netijesinde öz mümkinçiliklerini has-da giňeltdi. Diňe soňky ýyllaryň dowamynda “Baýramaly”, “Arçman”, “Ýyly suw”, “Farap” ýaly şypahanalaryň binalary düýpli döwrebaplaşdyrylyp ulanmaga beirldi, balneologiýa usuly bilen bejeriş geçirilýän ýeke-täk bolan “Mollagara” şypahanasynyň durkuny täzelemek işleri dowam etdirilýär.

Bejeriş-şypahana işini ösdürmäge döwlet Baştutanymyz uly üns berýär. Mysal üçin, bir aýa golaý mundan öň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Berzeňňi” şypahanasyna baryp, onuň enjamlaşdyrylyşy we bu ýerde ilatymyzyň saglygyny berkitmek üçin döredilen şertler bilen jikme-jik tanyşdy. Milli Liderimiz şypahana—dynç-alyş düzüminiň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, bu ýerde hödürlenýän lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary halkara ölçeglerine doly laýyk gelmegi barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklar berdi.

Ine, bu gün bolsa şypahana täze binada öz işine başlady. Ak mermere beslenen “Berzeňňi” şypahanasynyň binasy baýramçylyk görnüşinde bezelipdir. Ol paýtagtymyzdan ýedi kilometrden gowrak günortada, Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýär. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň çeper höwesjeň toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Bu ýere paýtagtymyzyň we welaýatlaryň hassahanalarynyň lukmanlary, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary hem-de şu günki şanly waka mynasybetli ýurdumyza gelen köp sanly myhmanlar geldiler. Myhmanlaryň arasynda ýurdumyzyň hökümet agzalary , hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda işleýän ilçileri we daşary ýurtly myhmanlar bar.

Toý bagyny kesip, şypahanany açmak hormaty ýurdumyzyň ýaşuly nesline ynanylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda bolup geçýän şanly wakalaryň ählisi olaryň maslahaty hem-de ak pata bermekleri bilen geçirilýär.

Dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, hormatly Prezidentimizi ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de milletiň saglygyny we abadançylygyny ugur edinýän oňyn syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene-de bir gezek sagbolsun aýtdylar.

“Berzeňňi” şypahanasy gadym döwürlerden bäri belli bolan mineral suwly çeşmäniň ýanynda ýerleşýär. Bu ýerleriň tebigy aýratynlygy, arassa dag howasy we bejerjilik ähmiýeti bolan çeşme saglygyňy dikeltmek hem-de birnäçe kesellerden saplanmak üçin amatly şertleri özünde jemleýär. Şypahananyň taryhy 1967-nji ýyldan başlaýar. Bu ýerde geologlar gözleg-barlag işleriniň geçirilmegi netijesinde, dikligine burawlanan guýudan özüniň fiziki-himiki düzüminde bejerijilik häsiýeti bolan mineral suwly çeşmäniň üstüni açdylar.

Bu ýerdäki guýudan her sekuntda 7 litr suw çykýar. “Berzeňňi” tebigy mineral suwunyň düzüminde 24 mikroelement bar. Bu suw sulfat-magniý – kaliý mineral suwlarynyň hataryna girýär. Onuň minerallylygy we turşulygy 3,4 gr.dm3 we rN 7,15-e deňdir. Onuň üýtgewsiz gyzgynlygy 37 gradusdyr. “Berzeňňi” mineral suwy giň bejerijilik häsiýeti bilen tapawutlanýar we garyn-içege, ýürek-damar, dem alyş ýollary, merkezi nerw ulgamy, hereket ediş–daýanç synalary, deri keselleri we ýangyndan soňky keselleri bejermekde ulanylýar. Bu suw adam bedenini çalt dikeltmäge, kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmaga, ýokanç kesellerine garşy durmaga ýardam berýär. Alymlar “Berzeňňi” mineral suwunyň düzümini we dürli keselleri bejermekde edýän täsirini öwrenmegi dowam edýärler.

Häzirki wagtda “Berzeňňi” şypahanasy Aşgabatda ýerleşýän ylmy-kliniki kardiologiýa merkezli hassahananyň bir bölümidir. Şypahananyň täze jaýynda lukmançylyk işgärleriniň işlemegi we näsaglaryň saglygyny dikeltmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Onuň düzümine anyklaýyş we bejeriş toplumlary hem girýär. Ähli bejeriş otaglary lukmançylyk tehnikasyny we tehnologiýalaryny işläp taýýarlaýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň häzirki zaman lukmançylyk abzallary we iň soňky işläp taýýarlamalary bilen enjamlaşdyrylandyr. Mysal üçin, anyklaýyş bölümi ultrases anyklaýyş gurallary, ýürek elektrokardiografiýasy, ýürek EKG-ni Holter monitorirlemegi, şeýle hem gan basyşyny gije-gündizleýin monitorirleýiş abzallary bilen enjamlaşdyrylandyr. Iňňerefleksterapiýa niýetlenen we bedenterbiýe maşklary bilen meşgullanmak üçin ýörite otaglar hem bar.

