Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Goňşy döwletiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanyny saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanmagy we täze möhlete türkmen döwletiniň Prezidentiniň wezipesine girişmegi bilen tüýs ýürekden gutlap, saglyk hem-de türkmen halkynyň eşreti üçin bellenilen ähli maksatlara ýetmegi arzuw etdi.
Owgan lideri Türkmenistanyň Prezidentine dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw bermek syýasaty, parahat durmuşy gurmakda owgan halkyna edýän anyk kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, türkmen-owgan gatnaşyklarynyň geljekde-de hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri hakynda, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara häsiýetindäki birnäçe meseleler boýunça pikir alyşdylar. Owgan lideri energetikada gazanylan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berip, Owganystana ýurt üçin zerur bolan elektrik energiýasyny ibermegi artdyrmak boýunça Türkmenistanyň görýän netijeli çäreleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Şeýle hem iki goňşy döwletleriň Baştutanlary gumanitar ugurda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet babatda, saglygy goraýyş ugry boýunça, şeýle hem sport we syýahatçylyk ulgamynda däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek barada pikiri aýtdylar hem-de şol ugurlary iki ýurduň halklarynyň bähbidi üçin ösdürmek barada ylalaşdylar.
Gürrüňdeşligiň barşynda iki ýurduň Liderleri birek-biregi Türkmenistana we Owganystan Yslam Respublikasyna amatly, islendik pursatda sapar bilen gelmäge çagyrdylar. Taraplar çakylyklary hoşallyk bilen kabul etdiler. Saparlaryň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hamid Karzaý türkmen-owgan gatnaşyklarynyň geljekde-de iň oňat dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, taraplaryň hoşniýetli erk-islegine daýanyp, ähli ugurlar boýunça—syýasy, söwda-ykdysady, gumanitar-medeni ulgamlarda berkidiljekdigine hem-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň halklaryna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.