Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 586
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalarynyň käbiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, birnäçe pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdy. Türkmenistanyň täze düzülen Ministrler Kabinetiniň birinji mejlisinde kabul edilen ýurdumyzyň 2012-2016-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek maslahatyň esasy meseleleriniň biri boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji bolup göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowy çagyrdy. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekin meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işleriniň depginleri, şeýle hem welaýatyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň gidişi barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Ahal welaýatyny ösdürmegiň meselelerini çözmäge ulgamlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini aýtmak bilen, ýurdumyzyň 2012-2016-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýat boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasynyň düzülmelidigini we onuň tassyklanmalydygyny aýtdy we onuň çäklerinde berjaý edilmeli işleri kesgitlemek barada anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleriniň agrotehniki talaplara doly laýyk gelýän derejede ýerine ýetirilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda taýýarlanan galla hasylyny talabalaýyk saklamak, onuň bökdençsiz daşalyşyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişi möwsümine görülýän taýýarlyk hem-de ekişde ulanyljak tehnikalary taýýarlyk hataryna çykarmak boýunça degişli işleriň ýerine ýetirilendigi barada hasabat berdi. Şeýle hem S.Satlykow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda we welaýatyň beýleki ýerlerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalar we täze gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda derwaýys möwsüm bolan gowaça ekişine görülýän taýýarlyk işleriniň zerur agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmalydygyny belläp, ekişiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün edýän möhüm çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi barada anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz 2016-njy ýyla çenli tassyklanan maksatnamadan gelip çykýan wezipeler bilen baglylykda welaýatyň durmuş-ykdysady düzümini toplumlaýyn ösdürmek üçin sebitiň serişdeler we çäk mümkinçiligini doly peýdalanmaga mümkinçilik berýän köp ugurly maksatnamany işläp düzmegiň möhümdigini aýtdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew häzirki döwürde welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, ýerleri we tehnikany gowaça ekişine taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynda işleriň barşy hakynda hasabat berdi.

Her bir anyk sebiti ösdürmegiň meýilnamalaryny ykjam işläp taýýarlamagyň möhümdigini bellemek bilen, milletiň Lideri olaryň her welaýatyň aýratynlyklaryny we mümkinçiliklerini, şeýle hem umumymilli maksatlary nazara almalydygyny aýtdy. Bu ilkinji nobatda hökümetiň geljek bäş ýyly üçin anyk kesgitlän wezipeleri bolup durýandygyny nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň üstünlikli çözülmegi köp babatda welaýatyň we onuň etraplarynyň ähli dolandyryş, edara we hojalyk düzümleriniň sazlaşykly gatnaşyklaryna baglydyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri Daşoguz welaýatynyň häkimine demirgazyk welaýaty ýakyn geljek üçin ösdürmegi toplumlaýyn meýilleşdirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowyň hasabatyny diňledi. Häkim oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem welaýatda gurulýan desgalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişi hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň durmuş we senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ähli bellenilen meýilnamalary gyşarnyksyz durmuşa geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäginde gurulýan desgalaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olarda gurluşyk işleriniň hiline we möhletlerine berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi. Oba hojalyk pudagy üçin örän jogapkärli bolan ekiş möwsümine görülýän taýýarlygyň ýokary derejede bolmalydygyny belläp, milli Liderimiz bu ugurda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, işleriň guralyşynda hiç hili bökdençlige ýol berilmeli däldigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin welaýat häkimliginiň ähli bölümleriniň edaralar we pudaklaýyn düzümler bilen sazlaşykly işlemelidigini aýtdy.

Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow göni wideoaragatnaşyk boýunça beren hasabatynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, gowaça ekişine taýýarlyk görmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada habar berdi. Şeýle hem hakim welaýatyň çäginde gurulýan dürli maksatly desgalarda işleriň gidişi hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz gowaça ekişini ýokary guramaçylykly geçirmek hem-de welaýatyň ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak we ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyga öňdebaryjy tilsimatlary ornaşdyrmak barada anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatda galla hasylyny degişli derejede saklamak we gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Zerur bolan guramaçylyk şertlerini döretmek we ulgamlaýyn çemeleşme sebiti ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmaga bildirilýän esasy talap bolup durýandygyny bellemek bilen, milletiň Lideri welaýatda gurluşyk taslamalaryny şertnamalaryň möhletlerine we hil standartlarynyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirmek işleri bilen birlikde ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş we medeni gurşawyny gowulandyrmak bilen bagly meseleleriň welaýat häkimleriniň üns merkezinde durmalydygyny aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri, şäheriň ulag-aragatnaşyk we beýleki durmuş ulgamlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler boýunça hasabat berdi. Şeýle hem ol paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler, şäheri durmuş-senagat taýdan ösdürmegiň nobatdaky tapgyrlaryna görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda şähergurluşyk-binagärlik boýunça ýaýbaňlandyrylan uly möçberli maksatnamany durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň depgininiň barha ýokarlandyrylmalydygyny belledi. Şäher ilaty üçin häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ähli amatlyklary döretmek meselelerine aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň öz wagtynda tamamlanmagy we şäheri ösdürmegiň maksatnamasynyň ähli ugurlarynyň yzygiderli berjaý edilmegi, Aşgabatda arassaçylygyň, tertip-düzgüniň ýokary derejede guralmagy ugrunda zerur çäreleri görmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew çykyş etdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Şeýle hem ol milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny toplumlaýyn ösdürmek maksady bilen, iri maýa goýum serişdeleriniň özleşdirilişi, welaýatlary düýpli özgertmek, şol sanda täze obadyr şäherleri gurmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň maksatnamasy hakynda aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn strategiýanyň maksatlary we wezipeleri Türkmenistanyň ilatynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň 2012-2016-njy ýylar üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini şertlendirýän ähli zerur çäreleri görmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen ähli ýolbaşçylaryň, dolandyryş guramalarynyň we pudaklaýyn edaralaryň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini aýtdy.

