Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky maslahaty geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzmek boýunça guramaçylyk meseleleri girizildi.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda şeýle maslahat geçirilipdi, şol maslahatyň barşynda medeniýet, ylym we bilim, saglygy goraýyş, sport hem-de syýahatçylyk ulgamlarynyň ýolbaşçylary bellendi.
Şu günki maslahatda ilki bilen, ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda ýolbaşçylary wezipä bellemek hakyndaky meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty açyp, işde ýol beren düýpli kemçilikleri üçin J.Berkeliýewi Türkmenistanyň maldarçylyk paýdarlar jemgyýetleriniň “Türkmenmallary” assosiasiýasynyň başlygy wezipesine tassyklamady.
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine A.Ýazmyradowy belläp, onuň bu ulgamda ýeterlik iş tejribesiniň bardygyny aýdyp, öz üstüne ýüklenen jogapkärçilige hötde geljekdigine ynam bildirdi.
A.Ýazmyradow özüne bildirilen ynam üçin, milletiň Liderine hoşallyk bildirip, Watanymyzyň rowaçlanmagynyň hatyrasyna öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipede ak ýürekli işlejekdigine Türkmenistanyň Prezidentini ynandyrdy.
Döwlet Baştutany degişli resminama gol çekip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň täze bellenen orunbasary A.Ýazmyradowa bir hepde möhletde suw hojalyk ministri wezipesine mynasyp adamy hödürlemegi, şeýle hem oba hojalyk toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň özlerine orunbasar bellemek üçin mynasyp adamlary hödürlemeklerini tabşyrdy.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy we ony Türkmenistanyň maldarçylyk paýdarlar jemgyýetleriniň “Türkmenmallary” assosiasiýasynyň başlygy wezipesine belledi.
Soňra milletiň Lideri oba hojalygyna gözegçilik etmek bilen, Hökümetde geçiren işi üçin, şeýle hem oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge goşan goşandy üçin M.Nurmämmedowa minnetdarlyk bildirip, welaýatda işlemekde eýýäm bar bolan iş tejribesini nazara almak bilen, ony Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine belledi.
Milletiň Lideri Türkmenistanyň oba hojalyk ministri wezipesine M.Baýramowy tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň tebigaty goramak ministri wezipesine B.Annabaýramowy belledi.
Soňra oba hojalygyna önümçilik-enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça paýdarlar jemgyýetleriniň “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasynyň başlygy wezipesine Ç.Çarlyýew bellenildi.
Galla önümleri baradaky “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň başlygy wezipesine Ý.Aşyrow bellenildi.
Soňra Türkmenistanyň azyk senagaty assosiasiýasynyň başlygy wezipesine W.Weliýew bellenildi.
“Türkmenpagta” döwlet konserniniň başlygy wezipesine H.Annamyradow bellenildi.
Soňra “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesine A.Oraznazarow bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen çözgütler boýunça degişli resminamalara gol çekip, häzirki döwürde ýurdumyzda
oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň döwlet strategiýasynyň durmuşa geçirilýändigini nygtady. Bu ugurda alnyp barylýan işleri üstünlikli amala aşyrmakda oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzda esasy oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak biziň bu döwlet strategiýamyzyň esasy wezipeleriniň biridir.
Ýurdumyzda ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, ýerli toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň ylma esaslanýan usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, şonuň ýaly-da, tohumçylyk işini geçirmek aýratyn möhümdir.
Ýaz paslynyň golaýlap gelmegi bilen, möhüm agrotehniki çäreleri geçirmegiň döwri başlanýar. Şonuň üçin hem, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça geçirýän işlerimiziň çäklerinde welaýatlarda we Aşgabat şäheriniň daş-töwereginde täze bag nahallaryny ekmegi dowam etmeli. Öňki ekilen baglara hem talaba laýyk ideg edilişini berk gözegçilikde saklamaly.
Häzirki döwürde ýurdumyzda suw serişdelerini aýawly peýdalanmak, ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we topragyň şorlaşmagyna garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmek hem möhümdir diýip, milletiň Lideri nygtady.
Döwlet Baştutany bugdaýyň hasyllygyny ýokarlandyrmak meselesiniň üstünde durup geçip, ýygnalan hasyly talaba laýyk saklamak we gaýtadan işlemek ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara welaýatlarda galla önümleri kärhanalarynyň gurluşygyna gözegçiligi güýçlendirmegi we bu kärhanalary 18-nji maýda bellenýän baýramçylyk çäreleri mynasybetli açyp, ulanmaga bermek üçin doly taýýar etmegi tabşyrdy.
Milletiň Lideri ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalygyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, geljekde hem döwletimiz tarapyndan oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin zerur bolan ähli serişdeler yzygiderli goýberiler diýip nygtady.
Döwlet Baştutany täze bellenilen ýolbaşçylary özlerine ynanylan iş uçastoklarynda işiň zerur derejesini üpjün etmäge çagyryp, olara öz jogapkärli işlerinde hem-de bellenilen meýilnamalary ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Öz nobatynda pudagyň ýolbaşçylary ynam bildirendigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, öz ornuňyzda yhlas bilen işläp, ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar, bu bolsa Watanymyzyň ykdysady taýdan gülläp ösmegine ýardam eder.
Soňra maslahat gurluşyk, energetika we senagat toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek bilen dowam etdirildi.
