Biziň ýurdymyzda giňden ýaýbaňlyndyrylan täze tehnologiýalary ösdürmek we ornaşdyrmak işleri jemagat hojalygynda hem giň gerime eýe bolýar. «Aşgabatýyladyş» edarasy tarapyndan ýyladyş ulgamlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bu ulgamyň işleýiş mümkinçiligini çaltlandyrmaga we paýtagtyň ýaşaýjylarynyň ýylylyk bilen ygtybarly üpjün edilmegine şert döretdi.
Şäheriň merkezleşdirilen ýyladyş ulgamynyň durkuny düýpli täzelemek baradaky taslamany şu ýylyň birinji ýarymynda tamamlamak göz öňünde tutulýar. Şu döwrüň içinde ýyladyş ulgamynyň 50 kilometre golaýyny çalyşmak maksat edinilýär.
Geçen ýyl «Aşgabatýyladyş» ulgamynda ýyladyş bug gazanlarynyň 120-sinden gowragynyň durky täzelenildi, şular ýaly täze desgalaryň 33 sanysy döredildi. Bu edaranyň desgalarynda Germaniýanyň «Wiýessmann» şereketiniň häzirki zaman enjamlary oturdyldy.
«Aşgabatýyladyş» edarasynyň ýyladyş ulgamlarynda täze bug gazanlaryň ulanylmaga berilmegi hem-de bu ýerde energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy kärhananyň girdejisiniň ep-esli artmagyna getirdi. Sarp edijileriň islegleriniň doly we üznüksiz kanagatlandyrylmagy durmuşa geçirilýän bu işleriň esasy görkezijileridir.