Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk, söwda we dokma senagaty toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen nobatdaky maslahaty geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümini düzmek boýunça guramaçylyk meseleleri girizildi.
Maslahata ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk, söwda we dokma senagaty pudaklarynyň ýolbaşçylary çagyryldylar.
Şu günki maslahatda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek hakyndaky meselelere garaldy.
Milli Liderimiz N. Şagulyýewe ýurdumyzyň Hökümetiniň düzüminde işlän döwründe ulag we aragatnaşyk pudagyny ösdürmek boýunça köp işleri edendigini belläp, oňa bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we onuň toplan tejribesiniň başga bir işde peýdalanylsa maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine R.Seýitkulyýewi belläp, onuň bu jogapkärli wezipäni oňarjakdygyna ynam bildirdi.
R.Seýitkulyýew bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi özüne ynanylan düzümde türkmen halkynyň bähbitlerine daýanyp, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna halal işlejekdigine ynandyrdy.
Ýurdumyzyň demir ýol ulaglary ministri wezipesine B.Annameredow bellenildi. Ol demir ýol ulaglary minisriniň orunbasary wezipesinde işläp, bu wezipede özüni gowy tarapdan görkezdi, onuň täze wezipäni hem oňarjakdygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekdi.
Soňra aragatnaşyk ministri wezipesine bellemek hakyndaky meselä seredildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ö.Jumagulyýewe bu wezipede alyp baran işi üçin minnetdarlyk bildirip, onuň tejribesiniň başga bir işde peýdalanylsa maksada laýyk boljakdygy baradaky çözgüdi kabul etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň aragatnaşyk ministri wezipesine B.Öwezowy belläp, ony aragatnaşyk ministriniň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz S. Berkeliýewi ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ministri wezipesine tassyk etdi.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy wezipesine M.Aýazow bellenildi.
Deňiz ye derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy wezipesine bolsa M.Mütdikow bellenildi.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň başlygy wezipesine B.Hallyýew tassyk edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermegiň zerurdygyny belledi we ulgamyň ösüşiniň milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň toplumlaýyn ösdürilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Ulaglar pudagynyň ýolbaşçylarynyň öňünde ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberlerini artdyrmak hem-de hilini ýokarlandyrmak, bar bolan önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak wezipeleri durýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda aragatnaşyk hyzmatlaryny ösdürmek we onyň hilini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek baradaky maksatnamalaryň üstünlikli berjaý edilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze demir ýollaryny gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça ýokary talaplaryň bildirilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde gurulýan “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň ägirt uly halkara ähmiýeti bardyr. Bu ýoluň gurluşygynyň tamamlanyp ulanmaga berilmegine diňe bir biziň ýurdumyz däl, eýsem, goňşy we sebitdäki ýurtlar hem uly gyzyklanma bildirýär, şonuň üçin hem bu demir ýoly ýokary hilli we dünýä ölçeglerine laýyklykda gurulmalydyr.
Döwlet Baştutaynymyz ulaglar pudagynyň ýolbaşçylary ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini we hilini has-da ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermelidirler diýip bellemek bilen, pudakda ilatymyza edilýän hyzmatlaryň hemişe ýokary talaplara laýyk gelmelidigini, bu wezipeleriň diňe bir demir ýol ulaglaryna däl, eýsem, ähli beýleki ulaglara hem degişlidigini, awtomobil, howa, deňiz we derýa ulaglarynyň ýolbaşçylarynyň bu meseläni hemişe berk gözegçilikde saklamalydygyny nygtady. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz pudagyň işinde käbir kemçilikleriň bardygyny, paýtagtymyzda, ýurdumyzyň, beýleki şäherlerinde we etraplarynda täze awtoulag menzillerini gurmak meselesiniň häzire çenli göwnejaý çözülmeýändigini belledi.
Aragatnaşyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek möhüm wezipeleriň biri bolup durýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda aragatnaşygyň ähli görnüşlerini häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, güýçli depginler bilen ösdürmek barada degişli ýolbaşçylara tabşyrdy we bu meseleleriň häzirki zaman tilsimatlaryny, pudagyň öňdebaryjy gazananlaryny hasaba almak bilen gyssagly çözülmeginiň zerurdygyny belledi.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitlemek bilen, döwlet Baştutanymyz olara ýurdumyzyň çäklerindäki gatnawlary, şeýle hem halkara gatnawlaryny has-da giňeltmek, ýurdumyzyň howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz M.Aýazowa howa ýollary pudagyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürimegiň maksatnamasyny işläp düzmek barada anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz uçarlaryň howpsuzlygyny doly üpjün etmek, uçarmanlaryň taýýarlyk derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Pudak boýunça gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalar bellenen möhletlerde we ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň işgärleriniň öňünde ýolagçylary gatnatmagy we halk hojalyk ýüklerini daşamagy artdyrmak, şonuň ýaly-da Türkmenbaşynyň deňiz portuny döwrebaplaşdyrmak ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini ýene bir ýola belläp, olaryň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň berkemegini, onuň raýatlarynyň abadançylygyny üpjün eder diýip nygtady.
Pudaklaryň täze bellenen ýolbaşçylary hormatly Prezidentimize bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirdiler we özleriniň her günki yhlasly zähmetleri bilen pudagyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmegine, ýurdumyzyň has-da rowaçlanmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryny ynandyrdylar.
