Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türk žurnalistleri bilen söhbetdeş boldy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň habar beriş serişdeleriniň wekillerini kabul etdi. Döwlet Baştutany žurnalistler bilen mähirli görşüp, olara häzirki zaman Türkmenistanyň gazananlary, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrýan metbugat neşirlerini, tele we radio gepleşikleri yzygiderli taýýarlaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Şondan soň milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türk žurnalistleriniň sowallaryna jogap berdi.
Halil Kylyç (Türkiýäniň Telewideniýe we Radio Guramasynyň (TRT) Türkmenistandaky Wekilhanasynyň Başlygy): Jenap Prezident, Sizi saýlawlarda gazanan ýeňşiňiz we döwlet Baştutany wezipesine girişmegiňiz bilen gutlamaga rugsat ediň. Şunuň bilen baglylykda, men şu günki söhbetdeşligi ýurduň bäş ýylyň dowamynda geçen we türkmen halky tarapyndan Täze galkynyş eýýamy diýlip atlandyrylan, şeýle hem Siziň başlangyjyňyz bilen uly möçberli özgertmeleriň amala aşyrylan döwrüne nähili baha berýärsiňiz diýen sowaldan başlamak isleýärin.
– Gutlaglar üçin size minnetdarlyk bildirýärin. Men şunuň ýaly gutlaglary şu günler Türkmenistanyň raýatlaryndan, daşary ýurtly dostlarymyzdan, şeýle hem köp sanly türk doganlarymyzdan kabul edýärin. Men siziň üstüňiz bilen olara mähirli sözleri we hoşniýetli arzuwlary üçin öz minnetdarlygymy bildirmek isleýärin. Bäş ýylyň dowamynda geçilen ýol barada aýdylanda bolsa, biziň şu döwürde eden işlerimize anyk we dogry bahany wagtyň özi berer.
Şol ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda ägirt uly wakalar bolup geçdi, taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy we belent sepgitlere ýetildi. Olary bir söhbetdeşligiň çäklerinde sanap hem bolmaz. Halkymyz bu döwri Täze galkynyş eýýamy diýip ýöne ýere atlandyrmady. Soňky döwürde raýatlarymyzdan gelýän köp sanly hatlarda halkymyzyň ruhunyň göterilip, beýik işleriň bitirilýändigi, ýurduň galkynandygy, häzirki eýýama mahsus at dakmagyň zerurlygynyň ýüze çykandygy bellenýär. Biz hem raýatlarymyzyň tekliplerine esaslanyp, türkmen döwletiniň ösüşiniň häzirki eýýamyny «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri» diýip atlandyrmagy makul bildik.
Biziň halkymyzyň we ýurdumyzyň dogry ýoldan barýandygyny ýakynda geçen saýlawlar hem görkezdi we aýdyň subut etdi. Biziň ähli özgertmelerimiziň esasy ugurlary durmuşymyzyň ruhy bitewüligini emele getirýän adam gatnaşyklarynyň ýokary ölçeglerine daýanýar we halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Türkmenistan bary-ýogy bäş ýylyň içinde ähli ulgamlarda, şol sanda oba hojalygynda we gurluşykda, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde ägirt uly üstünlikler gazandy. Ilatymyzy ähli amatlyklary bolan, döwrebap ýaşaýyş jaýlary we beýleki ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün etmek boýunça hem ýeňillikleriň giň ulgamy döredildi.
Halkyň durmuş derejesiniň ýokary göterilmegi biziň şol ýyllarda gazanan köp sanly üstünliklerimiziň iň esasy görkezijisi diýip hasap edýärin. Munuň şeýledigini düşündirmegiň geregi ýok, oňa siziň özüňiz hem doly göz ýetirip bilersiňiz. Biziň durky täzelenen şäherlerimize we obalarymyza aýlanyp görüň. Siz şonda halkymyzyň gadymy däpleri bilen häzirki zamanyň ajaýyp dessurlarynyň sazlaşygyny görersiňiz.
