Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky maslahaty geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň täze düzümini tassyklamak bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri girizildi.
Şu günki maslahatda ilki bilen nebitgaz senagaty, himiýa we balyk hojalygy toplumynyň ýolbaşçylaryny bellemek hakyndaky meselä garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bu topluma gözegçilik edýän orunbasarynyň wezipesine B.Hojamuhammedowy belläp, onuň degişli ulgamda ýeterlik iş tejribesiniň bardygyny aýtdy we öz üstüne ýüklenen jogapkärçilige hötde geljekdigine ynam bildirdi.
Wezipä täze bellenilen wise-premýer özüne bildirilen ynam üçin milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Watanymyzyň rowaçlanmagynyň hatyrasyna öz üstüne ýüklenen jogapkärli wezipede ak ýürekli işlejekdigine Türkmenistanyň Prezidentini ynandyrdy.
Soňra döwlet Baştutany Ý.Kakaýewi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory wezipesine belledi.
Milletiň Lideri “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy wezipesine S.Mämmedowy belläp, ony Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesinden boşatdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory wezipesine T.Tagyýewi belläp, ony Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutany B.Nedirowy Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministri wezipesine belledi.
“Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy wezipesine A.Derýaýew bellenildi.
Milletiň Lideri “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygy wezipesine A.Gurbanowy belledi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti T.Ýagşymyradowy “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine belledi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň başlygy wezipesine A.Hojaberdiýewi tassyklady.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesine M.Kuraýewi belledi.
Şeýle hem maslahatyň barşynda hormatly Prezidentimiz K.Abdyllaýewi “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesine belledi.
Hormatly Prezidentimiz E.Patjanowy “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy baradaky komitetiň başlygy wezipesine belläp, ony bu komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Türkmenistanyň Prezidenti kabul edilen çözgütler boýunça degişli resminamalara gol çekip, nebitgaz senagaty, himiýa we balyk hojalygy toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly zerur çärelere degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garady.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudagy bolan nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek biziň döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir diýip bellemek bilen, milletiň Lideri nebitgaz senagaty, himiýa we balyk hojalygy toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň ünsüni pudagyň edara-kärhanalarynyň önümçilik tabşyryklaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirmegine, maliýe-ykdysady görkezijileriniň yzygyiderli ýokarlanmagyny we önümçiligiň düşewüntli bolmagyny gazanmaga çekdi.
Toplumyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň buýurmasy boýunça gurulýan desgalarda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek meselesine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz bu desgalaryň ýokary hilli gurulmagyny we bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň möhümdigini belledi. Önümçilikde ekologiýanyň talaplaryny berk berjaý etmegiň zerurdygyny nygtap, döwlet Baştutany çig nebit, tebigy gaz we gaz kondensaty çykarylanda ulanylýan tehnologiýalaryň, himiki we beýleki serişdeleriň daşky gurşawa ýaramaz täsirini ýetirmegine ýol bermeli däldigini tabşyrdy.
Kontinentleri birleşdirýän “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisini gurmak boýunça alnyp barylýan guramaçylyk işlerini ahyryna çenli dowam etmegiň möhümdigini belläp, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow wajyp halkara ähmiýeti bolan bu gaz geçirijiniň gurulmagy ýurdumyzdan Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gazy uzak möhletiň dowamynda ibermäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, ol sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berer diýip belledi. Döwlet Baştutany pudagyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryny özünde jemleýän “Galkynyş” gaz känini we geljegi uly bolan beýleki nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleriň dowam etdirilmelidigini hem görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy A.Derýaýewe, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy T.Ýagşymyradowa ýüzlenip, olara nebitiň, tebigy gazyň we gaz kondensatynyň täze ýataklaryny tapmak, bu tebigy baýlyklary çykarmagyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, gözleg işleriniň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany geljegi uly bolan meýilnamalar barada aýtmak bilen, Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça alnyp barylýan gözleg-buraw işlerini çaltlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Hazar deňzinde nebit çykarmagyň täze, öňdebaryjy tehnologiýalaryny giňden ulanyp, nebitgaz meýdançalarynyň sanyny has-da artdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem “Türkmennebit” döwlet konsernine 40-45 ýyl bäri ulanylyp gelinýän we häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmeýän öz nebit geçiriji ulgamlaryny düýpli täzelemegi tabşyrdy.
