Şu gün Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Baş Assambleýasynyň hasabat-saýlaw mejlisi geçirildi, oňa MOK-nyň agzalary, ýurdumyzyň sport jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidentini, MOK-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we onuň Baş Assambleýasynyň agzalaryny saýlamak hakynda mesele girizildi.
Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Prezidentligine täze 4 ýyllyk möhlete döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gaýtadan biragyzdan saýlanyldy.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolup durýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn aladasy netijesinde köpçülikleýin bedenterbieýe-sagaldyş hereketini we ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek Türkmenistanda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda häzirki zaman sport desgalarynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň sporty öz ösüşinde Türkmenistanyň Baştutanynyň ýöredýän “açyk gapylar”, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty, ýurdumyzda iri halkara ýaryşlarynyň geçirilmegi hem-de türkmen türgenleriniň olimpiýa hereketine has giňden gatnaşmagy netijesinde kuwwatly itergä eýe boldy. Mysal üçin, biziň türgenlerimiziň Pekinde geçirilen XXIX tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy möhüm itergi boldy. Mälim bolşýy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Olimpiada – 2008-iň açylyş dabarsyna gatnaşmak we türkmen türgenlerine ak pata bermek üçin Hytaýyň paýtagtyna ýörite bardy.
Halkara sport hereketiniň öňünde uly hyzmatlaryny ykrar etmegiň nyşany hökmünde 2009-njy ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Baştutanyna Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagy—Hormat ordeni gowşuryldy.
Assambleýanyň işiniň barşynda şeýle hem ýurdumyzda ýokary üstünlikler sportuny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy. 2012-nji ýylda Londonda geçiriljek tomusky olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak ugrunda ýollanmalaryň has köp sanlysyny gazanmak barada wezipe goýuldy. Şonuň bilen birlikde Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň karary bilen
2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek üsti ýapyk binalarda hem-de söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryna üstünlikli taýýarlanmak üçin sport zehinlerini ýurdumyzyň ýygyndy toparlaryna yzygiderli seçip almagyň zerurlygy bellenildi.
Ýaşlaryň sport ussatlygyny kämilleşdirmek üçin zerur bolan şertleri döredýänligi üçin milletiň Liderine hoşallyk bildirmek bilen, maslahata gatnaşyjylar türkmen sportuny mundan beýläk-de ösdürmek, dünýäde onuň abraýyny artdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdylar.