“Aşgabat” stadionyndaky ählihalk dabaralary
Gadymy türkmen topragyny beýik dabaralar gurşap aldy. Şu gün Türkmenistanyň agzybir halky iň iri hem-de nurana baýramçylyklaryň biri bolan , milli garaşsyzlygymyzy, bitewüligimizi, ýurdumyzyň ynsanperwer syýasytyny we bitaraplyk derejesini alamatlandyrýan Döwlet baýdagymyzyň baýramçylygyny belledi.
“Dünýä bileleşigi tarapyndan Garaşsyz ýurt diýlip ykrar edilen eziz Diýarymyzda ýigrimi ýyl mundan ozal—1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda Watanymyzyň bitewüligini, döwlet gurluşyny, özygtyýarlylyk hukugyny kepillendirýän esasy döwlet gymmatlyklarymyzyň biri bolan Döwlet baýdagymyz döredildi“ diýip,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda belleýär.
Şu gün 20 müň tomaşaçy orunlyk “Aşgabat” stadionynda geçirilen dabaralar ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyklaryň merkezine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, täze stadion paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginde milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Ýurdumyzyň köpugurly sport toplumy bu gün baýramçylyk äheňinde bezelipdir. Bu ýere aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köp sanlysy geldi. Şeýlelikde, sebitde iri desga bolan sport toplumynyň orunlary doldy. Şu günki şanly waka mynasybetli bu ýere ýurdumyzyň ýobaşçy düzümleri, Mejlisiň deputatlary, biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň weklleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar we köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary erkin şemala al-asmanda pasyrdaýar. Sport toplumynda çagalar tans toparlary, Türkmenistanyň bäş welaýatyndan gelen folklor toparlary, elleri ýaşyl tugly talyplar bar. Bu ýerde milli tugumyzyň reňki bolan ýaşyl reňk agdyklyk edýär, Stadiondaky müňlerçe adamlaryň ellerinde baýdaklar bar. Munuň özi döwlet nyşanyna bolan belent söýgüden we hormatdan habar berýär. Ähli ýerde şatlyk we ruhy ýokary göteriliş dabarasy höküm sürýär.
Günortan sagat 12 boldy. Baýramçylygyň başlanandygyny aňladýan belent owazlar ýaňlanýar. Stadionyň aşaky hatarynda ägirt uly harplar bilen “Baýdak-12” dýien ýazgy emele gelýär we ol ýazgy baýramçylygyň bezegine öwrüldi. Ýokarky hatarlarda bolsa tomaşaçylaryň gözüniň alnynda Türkmenistanyň Baýdagynyň we Tugrasynyň şekili emele gelýär. Meýdançanyň merkezinde altynsow lybasdaky talyp ýaşlar elleri gülli baýdagymyzyň döredilen gününiň 20 ýyllygyny görkezýän ýazgyny şekillendirýärler.
Şu pursatda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Bu ajaýyp owaz baýramçylyga özboluşly döwletlilik çaýýar. Ussat ýerine ýetirijileriň aýdymlary tomaşaçylaryň şowhuny bilen goşulyp, halkyň bitewüliginiň we agzybirliginiň alamatyna öwrülip üýtgeşik bir owazy emele getirdi. Ýüzlerçe howa şarlary älemgoşaryň şekilinde asmana tarap galýar. Bu ýere gelenleriň we çykyşlara tomaşa edýänleriň her birinde mähriban Watanymyza bolan buýsanç duýgusy emele gelýär.
Soňra Döwlet baýdagynyň güni hem-de bu şanly sene bilen gabat gelen ajaýyp dabara--Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen türkmen halkyna gutlag ýaňlanýar. Döwrüň görkezişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýurdumyz üçin hakykatdan-da ykbal çözüji waka body we ol täze taryhy eýýamy alamatlandyrdy.
Mähriban Watanymyzy we mukaddes tugumyzy şöhratlandyrýan belent ruhly çagyryşlar tomaşaçylara täsir etdi. “Parla, tugum!” atly dabaraly aýdym ýaňlanýan pursatynda ýüzlerçe talyplap Döwlet baýdagyny göterip geçýärler. Meýdançanyň merkezinde gyzlar “Baýdak” diýen ýazgyny şekillendirýärler.
Paýtagtymyzyň çagalar tans toparlary baýramçylyk dabaralaryna goşulýarlar. Olar öz çykyşlarynda beýik özgertmeler eýýamynyň gazananlaryny dabaralandyrýarlar. Kaşaň stadionda gülläp ösýän Watanymyzy, bagtyýarlygyň hem-de parahat durmuşyň mekany bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany wasp edýän şowhunly çaga sesleri ýaňlanýar.
Soňra sportuň dürli görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezýän türkmen türgenleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki döwürde köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň gazananlarynyň möhüm bölegi we sagdyn durmuş ýörelgesiniň, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagynyň işjeň tarapdary bolup durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş aladasy bolup durýar. Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen ýurdumyzda birnäçe sport desgalarynyň, şol sanda häzirki zaman stadionlarynyň we sport mekdepleriniň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa türkmen türgenleri, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesiller üçin olaryň ussatlyklaryny kämilleşdirmekleri, geljekde sportda gazanylan üstünlikleriň berkidilmegi, täze rekordlaryň gazanylmagy üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem milli Liderimiziň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty ýurdumyzyň sportunyň yzygiderli ösdürilmegini şertlendirýär. Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi netijesinde Aşgabadyň Merkezi Aziýada ilkinji gezek ýapyk binalarda we söweşjeň sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk gazanmagy ýurdumyzyň sportunyň has-da ösdürilmeginde uly ähmiýete eýedir. Bu yklymyň iri toplumlaýyn bäsleşikleri 2010-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabatda düýbi tutulan Olimpiýa şäherjiginiň binalarynda geçiriler.