Soňra ýurdumyzyň Hökümetiniň täze düzümini kemala getirmäge bagyşlanan maslahat söwda we dokma senagaty pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Milli Liderimiz O. Gurbannazarowa Hökümetde dürli wezipelerde, gözegçilik edýän pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagynda alyp baran işi üçin minnetdarlyk bildirip, onuň tejribesiniň başga bir möhüm işde ulanylsa maksada laýyk boljakdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma senagatyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine N.Atagulyýewi belläp, onuň bu pudakda ýeterlik iş tejribe toplandygyny we üstüne ýüklenen täze borçlara jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynam bildirdi.
N.Atagulyýew bildirilen ynam üçin milli Liderimize hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi özüne ynanylan düzümde Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna halal we yhlasly işlejekdigine ynandyrdy.
Döwlet Baştutanymyz N.Atagulyýewi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda we dokma senagaty toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatmak hakyndaky degişli resminamalara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesine B.Abaýewi tassyk etdi.
Milli Liderimiz A.Babaýewany dokma senagaty ministri wezipesine belledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, O. Işangulyýewa döwlet ministri – “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellenildi.
Soňra milli Liderimiz Ş. Meredowy döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesine belledi.
Şeýle hem maslahatyň barşynda degişli jemgyýetçilik guramalarynyň P. Taganowy Söwda-senagat edarasynyň başlyklygyna, A. Dadaýewi bolsa ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlyklygyna bellemek hakyndaky pikirleri goldanyldy.
Kabul edilen çözgütler boýunça degişli resminamalara gol çekip hem-de söwda we dokma senagaty toplumy, şeýle hem halyçylyk we hususy telekeçilik milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklary bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamlaryň ýolbaşçylarynyň öňünde anyk wezipeleri goýdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, B.Abaýew beýleki ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara ýerlemegiň möçberlerini yzygiderli artdyrmak, şeýle hem daşary ýurtly ähli hyzmatdaşlarymyz bilen ykdysady gatnaşyklary has-da giňeltmek boýunça bilelikde iş alyp barmalydyr.
Dokma senagaty ministri A. Babaýewa pudagyň mümkinçiliklerini artdyrmak, döwlet tarapyndan pudagy ösdürmek üçin goýberilýän uly möçberli serişdeleri netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmelidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen birlikde gysga wagtyň içinde pudagyň könelişen hem-de wagty geçen önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak we olaryň durkuny täzelemek boýunça zerur işleri geçirmeli, ýurdumyzda öndürilýän dokma önümleriniň möçberlerini yzygiderli artdyrmaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Ýurdumyzyň halyçylyk pudagyny ösdürmek baradaky meselä degip geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan halyçylyk sungaty biziň bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr, şoňa görä-de ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilerinde bu ajaýyp sungatymyzyň ösmegine we şan-şöhratynyň bütin dünýä ýaýramagyna ýardam berjek netijeli işler alnyp barylmalydyr diýip aýtdy. Biz gudrat saýylýan türkmen halylaryny dokamagyň gadymy däplerini dikeltmelidiris, halyçylygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin has amatly şertleri döretmek maksady bilen, O. Işangulyýewanyň öňünde häzirki bar bolan kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, olaryň durkuny täzelemek boýunça anyk wezipeleri goýdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy P. Taganowa ýüzlenip, bu guramanyň alyp barýan işiniň meseleleriniň üstünde durup geçdi we onuň öňünde hem möhüm wezipeleriň durýandygyny belläp, bu edaranyň işi diňe bir ýurdumyzda öndürilýän harytlar barada alyjylara habar bermek we harytlary mahabatlandyrmak bilen çäklenmeli däldir diýip nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Söwda- senagat edarasy gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dürli sergileri bilelikde guraýan taraplaryň biri bolmalydyr, dünýäniň ýokary depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hatarynda durýan Türkmenistanyň ähli pudaklarda gazanýan ägirt uly netijelerini dünýä wagyz etmelidir. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlygyna ýüzlenip, milli ykdysadyýetimiziň geljekki yzygiderli ösüşinde hususy telekeçilige örän möhüm orun degişlidir diýip belledi. Şeýle hem maslahatyň barşynda P. Taganow ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň, A.Dadaýew bolsa Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň başlyklygyna – jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hökmünde edilen teklipler goldanyldy.
Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipelerden ugur almak bilen, Döwlet haryt-çil bal biržasynyň işi hem kämilleşdirilmelidir diýip belledi. Milli Liderimiz Ş. Meredowa Döwlet haryt-çig mal biržasy özümizde öndürilýän önümleri daşary ýurtlara amatly ýerlemek, şeýle hem ýurdumyz üçin gerek bolan, daşary ýurtlarda öndürilýän harytlary pes bahalardan ýurdumyza getirmek boýunça zerur işleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzyň söwda we dokma senagaty toplumynyň şu gün bellenen ýolbaşçylarynyň hemmesi milli Liderimizi özlerine ynanylan pudaklarda güýç-gaýratyny, bilimini we tejribesini gaýgyrman işlejekdiklerine, özlerine bildirilen ýokary ynamy ödejekdiklerine we öňde goýlan wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz täze bellenen ýolbaşçylaryň jogapkärli işlerinde üstünlikli işlejekdiklerine ynam bildirip, olara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň abdançylygynyň hatyrasyna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.