Ï Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilini kabul etdi

view-icon 695
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili, BMG-niň Owganystana ýardam bermek baradaky wekilliginiň baştutany Ýan Kubişi kabul etdi.

BMG-niň ýokary wezipeli wekili ýüzbe-ýüz duşuşyk üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ählihalk saýlawlarynda gazanan ýeňşi we ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutldady we BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna iberen hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasy döwlet Baştutanymyzyň öz halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, ýurduň geljekki ykdysady ösüşiniň hatyrasyna alyp barýan hemmetaraplaýyn düýpli özgertmelerini oňlaýar we olary goldaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler we Türkmenistanyň saýlap alan ugruny hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Muna gutlag sözlerini we jan saglyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny aýtdy. Bu iri halkara guramasynyň ähli düzümleri bilen şu ýyllaryň dowamynda ýola goýlan ýygjam we netijeli gatnaşyklar biziň ýurdumyzyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklaýar diýip, milli Liderimiz belledi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we myhman Owganystanyň häzirki ösüşi, ol ýerde bolup geçýän syýasy, ykdysady we durmuş wakalary bilen baglanyşykly meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. Howpsuzlygy pugtalandyrmak we Owganystanyň gaýtadan dikeldilmegine hem-de durnukly ösmegine bilelikde ýardam bermek ýaly möhüm ugurda Türkmenistan bilen BMG-niň özara gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan gün tertibinde duran meseleleri çözmek babatda dünýä bileleşiginiň meýillerini doly paýlaşýar we özüniň bitaraplyk derejesine laýyklykda ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň we döredijiligiň bähbitlerine döwletleriň hem-de abraýly halkara guramalarynyň ählisi bilen strategiki hyzmatdaşlygy amala aşyrmagy göz öňünde tutýar. Şunda goňşy döwletler, ilkinji nobatda, dostlukly Owganystan bilen netijeli gatnaşyklary berkitmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Owganystanyň halkyny we türkmen halkyny köp asyrlyk dostluk däpleri hem-de taryhy-medeni umumylygy baglanyşdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady we türkmen tarapynyň BMG-niň howandarlygynda owganara parahatçylykly gepleşikleri geçirmek üçin özüniň syýasy giňişligini bermäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili türkmen tarapynyň oňyn garaýyşlary üçin hoşallyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistany ygtybarly we jogapkärçilikli hyzmatdaş hasaplaýar diýip nygtady. Ýan Kubiş Türkmenistanyň öňe sürýän, goňşy Owganystandaky we tutuş sebitdäki ýagdaýy kadalaşdyrmaga oňyn täsir edýän möhüm başlangyçlaryna ýokary baha berip, Türkmenistan –Owganystan—Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurulmagy, Türkmenistanyň elektrik energiýasyny ibermegi, demir ýoly gurmagy we beýleki möhüm ädimler Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň binýadyny goýmaga gönüden-göni ýardam eder diýip nygtady. TOPH gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň durmuşa geçirilmegi owgan ykdysadyýetiniň ösmegine we möhüm durmuş meseleleriniň çözülmegine ýardam eder. Bellenilişi ýaly, bulardan başga-da, Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň çäklerinde hem özüniň günorta goňşusyna hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Biziň ýurdumyz bu guramanyň Başlyklygyna eýýäm ikinji ýyl yzly-yzyna saýlanylýar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Owganystana ýardam bermek baradaky wekilliginiň baştutany Ýan Kubiş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, şeýle hem milli bähbitlere we üçünji müňýyllygyň ählumumy ileri tutulýan maksatlaryna gönüden-göni laýyk gelýän täze bilelikdäki taslamalarda öz beýanyny tapjakdygyna ynam bildirdiler.

Duşuşyga BMG-niň Owganystana ýardam bermek baradaky wekilliginiň syýasy bölüminiň ýolbaşçysy Talatbek Masadykow gatnaşdy.