Ï Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet, ylym we bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryna ýolbaşçylary belledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet, ylym we bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlaryna ýolbaşçylary belledi

view-icon 884
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzmäge bagyşlanan maslahat geçirdi. Onda birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi. Mälim bolşy ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda täzeden saýlanan wezipesine resmi ýagdaýda girişende ýurdumyzyň Ministrler Kabineti öz ygtyýarlyklaryny tabşyrdy. Milli Liderimiz hökümet agzalarynyň ygtyýarlyklarynyň tabşyrylmagyny kabul edip, hökümetiň agzalaryna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklanylýança öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi tabşyrdy.

Şu günki maslahatyň gün tertibinde öňi bilen ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hakyndaky meselelere garaldy. Munuň özboluşly manysy bardyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary depginler bilen ösýändigi we jemgyýetimizdäki ruhubelentlik Garaşsyz Watanymyzyň öňünde durýan giň gerimli wezipeleriň üstünlikli amala aşyryljakdygyna we belent maksatlara ýetiljekdigine şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, medeniýet ulgamynda alnyp barylýan syýasata döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň esasy şertleriniň biri hökmünde garalýär. Bu syýasatyň durmuşa geçirilmegi bolsa Ministrler Kabinetiniň täze düzüminiň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Şol wezipeler esasan hem halkymyzy medeni gymmatlyklar bilen has giňden tanyşdyrmkdan, şahsyýetiň ruhy we ahlak mümkinçiliklerini ösdürmekden, biziň amala aşyrýan durmuş-ykdysady özgertmelerimiziň barşynda medeniýetiň ähmiýetini has-da artdyrmakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Dünýäde barha giňden ykrar edilýän döwletimiziň diňe bir ýokary ykdysady mümkinçilikleri bolan ýurt hökmünde däl-de, eýsem, ruhy we döredijildik mümkinçilikleri bolan ýurt hökmünde hem tanalmagy biziň üçin zerurdyr diýip, ýurt Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Bu ugurda durmuşa geçirilmeli ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitlemek bilen, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň täze düzüminiň ýolbaşçylaryna ulgamda alnyp barylýan işlere berk gözegçilik edilmeginiň esasy talap bolup durýandygyny ýatlatdy.

Haýsydyr bir ýolbaşçyny wezipä bellemek üçin onuň guramaçylyk ukybyndan başga-da, biliminiň, tejribesiniň, öz iş ornunda ähli güýç-gaýratyny gaýgyrman işlemäge bolan höwesiniň bolmagy hökmandyr diýip belläp, döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň täze ýolbaşçylaryny mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz Maýsa Ýazmuhammedowa Hökümetde alyp baran köp ýyllyk işi, gözegçilik edýän ulgamynyň ösmegi ugrunda goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň tejribesiniň başga bir möhüm ugurda peýdalanylmagynyň maksalda laýyk boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň medeniýet boýunça orunbasary wezipesine Bägül Nurmyradowany belledi we onuň bu pudakda ýeterlik iş tejribesiniň bardygyny we öz üstüne ýüklenen jogapkärçilige abraý bilen hötde gelip biljekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň medeniýet ministiriniň wezipesine ozal medeniýet ministriniň orunbasary bolup işlän Gunça Mämmedowany belledi we oňa bir hepdäniň dowamynda ministriň orunbasary wezipesine mynasyp adamy tapmagy tabşyrdy.

Soňra Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy wezipesine Gyzylgül Nurgeldiýewa bellenildi.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň başlygy wezipesine Bekdurdy Amansaryýew bellenildi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine bolsa Ş. Alowow bellenildi.

Döwlet Baştutany kabul edilen kararlar boýunça degişli resminamalara gol çekip, Türkmenistanyň halkara medeni we maglumatlar giňişligine işjeň goşulyşmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de täze bellenilen ýolbaşçylara şu ulgamdaky işleriň has oňaýly ugurlaryny kesgitlemegi hem-de ýurdumyzyň medeniýetini ösdürmegiň netijelei strategiýasyny we usullaryny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň halkymyzyň baý medeni mirasynyň bardygyny belläp, häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýetiň göwnejaý derejede ösdürilmegini ýola goýmak üçin şu ulgamdaky ýolbaşçylaryň köp işleri berjaý etmeli boljakdygyny aýtdy hem-de bu pudagyň öňünde durýan wezipeler barada durup geçdi we milli medeniýetiň we habar beriş serişdeleriniň derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin şol meseleleri çözmegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutany täze bellenilen ýolbaşçylary özlerine ynanylan ugurlardaky işleriň göwnejaý derejede alnyp barylmagyny üpjün etmäge çagyryp, olara bu jogapkärli işlerde we bellenilen meýilnamalary ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

Öz gezeginde täze wezipä bellenen ýolbaşçylar ynam bildirilendigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk sözlerini aýdyp, öz öňlerinde goýlan wezipeleri göwnejaý derejede berjaý etmek üçin öz güýçlerini, tejribesini we bilimlerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra maslahat ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek arkaly dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşaýşyň ýokary derejede bolmagyny üpjün edýän we kämil jemgyýetli ösýän döwletleriň hataryna goşulmagy üçin şu ulgamlary döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmegiň örän möhümdigini belläp, milli syýasatyň ileri tutulýan ugurlary diýlip hasaplanýan şu pudaklaryň ýolbaşçylarynyň ýokary jogapkärçilige eýe bolýandygyny aýtdy.