Milletiň Lideri “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygy A.Gurbanowa ýüzlenip, konsernde alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi, şeýle hem konsern tarapyndan bina edilýän desgalaryň ýokary hilli gurlup, öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegi talap etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň öňünde durýan wezipeleriň üstünde durup geçmek bilen, onuň ýolbaşçysyna Maryda ammiak we karbamid zawodlarynyň, şeýle hem Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän toplumyň gurluşygyny maliýeleşdirmekde bar bolan meseleleri gysga wagtyň içinde çözmegi we bu desgalarda alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny has çalt özleşdirmek maksady bilen, döwlet Baştutany nebitgaz senagaty, himiýa we balyk hojalygy pudaklaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek boýunça işleri geçirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň täze bellenilen ýolbaşçylaryna özlerine ynanylan wezipelerde işleri degişli derejede üpjün etmegi tabşyryp, olara berk jan saglyk, abadançylyk we ýurdumyzyň nebitgaz senagaty, himiýa we balyk hojalygy pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Pudagyň ýolbaşçylary öz nobatynda döwlet Baştutanyna bildirilen ynam üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň ykdysady taýdan gülläp ösmegine ýardam etjek bellenilen wezipeleri çözmäge tutanýerli zähmetleri bilen mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra maslahat Türkmenistanyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi.
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine A.Goçyýewi tassyklap, onuň degişli ulgamda ýeterlik iş tejribesiniň bardygyny aýtdy we öz üstüne ýüklenen jogapkärçilige hötde geljekdigine ynam bildirdi.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bildiren ynamy üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, wezipä täzeden bellenilen wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentini özüne ynanylan toplumda eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna päk ýürekden zähmet çekjekdigine we ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe, bank, salgyt we statistika edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen ähli wezipeleri öz wagtynda ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Soňra döwlet Baştutany ýurdumyzyň ykdysadyýet we ösüş ministri wezipesine B.Hojamämmedowy belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň maliýe ministri wezipesine D.Sadykowy belledi.
Milletiň Lideri Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri wezipesine B.Şamyradowy tassyklady we ony ýurdumyzyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine bellemek hakynda Karara gol çekdi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine T.Japarowy belledi.
Ýurdumyzyň Baş döwlet salgyt gullugynyň başlygy wezipesine A.Mämikow bellenildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow N.Orazowy “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy wezipesine belledi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine A.Mämmedowy tassyklady.
Milletiň Lideri Türkmenistanyň strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň direktory wezipesine M.Ataýewi belledi.
Kabul edilen çözgütler boýunça degişli resminamalara gol çekip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halk hojalygynyň möhüm toplumlarynyň biri bolan ykdysady ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde uly işleriň durýandygyny belläp, degişli ulgamda möhüm wezipeleriň birnäçesi boýunça durup geçdi.
Döwlet Baştutany şol wezipeleriň hatarynda ýurdumyzy 2012–2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny görkezip, onuň Ministrler Kabinetiniň ýakyn wagtlarda geçiriljek nobatdaky mejlisinde kabul ediljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri esasy wezipeleriň biri bu Maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini berk gözegçilikde saklamakdan ybaratdygyny belledi.
Döwlet Baştutany toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, milli ykdysadyýetimiziň häzirki ösüş depginlerini saklamagyň we mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň möhümdigini aýtdy. Ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň maliýe - ykdysady ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamaly, olaryň işinde ýüze çykýan maliýe-ykdysady meseleleri gysga wagtyň içinde çözmäge ýardam bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Biz halkara maliýe guramalary, şol sanda Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky hem-de daşary ýurtlaryň beýleki esasy banklary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Obalaryň, şäherçeleriň, şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamamyzy amala aşyrmak bilen bagly meseleler hemişe üns merkezinde durmalydyr diýip, döwlet Baştutany şol meseleleri berk
gözegçilikde saklamagy talap etdi.