Jemgyýetçilik asudalygy, syýasy durnuklylyk, ilatyň girdejileriniň yzygiderli ýokarlanmagy, raýatlarymyzyň durmuş taýdan goraglylygy halkymyzyň oňat şertlerde ýaşaýandygynyň, ilatymyzyň ýaşaýyş–durmuş derejesiniň ýokarydygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Biz, ine, şunuň ýaly ýokary görkezijiler bilen ýurdumyzyň hem-de türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdyk. Şol sebäpli hem, ýaňy hem belleýşim ýaly, ýurdumyzyň ösüşiniň häzirki tapgyry hakykatdan-da sözüň doly manysynda «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüdir!».
Jemil Ýyldyz (Türkiýäniň “Jihan” Habarlar Gullugynyň Aşgabatdaky wekili): Hormatly jenap Prezident, siz öz çykyşlaryňyzda türkmen-türk gatnaşyklaryna ýokary baha berýärsiňiz we Türkiýe Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşydyr diýip belleýärsiňiz. Ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlanyp, ilkinji resmi saparyňyzy Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýandygyňyzy türk halky gyzgyn mähir bilen garşylaýar. Türkmen-türk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejesine garaýşyňyz barada gürrüň beräýseňiz.
– Biziň dostlukly ýurtlar bilen gatnaşyklarymyz özara bähbitli we netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňyn mümkinçiliklere eýedir. Munuň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda şeýledigini kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.
Men doganym hem-de kärdeşim, hormatly Abdulla Gül bilen görüşmäge hemişe şatdyryn. Bu duşuşyk türkmen topragynda geçse-de, Türkiýede bolsa-da şeýledir. Biziň halklarymyzyň arasynda örän jaýdar bellenilişi ýaly, biz iki döwlet bir milletdiris. Galyberse-de, biziň halklarymyzyň umumy kökleri bar. Munuň şeýledigini diňe bir taryhy maglumatlar däl, eýsem häzirki zaman ylmynyň netijeleri hem tassyklaýar. Oguz han biziň umumy pederimiz. Biziň gadymy milli medeniýetimiz we ruhy gymmatlyklarymyz umumydyr. Bularyň hemmesi biziň häzirki döwürde ýola goýýan özara peýdaly hyzmatdaşlygymyzda öz beýanyny tapýar. Birek-birege düşünişmek we ynanyşmak hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini işjeň ara alyp maslahatlaşmak üçin oňaýly binýat bolup hyzmat edýär.
Geçen birnäçe ýylyň dowamynda biz ýokary derejede köp gezek duşuşdyk, netijeli gepleşikleri geçirdik. Biziň her gezekki duşuşygymyz hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin täze şertleri döretdi.
Siziň belleýşiňiz ýaly, men ýokary döwlet wezipesine täzeden saýlananymdan soňra ilkinji resmi saparymy hem doganlyk ýurt bolan Türkiýä amala aşyrýaryn. Türkmen-türk gatnaşyklarynyň iki halkyň köp asyrlyk taryhy-medeni umumylygyna we däp bolan doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýandygyny ýene-de bir gezek bellemek isleýärin. Şeýle baý däpleri gözümiziň göreji ýaly goramak we olary nesilden-nesle geçirmek biziň mukaddes borjumyzdyr.
Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk has-da netijeli häsiýete eýe bolýar we anyk ugurlar boýunça ösdürilýär. Türkmenistan bütin dünýäde hemmetaraplaýyn ösýän we ýokary ykdysady önümçiligi bolan, şeýle hem özüniň iri, ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşy hasaplaýan Türkiýe bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär.
Hyzmatdaşlygy sazlaşykly ösdürmek bilen, biz aç-açanlyga esaslanýan uzakmöhletleýin gatnaşyklara bil baglaýarys. Biziň ýurdumyz dünýädäki maliýe-ykdysady çökgünlige garamazdan, iri möçberli taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegine türkiýeli hyzmatdaşlarymyzyň işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik berdi.
