Ï Özgertmeler ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özgertmeler ýoly bilen

view-icon 696
Şu gün ýurdumyzyň dürli döwlet we jemgyýetçilik düzümlerinde Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky şanly wakalara - Türkmenistanyň Prezidentiniň ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanmagy we bu wezipä girişmegi mynasybetli guralan dabaraly çärä, şeýle hem Döwletimiziň Baýdagy baýramyna bagyşlanan maslahatlar we mejlisler geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlar zalynda “Ösüşiň täze tapgyrynda demokratik özgertmeler syýasatynyň taryhy ähmiýeti” atly maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň milli parlamenti bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy geňeşi gurady.

Maslahatda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, bäsdeşlik we demokratik esasda, halkyň erk-islegine daýnyp geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlary ýurduň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Bu taryhy waka türkmen halkynyň öz saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly gadam urýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi diýlip, maslahatda bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasaty halkyň bähbidiniň, Watanymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir we anyk maksatlara daýanýar. Türkmenistanyň halky özüniň Prezidentine tüýs ýürekden buýsanýar we milli Lider bilen bagtly geljegini baglanyşdyrýar.

Şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň “Mekan” köşgünde geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň täze taryhy eýýamda gazanýan ägirt uly üstünlikleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady we işi bilen berk baglanyşyklydyr diýlip bellenildi. Onda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň täzeçilik we öňden görüjilikli syýasaty türkmen döwletiniň hemmetaraplaýyn okgunly ösüşini we biziň Watanymyzyň halkara giňişligindäki belent abraýyny şertlendirdi diýip nygtadylar.

Ol ýerde geçirilen mejlisiň barşynda guramaçylyk meselesine seredildi. A.Aşyrow Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wise-prezidentiniň wezipesinden boşadylyp, oňa birleşigiň mejlisiniň karary esasynda M.H.Abalakow saýlanyldy.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşinde geçirilen mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokralandyrmagyň hatyrasyna durmuşa geçirýän işleri we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy mähriban Watanymyzda durnuklylygyň, abadançylygyň we milli bitewüligiň berkararlygyny şertlendirýär diýlip belenildi. Maslahatda çykyş edenler häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gadymy hem-de müdimi topragymyz gülläp ösdi, jemgyýetimiz barha ösdürilýär hem-de kämilleşdirilýär diýip aýtdylar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň mejlisinde guramaçylyk meselelerine hem garaldy. Onda Merkezi geňeşiň karary esasynda T.S.Muhammedowa Merkezi geňeşiň başlygy wezipesinden boşadyldy we bu wezipä M.M.Ýazmuhammedowa saýlanyldy.

Geçirilen maslahata we mejlislere gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler we onda milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň, mähriban Watanymyzyň bagtyýarlygynyň hem-de abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan asylly işlerinde üstünlik arzuw etdiler.