Ï Ýokary okuw mekdebiniň binýadynda döredilen ylmy merkez
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary okuw mekdebiniň binýadynda döredilen ylmy merkez

view-icon 1152
Türkmen politehniki institutynyň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň binýadynda himiýa we suwuň tehnologiýasy boýunça Ylmy-maslahat beriş merkez döredildi.

Merkeziň işi bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we merkeziň işgärleriniň kärdeşleri bolan - Türkmenistayň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, ýurdyň Suw hojalyk ministrliginiň ýörüteleşdirilen institutynyň, Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň ekologiki monitoringiniň ylmy-önümçilik merkeziniň wekilleri bilen ýakyndan özara hyzmatdaşlyk esasynda alnyp barylýar. Merkeze tehniki ylymlarynyň doktory, professor Hojanepes Ýowjanow ýobaşçylyk edýär.


Merkeziň hünärmenleriniň öňünde tehnika-ykdysady ekspertizany koordinirlemek we ýerine ýetirmek, suw meselelerinde himiki we himiki tehnologiki jäht boýunça maglumatlary ýygnamak we ylmy netijeleri ara alyp maslahatlaşmak, ylmy işläp taýýarlamalary iş ýüzünde peýdalanylmagyna ýardam bermek ýaly meseleler durýar. Suw arassalaýjy we suw süýjediji serişdelerini netijeli ulanmaklyga tehniki-ykdysady we sanitariýa-gigiýena nukdaýnazardan seredilýär.

Ýurdyň ilatly obalarynda we senagat kärhanalarynda suw serişdelerini arassalamakda energiýanyň köp harç edilip, buga öwürip arassalanýan usulyna garanyňda, süýji suw almakda özüne düşýän gymmatynyň 3-4 esse arzan düşýän membranaly usullary ornaşdyrylýar. „Awaza“ Milli syýahatçylyk zolagynda deňiz suwuny süýjetmek üçin şular ýaly enjam ulanylýar.


Senagat ionitler ýa-da tebigy sorbentler esasynda sorbsion usullary arassalamakda we tehnologiki taýdan taýýarlamakda ýokary derejeliligi bilen tapawutlanýar. Türkmen alymlary ýerli mineral-çig mal serişdelerinden sorbentleri, koagulýantlary, süzgüçleri we beýleki önümleri almagyň usullaryny işläp taýýarladylar. Hususanda, Bathyz ýatagynyň seolitleri esasynda suwy ammoniýa ionlaryndan, duz gatylyklaryndan, agyr demirlerden we beýleki zyýanly ingrediýentlerden arassalamak üçin sorbentler alyndy. Suwy reňkleýji garyndylardan we beýlekilerden arassalamak üçin dolomitden täze ýokary netijeli koagulýant, sorbent almagyň usullary işlenip taýýarlanyldy.

Bu ylmy merkeziň meýilnamasynda geljekde talyplar üçin maslahatlary geçirmek, ýaş hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna goldaw bermek, daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak göz öňünde tutulýar.