Bu kompaniýalar özlerini gadymy ata watanlarynda ynamly duýýarlar we Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Muňa bilelikde durmuşa geçirilen birnäçe taslamalar aýdyň şaýatlyk edýär. Aşgabadyň dünýäde iň beýik – 133 metrlik flagştogy bolan şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini ýatlalyň. Bu waka 2008-nji ýylda boldy. Biziň paýtagtymyz soňra iň köp suw çüwdürimler toplumyna eýe bolan şäher hökmünde rekordlar kitabyna girdi. Bu ýerde Oguz hanyň we onuň alty oglunyň şekillerini özünde jemleýän binagärlik-heýkeltaraşlyk toplumy barada gürrüň barýar. Ýakynda bolsa, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezinde Oguz hanyň ägirt uly ýyldyzy şekillendirilen bina şol kitaba girdi. Bu taslamalar Türkiýäniň belli kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan amala aşyryldy.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi netijesinde, häzirki zaman syýahatçylyk pudagynyň döredilmegi bilelikdäki işiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy çalt depginler bilen ösýär. Hususan-da, 2011-nji ýylda 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende ol 25 göterim ýokarlandy. Türkmenistan, esasan, dokma önümlerini, ýangyç-energetika, himiýa, oba hojalyk pudaklarynyň önümlerini Türkiýä iberýär.
Türkiýeden bolsa, demir we demir önümleri, hojalyk harytlary, enjamlar, gurluşyk materiallary, elektrik tehnikasy, himiýa we ýeňil senagat önümleri, azyk harytlary, ulag we lukmançylyk serişdeleri we beýleki zatlar alynýar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk Hökümetara toparynyň we Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň alyp barýan netijeli işleri söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
Iki ýurduň telekeçileriniň we kompaniýalarynyň arasynda ýokary tehnologiýalar ulgamynda ysnyşykly özara gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, bilelikdäki maslahatlar we sergiler geçirilýär.
Ysmaýyl Ufakdemir (Türkiýäniň Telewideniýe we Radio guramasynyň (TRT) Türkmenistandaky wekilhanasynyň habarçysy): Jenap Prezident, Siziň türkmen-türk gatnaşyklary barada aýdanlaryňyz häzirki döwürde biziň ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlardygyny doly subut edýär. Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň geljegine nähili garaýarsyňyz?
– Meniň öň hem aýdyşym ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar, ilkinji nobatda, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek gatnaşyklaryna esaslanýar. Doganlyk Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydyr. Häzirki döwürde Türkiýäniň ussat hünärmenleri, işewürleri Türkmenistanda durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar.
Ýangyç-energetika pudagynda, himiýa senagatynda, ulag-aragatnaşyk, saglygy goraýyş ulgamlarynda, gurluşyk pudagynda we ykdysadyýetimiziň beýleki geljegi uly bolan pudaklarynda gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar.
Iki doganlyk halkyň halkara derejesindäki möhüm meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakynlygy, şeýle hem ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge şert döredýär. Türkiýe Respublikasyna boljak saparymyzyň iki halkyň abadançylygynyň hatyrasyna ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň ösüşine kuwwatly itergi berjekdigine pugta ynanýaryn.
Sadettin Başer (“Türkiýe-Zamanyň” wekili, “Zaman-Türkmenistan” gazetiniň esaslandyryjysy): Jenap Prezident, biziň bilşimiz ýaly, Siziň başlangyjyňyz esasynda 2011-nji ýylyň aprelinde Aşgabatda türki halklaryň medeni mirasyna bagyşlanan halkara festiwaly geçirildi. Hormatly Prezident, şu nukdaýnazardan türkmen-türk döwletara gatnaşyklarynyň düzüminde medeni-gumanitar ulgamyň orny barada aýdaýsaňyz.
– Biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň medeni - gumanitar ugurdaky gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu bolsa, iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin oňaýly binýatdyr. Medeniýet halkyň kalby hasaplanýar. Biziň halklarymyzy umumy medeni däpler, edebi kökler hem baglanyşdyrýar. «Gorkut ata», «Görogly» şadessanlary we beýlekiler muňa mysaldyr.
Görnükli türkmen akyldarlary we nusgawy şahyrlary Garajaoglanyň, Ýunus Emräniň, Jelaletdin Rumynyň we beýleki söz ussatlarynyň ömrüniň hem-de döredijiliginiň köp böleginiň Türkiýe bilen baglanyşyklydygyny siz bilýänsiňiz. Häzirki döwürde ruhy bitewülik iki doganlyk halkyň beýik ýörelgesi bolup durýar we Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň täze taryhynda netijeli döwletara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berýär.
Türkiýäniň Ýozgat şäheriniň merkezinde beýik türkmen şahyry Magymgulynyň ýadygärliginiň bina edilmegi türkmeniň söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr. Şeýle hem, Türkiýe Respublikasyna boljak saparymyzyň çäklerinde, Ankara şäheriniň merkezinde Magtymgulynyň ýadygärligi oturdylan «Türkmenistan» seýilgähiniň açylyş dabarasy hem meýilleşdirilýär.
Biz bilim ulgamynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösüşine hem aýratyn ähmiýet berýäris. Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky ylym we medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklar has-da pugtalandy. Türkiýeli alymlar Türkmenistanda geçirilýän halkara maslahatlaryna, şeýle hem dürli derejedäki festiwallara, sergilere, döredijilik bäsleşiklerine we beýleki medeni çärelere işjeň gatnaşýarlar.
Soňky bäş ýylyň dowamynda Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň medeniýet günleri iki gezek geçirildi. Medeniýet günleriniň dowamynda türkiýeli dostlarymyz häzirki zaman türkmen sungatynyň ýeten sepgitleri, ösüş ýollary bilen tanyşdylar. Biziň medeni-gumanitar ugurdaky gatnaşyklarymyzyň geljegi örän uludyr.
Halil Kylyç: Hormatly jenap Prezident, daşary ýurtly žurnalistleriň arasynda Türkmenistan hakynda gürrüň gozgalanda, olar hökman ýurduňyzyň ýerasty baýlyklarynyň, uglewodorod serişdeleriniň daşary ýurtlara eksport edilmeginiň ykdysady ösüşdäki we syýasy durnuklylygy üpjün etmekdäki ähmiýeti barada aýdýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň geljekki ösüşini nähili göz öňüne getirýärsiňiz?
– Ýangyç-energetika taslamalarynyň ýokary girdejilidigine garamazdan, biz diňe bir ýurduň tebigy baýlyklarynyň hasabyna ýaşamagy maksat edinmeýäris. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda halk hojalygynyň pudaklarynyň ählisiniň sazlaşykly ösmegini gazandyk. Şonuň bilen bir hatarda, biz özümiziň baý tebigy serişdelerimizi rejeli peýdalanmagy dowam edýäris.
Geçen ýyl abraýly halkara kompaniýasy bolan «Gaffney, Cline & Associates» (Beýik Britaniýa) kompaniýasy «Galkynyş» (Günorta Ýolöten–Osman, Minara we Ýaşlar) ýatagynyň gorlarynda garaşsyz auditi geçirip, bu täsin ýatagyň gorunyň 26,2 trillion kub metr tebigy gaza barabardygyny, ýagny bu ýatagyň dünýäde ikinji orny eýeleýändigini yglan etdi.
Şeýle hem, kuwwatly serişde binýadyna eýe bolmak bilen, biz iri halkara taslamasynyň – «Türkmenistan-Hytaý» gaz geçirijisiniň ikinji şahasynyň gurluşygyna girişdik. Hytaý Halk Respublikasy bilen geçen ýylda baglaşylan döwletara ylalaşyklaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde türkmen gazynyň bu ýurda iberilýän möçberini ýylda 65 milliard kub metre çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Tebigy gazy Ýewropa ugry boýunça eksport etmegiň mümkinçilikleri öwrenilýär. Hazaryň türkmen böleginde gazyň çykarylyp başlanmagy netijesinde, munuň üçin täze mümkinçilikler döreýär. Şonuň ýaly-da, alnyp barylýan işler bilen bir hatarda, demirgazyk ugurdaky hereket edýän gazgeçiriji hem döwrebaplaşdyrylýar.
