Täze Galkynyş zamanamyzda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini has-da kämilleşdirmek, şeýle hem halkymyzyň ýokary hilli döwürleýin neşirlere bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine “Medeniýet” žurnalyny hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän edara görnüşli tarap hökmünde bellenen tertipde döretmäge ygtyýar berildi. “Medeniýet” žurnalyny 2012-nji ýylyň fewral aýyndan iki aýda bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edip başlamak bellenildi.
Täze döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşini dowam etdirmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, şeýle hem pudaklaýyn anyk maksatnamalary işläp düzmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy. Ministrliklere, pudak edaralaryna we häkimliklere şu Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talaba laýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Welaýatlaryň häkimlikleri degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde Maksatnamada Türkmenistan boýunça obalary, şäherçeleri, etraplardaky şäherleri we etrap merkezlerini durmuş taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň 2012-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasynda gurulmagy hem-de durky täzelenmegi göz öňünde tutulýan binalaryň we desgalaryň etraplar we şäherler boýunça sanawyny her ýylyň 25-nji fewralyna çenli Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen ylalaşyp tassyklamaga borçly edildi.
* * *