Ï Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

view-icon 634
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežadyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Eýranyň Prezidenti türkmen Lideri bilen mähirli salamlaşyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Baştutanynyň wezipesine saýlanylmagy we wezipesine girişmegi bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, jogapkärli döwlet wezipesinde egsilmez gujur-gaýrat we uly üstünlikleri arzuw etdi. Mahmud Ahmadinežadyň belleýşi ýaly, bu ýagdaý türkmen halkynyň öz ýurduny ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan milli Liderine bolan ýokary ynamynyň subutnamasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, özara bähbitli türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny ösdürmek Türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Türkmenistanyň Eýran bilen soňky ýyllarda täze hil bilen üsti ýetirilýän däbe öwrülen dostlukly, ynanyşmak we deňhukukly gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny aýtdy. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda hil taýdan täze mazmuna eýe boldy.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösýän türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belläp, iki goňşy halklaryň arasyndaky dostlugyň we ruhy ýakynlygyň berk binýadynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mahmud Ahmadinežad birek-biregi hem-de Türkmenistanyň we Eýranyň halklaryny iki ýurtlaryň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 20 ýyllygy bilen gutladylar we netijeli türkmen-eýran gatanşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine meýillidiklerini tassyk etdiler.

Halkara we sebitleýin syýasatyň möhüm meseleleri boýunça taraplaryň özara düşünişýändigini we garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belläp, türkmen döwletiniň Baştutany Prezident Mahmud Ahmadinežada

Türkmenistanyň bitaraplyk syýasy ugruna we halkara başlangyçlaryna hemmetaraplaýyn goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi we Eýran lideriniň döwletara gatnaşyklaryny berkitmek işine uly goşant goşýandygyny belledi.

Telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda Eýranyň Lideri hormatly Prezidentimizi özi üçin islendik amatly pursatda Eýran Yslam Respublikasyna sapar bilen gelip görmäge çagyrdy. Türkmen döwletiniň Baştutany hem öz gezeginde Eýranyň Prezidentini Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Taraplar bu çakylyklary hoşallyk bilen kabul etdiler. Saparlaryň möhletleri diplomatik ýollary arkaly ylalaşylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mahmud Ahmadinežad Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde hem gadymdan gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine daýanyp we özara bähbitleri nazara alyp, iki goňşy halklaryň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.