Merkezi bank ýurdumyzyň beýleki banklarynyň maýa goýum gorlaryny artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmeli. Bu banklaryň ýurdumyzyň ileri tutulýan maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmaklaryny guramaly. Şonuň ýaly-da, banklaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň önüm öndürýän pudaklaryna karz bermek boýunça alyp barýan işlerini has-da güýçlendirmeli diýip, milletiň Lideri aýtdy.
2012-nji ýylda geçiriljek ýurdumyzyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutany bu möhüm çärä ykjam taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilat ýazuwynyň netijeleriniň ýurdumyzy täze taryhy eýýamda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan maglumatlar binýadyny döretmekde örän uly ähmiýeti bardyr diýip belledi.
«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy N.Orazowyň öňünde hem möhüm wezipeleriň birnäçesi goýuldy, oňa milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ulanylýan ýeke-täk ölçeg ulgamlaryny we gözegçilik-ölçeg abzallarynyň ygtybarly döwlet barlagyny geçirmek tabşyryldy.
Şu gullugyň ýolbaşçysyna şeýle hem ýurdumyzda milli etalon binýadyny döretmek, döwlet etalonlaryny we enjamlaryny aýawly saklamak maksady bilen, Aşgabat şäherinde Döwlet etalon merkeziniň binasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak tabşyryldy.
Ýurdumyzyň alymlarynyň, Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş institutynyň öňünde durýan wezipeleriň üstünde durup geçmek bilen, milletiň Lideri halkara zähmet bölünişiginde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak, has bähbitli ugurlar boýunça eksport mümkinçiliklerimizi giňeltmek, ýurdumyza getirilýän harytlaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, häzir biz ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýan, örän jogapkärli döwürde ýaşaýarys diýip belledi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary netijeler gazanylýar. Eziz Diýarymyzda täze-täze obalar we şäherler gurulýar. Ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamynyň işgärleri hem uly goşant goşýarlar.
Ýöne, gynansak-da, bu ulgamyň aýry-aýry ýolbaşçylary özlerine bildirilýän ynamy ödemeýärler. Olar öz borçlaryny geleňsizlik bilen ýerine ýetirip, gulluk ýagdaýlaryny şahsy bähbitleri üçin ulanýarlar diýip, milletiň Lideri ýurdumyzyň iri banklarynyň biri – Döwlet ösüş bankynyň müdiriýetiniň başlygy B.Çopanowy mysal getirdi.
Şunuň bilen baglylykda, işde goýberen düýpli kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.Çopanowy eýeleýän wezipesinden boşatdy.
Işde goýberen kemçilikleri üçin şeýle hem «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy D.Durdyýew eýeleýän wezipesinden boşadyldy.
Wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, bankyň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi üçin, döwlet Baştutany «Senagat» paýdarlar-täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy G.Müşşikowa käýinç yglan etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe we Merkezi bankyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarowa ýüzlenip, banklaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, olara duýduryş berdi we bank ulgamynyň işinde bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi, olaryň işini talaba laýyk ýola goýmagy talap etdi. Milletiň Lideri bank ulgamynyň ähli ýolbaşçylaryna aýdylanlardan degerli netije çykaryp, şeýle kemçilikleriň gaýtalanmazlygy üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň
netijelerini jemläp, ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank ulgamynyň işgärleriniň berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere işjeň gatnaşyp, milli ykdysadyýetimiziň ösmegine uly goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Bu toplumlaryň wezipelere bellenilen ýolbaşçylary Türkmenistanyň Baştutanyna özlerine bildiren ýokary ynamy ödemek üçin öz bilimlerini we tejribelerini gaýgyrmajakdyklaryna we öz öňlerinde goýlan, ýurdumyzyň maliýe, bank, salgyt we statistika edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen wezipeleriň hötdesinden abraý bilen geljekdiklerine ynandyrdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wezipelere bellenen ýolbaşçylara ak pata berip, olara berk jan saglyk hem-de eziz Watanymyzyň we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.