Milletiň Lideri bu barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň halkara derejesinde eýeleýän ornunyň ähmiýetiniň artmagy, halkara gatnaşyklarynyň sazlaşykly depgininiň hem-de ata Watanymyzyň dünýäniň köp ýurtlary we guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi bilen baglylykda şu ulgamlaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we şol işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak baradaky wezipelere ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutany jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, şol sanda şu ugurda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen has giňden hyzmatdaşlyk etmek bilen bagly işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutany Sapardurdy Toýlyýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine hem-de Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy wezipesine belledi.

Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine Gülşat Mämmedowa bellenildi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri wezipesine Gurbanmämmet Elýasow tassyk edildi.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine Ferhat Arjanow bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň başlygy wezipesine bolsa Maýa Mollaýewa bellenildi.

Milletiň Lideri wezipelere bellemek baradaky Permanlara gol çekip, ýolbaşçylara özlerine ynanylan düzümlerde işleriň talap edilýän derejede alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy hem-de şol işleriň häzirki döwrüň ruhuna we pelsepesine laýyk gelýän täze ýörelgeler we çemeleşmeler esasynda guralmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany sözüni dowam edip, ylym we bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk boýunça durmuşa geçirilýän ähli özgertmeleriň maksadynyň milletiň döredijilik, intellektual kuwwatyny äşgär etmek, raýatlaryň öz-özüni kämilleşdirmegi, ýurdumyzy ösüşiň innowasiýa ýoluna çykarmak üçin has göwnejaý şertleri döretmekden ybaratdygyny aýtdy.

Milletiň Lideri uly we jogapkärli wezipeleriň öňde durýandygyny belläp, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy maksadynyň raýatlaryň abadançylygyny üpjün etmekden, adamlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny aýtdy. Häzirki wagtda ýurdumyzda bolup geçýän ähli özgertmeler hut şuňa gönükdirilendir, şol özgertmeler diňe bir ykdysadyýetiň, durmuş we medeni ulgamlaryň çalt depgin bilen ösmegine ýardam etmek bilen çäklenmän, raýatlaryň düşünjeliliginiň has-da artmagyna, jemgyýetiň ruhy ösüşine itergi berýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň taryhynyň täze tapgyryna hem-de ösüşiň we döredijiligiň belent maksatlaryna tarap öňe gidişliklere täzeden badalga bermek üçin oňaýly şertler döretdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol belentliklere ýetmek üçin bizde ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany wezipelere bellenilen ýolbaşçylara bu düýpli we jogapkärli işlere girişmäge ak pata berip, berk jan saglyk, Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.

* * *

Şu günki maslahatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet, ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň öňünde goýan anyk wezipelerini berjaý etmek bilen bagly meseleler ýurdumyzyň şu ulgamlara degişli ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda geçirilen maslahatlaryň gün tertibine girizildi.

Şol maslahatlara degişli pudaklaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, döredijilik we ylmy işgärleri, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar hem-de olar milletiň Lideriniň sargytlaryny amala aşyrmak boýunça ilkinji nobatdaky işleriň maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Çykyş edenler milletiň Lideriniň öňde goýan wezipeleriniň möhümdigini we şol wezipeleriň döwrüň ruhuna laýyklykda berjaý edilmegine düýpgöter täzeçe çemeleşilmelidigini belläp, ählihalk tarapyndan saýlanylan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ata Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidi üçin güýjüňi aýaman işlemek baradaky çagyryşyna hem-de döwlet Baştutanynyň adamlar, ýurdumyzyň rowaçlygy baradaky aladasyna jogap edip, türkmenistanlylaryň iri möçberli başlangyçlary joşgun bilen durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýratyn bellediler.

Ýygnananlar häzirki wagtda döredijilik we hünär boýunça kämilligi artdyrmak, öz mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin örän amatly şertleriň döredilýändigini biragyzdan bellediler. Ýöne ýurdumyzyň keşbini düýpgöter täzelän şol oňyn özgertmeleriň dolanuwsyz häsiýete eýe bolup, täze sepgitlere, rowaçlyga we ösüşe tarap ynamly gadam urmagymyzyň ygtybarly girewine öwrülmegi üçin jemgyýetimiziň öňünde durýan wezipeleriň möhüm ähmiýetlidigine we jogapkärlidigine düşünmek zerurdyr.