Gidroterapiýa bölüminde wanna otaglary, bejeriş duşy we gidromassaž üçin jaýlar bar. Mineral suwly bejeriş wannalary we mineral suwunyň bejeriş täsirini tiz özleşdirmäge ýardam berýän elektroimpuls usuly ulanylýan elektrowannalar, suwasty owkalama otaglary täze gelip gowşan abzallar bilen geçirilýän içegeleri arassalaýyş usullary hassalaryň hyzmatynda.

Peloidoterapiýa usuly şypahanalarda amala aşyrylýan bejerişlerde täze usuldyr. Onda palçyk suw bilen bejermek, şeýle hem parafin we ozokerit esasy orny eýeleýär. Bu ýerde parafin we ozokerit bejergisini alyp bolar. Bejeriş palçygyny ulanmak bilen em etmek otagynda üsti mineral suwdan doldurylan ýörite howuz gurlupdyr. Oňa “Mollagara” şypahanasyndan bejeriş palçygy getirilýär. Biologiýa taýdan oňyn täsir edýän serişdeleriň garyndysynyň alynmagy dürli sowuklama keselleri, şol sanda dem alyş ulgamlary bejerilende hem ulanylýar.

Bu ýerdäki fitobarda isleg bildirýän her bir adam türkmen topragynyň dermanlyk ösümlikleriniň täsin bejeriş aýratynlygyny duýup biler. Oňa gelýänlere hoşboý ysly çaý, bejeriş garyndylary derman ösümliklerinden ýasalan dürli içgiler, şeýle hem işdäaçarlar we miweler hödür edilýär.



Bu ýerde şeýle hem adamyň saglygy üçin örän zerur bolan kislorod bilen üpjünçiligiň iň ýönekeý usuly bolan kislorod kokteýlini içip bolar. Ol bedeniň kesellere garşy çydamlylygyny hem berkidýär.

Şypahananyň hünärmenleri fitobar bölümindäki dermanlyk ösümliklerden serişdeler taýýarlananda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” we “Türkmenistan - melhemler mekany” atly düýpli ylmy işleriniň esas edilip alnandygyny aýtdylar. Milletiň Lideri ýurdumyzyň döwrebap saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde derman ösümlikleriniň aýratyn ähmiýetini belläp, bu usulyň gadymy döwürlerden bäri adamyň saglygyny dikeltmekde we onuň keýpiçaglygyny üpjün etmekde ulanylandygyny nygtaýar. Nesilden-nesle geçip gelýän halk lukmançylygynyň tejribesi häzirki döwürde şypahana-dynç alyş ulgamyny kämilleşdirmekde has-da ähmiýetlidir diýip, döwlet Baştutany belleýär.

Täze binanyň gülzarlyga öwrülen içki howlujygy şypahananyň aýratyn bezegi boldy. Ol ýerde tenekär “Berzeňňi” çeşmesine islendik wagt gelmek üçin goşmaça mümkinçilikler döredilipdir.

Şypahananyň täze binasynyň ulanmaga berilmegi bilen “Berzeňňi” mineral suw çeşmesi täzeden janlanýar. Bu bolsa mineral çeşmäniň berk ylmy esasda peýdalanylmagy we netijeli bejeriş işlerini geçirmäge mümkinçilik berýän häzirki zaman enjamlary arkaly we ýörite taýýaryk geçen ýokary hünär derejesi bolan lukmanlaryň güýji bilen amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň bu ýerde tejribe okuwyny geçjekdikleri aýratyn bellenilmegine mynasypdyr. Ýörite otaglarda bejeriş beden terbiýesi we saglygy dikeldiş kafedrasy ýerleşer. Mälim bolşy ýaly, täze ugur boýunça bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary şypahana öwreniş ugry boýunça ýöriteleşmäge şu okuw ýylyndan başlap mümkinçilik aldylar.

“Berzeňňi” şypahanasynyň işinde täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy resminamalardan elektron usulda peýdalanmaga ýardam eder. Bu bolsa saglyk öýi-stasionar –şypahana tertibinde berk düzgün bilen işlenilmegini ýola goýup, hassalaryň has netijeli bejerilişini, olaryň saglygyny dikeltmegi, şeýle hem köp keselleriň öňüni almagy üpjün etmäge ýardam berer. Şypahana lukmany hassany bejerýän lukman bilen islendik wagt habarlaşyp, onuň lukmançylyk kitapçasy bilen tanşyp, degişli bejergi çärelerini belläp biler.

Tebigatyň döreden “Berzeňňi” mineral suw çeşmesiniň bejeriş aýratynlyklarynyň we iň häzirki zaman enjamlar bilen abzallaşdyrylan täze binanyň, şeýle hem häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň gazananlarynyň sazlaşykly işlemegi we şuňa meňzeş beýleki şypahanalaryň işiniň esasy maksadyna - milletiň saglygynyň goragynda ygtybarly durup, adamyň abadançylygynyň hatyrasyna alnyp barylýan işleriň hil taýdan täze derejä ýetirilmegini üpjün etmekdir.

“Berzeňňi” şypahanasynda täze binanyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Şanly waka mynasybetli, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.