Soňra göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynda, dokma pudagynda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy ösdürmegiň 2016-njy ýyla çenli döwür üçin kabul edilen Maksatnamada göz öňünde tutulan senagat kärhanalarynyň we önümçilik desgalarynyň gurluşygyny alyp barmak, olaryň ýokary hilli gurulmagy üçin ähli zerur çäreleri görmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işlerine ýerli hususyýetçileriň giňden çekilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Mundan başga-da, milli Liderimiz Maksatnamanyň çäklerinde ulgama degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýerlerde degişli düzümler bilen sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça anyk ugurlary kesgitlemegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işleriniň depginleri, şeýle hem obasenagat toplumyna degişli gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hususan-da, ol ekerançylyk meýdanlaryny we oba hojalyk tehnikalaryny gowaçanyň we beýleki ekinleriň ýazky ekişine taýýarlamagyň doly derejede alnyp barylýandygyny, şol bir wagtyň özünde hem güýzlük däne ekinlerine ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreleriň geçirilýändigi, şeýle hem ýakyn wagtda başlanjak owlak-guzy möwsümine görlen taýýarlyk işleri barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem senagat we oba hojalyk önümçiliklerini ýola goýmak üçin zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynda möhüm möwsüm bolan ýaz ekişine agrotehniki kadalara doly taýýarlyk görmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Oraznazarowy çagyrdy. Ol ýurdumyzyň atçylyk pudagynda geçirilýän işler, welaýatlarymyzda gurlan döwrebap aýlawlaryň ýagdaýy, şeýle hem häzirki zaman atçylyk sport toplumlaryny oňat saklamak we olary netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, şöhraty dünýä dolan bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak we tohumçylyk işini talabalaýyk ýola goýmak we kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berilmelidigini aýtdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň atçylyk sportuny ösdürmek we onuň bilen meşgullanýanlar üçin ýokary derejeli şertleri döretmek hem-de sportuň bu görnüşiniň gerimini giňeltmek, türkmen türgenleriniň halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreleri görmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Seýitkulyýew ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, işiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer ulgamyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ähli düzümlerde degişli gurluşyk işleriniň alnyp baryşy barada aýtdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, demir ýol ulaglar pudagyny we beýleki düzümleri toplumlaýyn ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň hem-de ýerine ýetirilmeli işleriň kesgitlenilmelidigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin degişli düzümler bilen sazlaşykly işi ýola goýmak barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň başlygy M.Aýazowyň hasabatyny diňledi. Ol öz hasabatynda pudagyň işini has-da ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna giň gerim bermek hem-de gullugyň tehniki parkynyň üstüni ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gullugyň işini has-da kämilleşdirmek, öz işine ussat hünärmenleri ýetişdirmek hem-de uçarlarda ýokary derejeli hyzmatyň üpjün edilmegi üçin zerur çäreleri görmek boýunça degişli işleriň durmuşa geçirilmelidigini belledi. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynda halkara hyzmatdaşlygynyň gerimini mundan beýläk-de giňeltmek boýunça zerur çäreleri görmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda 2012-2016-njy ýyllarda häzirki zaman obalaryny döretmegiň we ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamak boýunça tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi hem-de ýurtda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz şu meseläniň üstünde durup geçmek bilen, şol maksatnamanyň obalary we täze özleşdirilýän ýerleri ösdürmegiň netijeli ugry, maýa goýumlaryny çekmegiň we etraplaryň ykdysadyýetini ösdürmegiň, olaryň durmuş düzümlerini gowulandyrmagyň netijeli usulyna öwrülmelidir diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda durmuş-medeni we senagat maksatly desgalaryň, häzirki zaman ulag ýollarynyň, elektrik geçiriji ulgamlaryň we beýleki ulag-aragatnaşyk we inženerçilik ulgamlarynyň gurluşygyny öz içine alýan toplumlaýyn taslamalary işläp düzmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Bu babatda degişli düzümler bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak boýunça anyk görkezmeleri bermek bilen milletiň Lideri obalarda adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary ülňülerini ornaşdyrmak bu işiň esasy maksady bolmalydyr diýip belledi.

Soňra maslahatda Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýurdumyzyň parlamentiniň ýurdumyzy ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Maksatnamada göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasyny düzmek we olary kanunçylyk taýdan goldamak babatda durmuşa geçirilýän çäreler hakynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlarynyň ýerlerde bolup, Maksatnamada göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin degişli düzümler bilen utgaşykly işlemekleriniň maksada laýyk boljakdygy barada aýtdy. Hususan-da, ýurdumyzyň obalaryny durmuş taýdan ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak boýunça goýberilýän serişdeleriň talaba laýyk ulanylmagyna gözegçilik edilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Mejlisde ýurdumyzda kanunçylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilen iş maslahatyny jemläp, Watanymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösüşini hem-de halkymyzyň maddy-hal ýagdaýynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyny üpjün eder diýip belledi.

Şeýlelikde, milli Liderimiz şu günki maslahaty tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine ýurdumyzyň ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikler arzuw etdi we olar bilen hoşlaşdy.