Mundan başga-da, döwlet baýdagymyzyň baýramçylygynyň öňüsyrasynda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, nesillerimizi sporta köpçülikleýin çekmek ýoly arkaly berk bedenli, belent ruhly ýaşlary kemala getirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
özüniň ýörite Karary esasynda milli sport senenamasynda täze bäsleşigi—ýetginjekleriň arasynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Kubogy ugrundaky ýaryşy esaslandyrdy.
Stadionyň dört tarapyndan baýdak göterijiler meýdança çykýarlar. Olar bir bitewi halkany emele getirýärler, onuň merkezinde ägirt uly baýdak ýazylýar. Ol türkmen halkynyň bozulmaz agzybirligini we bitewiligini, onuň pederlerimiziň şöhratly wesýetlerine üýtgewsiz wepalylygyny we bagtyýar geljege bolan meýillerini alamatlandyrýar.
Şu günki geçirilen baýramçylyk dabaralarynda halkymyzyň köp asyrlyk taryhynyň dowamynda ýaş nesilleriň hakyky buýsanjyna mynasyp bolan gazanan ýeňişleri öz beýanyny tapdy. Mälim bolşy ýaly, baýramçylyk günlerinde dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilýän durmuş ähmiýetli desgalar, mekdepler, çagalar baglary, saglyk merkezleri, sport desgalary we beýleki binalar halkymyzyň zähmet ýeňişleridir.
Türkmen milli lybasyny geýnen jigitleriň ajaýyp ahalteke bedewleri bilen ýerine ýetiren çykyşlary baýramçylyk dabaralaryny dowam etdi. Olar gollarynda ýaşyl tugumyzy saklap, diňe bir milletimiziň däl, eýsem umumy adamzat mirasynyň bahasyz gymmatlygy bolan, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleri bilen ýatdan çykmajak çykyşlary ýerine ýetirdiler. Ahalteke bedewleri halkara atçylyk sporty bäsleşikleriniň baş bezegi bolşy ýaly, ählihalk dabaralarynyň hem aýrylmaz bölegidir. Häzirki beýik özgertmeler eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyy bilen ahalteke bedewleriniň şöhratynyň artmagy, olaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda döwlet tarapyndan uly alada edilýär. Milli Liderimiziň teklibi bilen her ýylda geçirilýän gözellik bäsleşigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol ýerde ahalteke bedewleriniň iň owadany, gözeli saýlanýar. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda halkara ülňülerine doly laýyk gelýän we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan atçylyk sporty toplumlarynyň gurulmagy şu aýdylanlaryň subutnamasydyr.
Stadionda guralýan dabaralar barha giň gerime eýe bolýar. Bu ýerde ýurdumyzyň welaýatlarynyň saýlama döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. Tomaşaçylaryň öňünde ýurdumyzyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň köp sanly çeper höwesjeňleriniň we artistleriniň çykyşlary özboluşlylygy hem-de köpugurlylygy bilen tapawutlanýarlar. Artistleriň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary, tanslary täze zähmet ýeňişlerine çagyryş bolup ýaňlandy. Döredijilik toparlarynyň görkezen çykyşlary beýik özgertmeler eýýamynyň senasy bolup, türkmen halkynyň milli Lideriniň daşyna mäkäm jesbisleşendigini alamatlandyrdy we mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň, gülläp ösüşiniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Çeper höwesjeňler toparlarynyň belent ruha beslenen owazlary, joşgunly tanslar, ýurdumyzyň abadançylygyny, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan açylly işlerini wasp edýän aýdymlar tomaşaçylaryň şowhunlary bilen utgaşdy.
Stadionda geçirilen baýramçylygyň ahyrynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň esgerleri ýaşyl meýdança Döwlet baýdagyny çykarýarlar. Dabara gatnaşyjy toparlaryň bilelikde ýerine ýetiren “Parla baýdagym!” atly aýdymy dabara gatnaşyjylar tarapyndan alnyp göterildi we ol bu ýerde guralan baýramçylygyň jemine öwrüldi.
Ruhy bitewüligiň we hakyky baýramçylygyň ýagdaýynda geçirilen dabaralar ýurdumyzyň baş meýdançasynda hem dowam etdi. Bu ýerde gurnalan sahnada Aşgabadyň owadan agşamlaryna nurana öwüşgin çaýan özboluşly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň merkezi Döwlet baýdagynyň ýanynda geçirilen dabara halkymyzyň mukaddes tuguna buýsanjynyň alamaty bolup, belent ruha beslendi. Türkmenistanyň medeniýet hem-de sungat ussatlary mähriban Watanymyzy we mukaddes tugumyzy, watandaşlarymyzyň döredijilik zähmetini wasp edýän täze aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli köpçülikleýin dabaralar, konsertler, dürli medeni-sport çäreleri ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we etraplarynda geçirildi. Ol dabaralar adamlaryň beýik özgertmeler eýýamyna bolan şatlyk duýgularyny we buýsançlaryny alamatlandyrdylar.