Milletiň Lideri ilki Aşgabat şäheriniň häkimi, soňra bolsa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesinde uzak wagtlap işländigi üçin D.Orazowa minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda täze Abadan şäheri gurlan mahaly onuň tejribesini peýdalanmak maksadalaýyk bolar diýip belledi. Döwlet Baştutany bu hormatly, şonuň birlikde hem jogapkärli wezipedir diýip belläp, D.Orazowa öz bilimini we tejribesini doly peýdalanmagy, yhlas bilen işlemegi arzuw etdi.
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine A.Ýegeleýewi belläp, onuň bu ulgamda ýeterlik iş tejribesiniň bardygyny nygtamak bilen, öz üstüne ýüklenen jogapkärçilige hötde geljekdigine ynam bildirdi.
Milletiň Lideri energetika we senagat ministri wezipesine Ý.Orazgulyýewi belledi.
Soňra Türkmenistanyň gurluşyk ministri wezipesine J.Baýramow tassyklanyldy.
Türkmenistanyň gurluşyk materiallary senagaty ministri wezipesine B. Italmazow bellenildi.
Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri wezipesine A.Ýagşimammedow bellenildi.
«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň başlygy wezipesine A.Sarybaýew tassyklanyldy.
Döwlet Baştutany kabul edilen çözgütler boýunça degişli resminamalara gol çekip, gurluşyk, energetika we senagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde düýpli özgertmeleri amala aşyrmak we durmuşa geçirmek boýunça möhüm hem-de jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belledi. Milletiň Lideri ýurdumyzyň paýtagtyny dünýäde iň owadan şäherleriň birine öwürmek boýunça işi dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Aşgabat şäherinde ýaşaýjylar üçin ähli amatly şertler, häzirki zamanyň ösen üpjünçilik ulgamy bolmalydyr diýip nygtady.
Döwlet Baştutany Obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň ähmiýetini aýratyn belledi, şol Maksatnama laýyklykda ýurdumyzyň ähli obalarynda ýaşaýyş jaýlarynyň we dolandyryş-medeni maksatly binalaryň gurluşygy giň gerime eýe boldy. Bu babatda aýdylanlaryň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan desgalara hem degişlidigini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
Gurluşyk taslamalaryny işläp düzmek, binagärlik boýunça ýokary derejeli, ussat hünärmenleri taýýarlamak biziň öňümizde durýan örän möhüm wezipeleriň biridir. Döwlet Baştutany şäher binagärliginde täze tehnologiýalary, ýokary netijeli enjamlary we tehnikany, häzirki zaman innowasiýalaryny we ylmyň gazananlaryny has giňden ulanmak we pudagy mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak baradaky wezipäni öňde goýdy.
Türkmen paýtagtynyň binagärlik keşbinde milli öwüşginleri dünýäniň binagärliginiň iň oňat däpleri bilen utgaşdyrmak Aşgabadyň özboluşly aýratynlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri her bir aýratyn alnan taslamany işläp taýýarlamaga döredijilikli çemeleşmegiň ähmiýetini belledi.
Gurluşyk senagatynda isleg bildirilýän oňat hilli materiallary özbaşdak öndürmek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak hem möhümdir diýip, döwlet Baştutany aýtdy. Milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýewe hem-de gurluşyk materiallary senagaty ministri B.Italmazowa bu meseläni düýpli öwrenip, ýurdumyzyň gurluşyk materiallary senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öz tekliplerini Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow energetika we senagat ministri Ý.Orazgulyýewe energetika pudagyny kämilleşdirmek, şol sanda bar bolan elektrik geçiriji ulgamlaryň, transformator beketleriniň durkuny täzelemek we täzelerini gurmak, şeýle hem daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek meseleleriniň üstünde durup geçip, Aşgabatda ýol gurluşygynyň ýokary hilini üpjün etmegiň, olary oňat ulanyş ýagdaýynda saklamagyň möhümdigini nygtady.
Milletiň Lideri geljekde hem ýurdumyzda halkara standartlaryna laýyk gelýän gara ýollary gurmagy dowam etdiriljekdigini nygtady. Bu babatda awtomobil ýollaryny gurmaga degişli ähli tekliplere garamak, bu ýollaryň we köprüleriň gurluşygyna diňe bir daşary ýurtlaryň tejribeli ýol-gurluşyk kompaniýalaryny çekmek bilen çäklenmän, eýsem, bu işe öz kompaniýalarymyzy, şol sanda hususy kärhanalary hem giňden çekmek zerurdyr diýip, türkmen Lideri belledi.
Döwlet Baştutany ýol gurluşygyna innowasion tehnologiýalary we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, gurluşyk pudagyndaky ähli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň gurluşyk, energetika we senagat toplumlarynyň öňünde örän möhüm wezipeleriň durandygyny ýene-de bir gezek belläp, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegine, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen reformalaryň we giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulan ähli işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegine baglydygyny belledi.
Ýurdumyzyň gurluşyk, energetika we senagat toplumynyň şu gün bellenen ýolbaşçylarynyň ählisi özlerine bildirilen ýokary ynamy ödemek üçin özlerine ynanylan jogapkärli wezipede gaýduwsyz zähmet çekjekdiklerine hem milletiň Liderini ynandyrdylar.
Döwlet Baştutany bellenilen ýolbaşçylara çynlakaý we jogapkärli işlemegi sargap, hemmelere berk jan saglyk, Watanymyzyň eşretine gönükdirilen işde şowlulyklar we uly üstünlikler arzuw etdi.