Bir söz bilen aýdylanda, biz häzirki döwürde türkmen gazynyň mümkin bolan eksport ugurlarynyň üstüni ýetirmek üçin zerur şertleri döredýäris. Bu işleriň durmuşa geçirilmegi bolsa, ählumumy energetika howpsuzlygynyň ygtybarly ulgamynyň döredilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Türkmenistan özüniň tebigy gaz boýunça eksport ugurlarynyň mümkin bolan birnäçe ýollaryny nazara almak bilen, ilkinji nobatda, taslamalaryň ykdysady taýdan maksadalaýyklygyny, olaryň ekologiýa taýdan howpsuz bolmagyny, şeýle hem gaz geçirijiler üstaşyr geçýän we tebigy gazy sarp edýän ýurtlar bilen ygtybarly ylalaşyklaryň gazanylmagyny göz öňünde tutýar.
Biziň ozal hem nygtaýşymyz ýaly, Türkmenistan özüniň ägirt uly energiýa mümkinçiliklerini ýakyn we uzakdaky ýurtlaryň bähbidi üçin ulanmaga taýýardyr. Bu babatda biziň ýurdumyzyň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze binýadynyň döredilmegi ugrundaky, hususan-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde beýan edilen başlangyçlary hut şu ugra gönükdirilendir.
Jemil Ýyldyz: Hormatly jenap Prezident, Siz saýlawlar gününde ses bermäge kakaňyz, ogluňyz hem-de agtygyňyz bilen bile geldiňiz. Şonda hemmämiziň pikir edişimiz ýaly, munuň özi uly many-mazmuna eýe bolan pursatdyr. Şu barada aýdaýsaňyz?
Hormatly habar beriş serişdeleriniň wekilleri, biziň her birimize mahsus bolan belent zatlar bar, ol hem öz ata-eneňe sarpa goýmak, olaryň ýagdaýlaryny sorap durmakdyr. Elbetde, şol mahsus zatlardan ugur alyp, men öz ähli ukyp-başarnygymy mähriban halkyma hyzmat etmäge bagyşlaýaryn. Çünki, halkym maňa ykbalyny ynandy. Men bu uly jogapkärli wezipä oňat düşünýärin we hut şonuň üçinem hiç bir zady gözden salmaýaryn. Maşgala bolsa, ähli başlangyçlaryň we dowamatyň gönezligidir. Munuň özi tutuş jemgyýet üçin bolşy ýaly, şahsy gatnaşyklarda hem şeýledir.
Maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak türkmeniň ganynda bar. Bu ajaýyp däp bize pederlerimizden miras galandyr. Hut şu gymmatlyklar, döwletiň bitewüligi we halkyň agzybirligi häzirki zaman döwlet gurluşynyň esasyny düzýär. Garaz, bu zatlaryň hemmesi aňyrdan ata-baba dowam edip gelýär we ganymyza siňen mahsus zatlardyr, eneňe-ataňa, ula hormat, kiçä sylag, elbetde, bularyň hemmesiniň döwleti dolandyrmakda-da köp kömek edýändigini belläsim gelýär.
Sadettin Başer: Jenap Prezident, saýlawlar gününde Siz, türkmen halky öz geljegini saýlaýar diýip bellediňiz. Türkmenistanyň geljegini nähili göz öňüne getirýärsiňiz?
– Türkmenistan ХХI asyryň başynda abadan, ýokary ösüşe eýe bolan, bäsdeşlige ukyply ýurtlaryň hataryna goşuldy. Biziň ýurdumyz soňky ýyllarda ägirt uly sepgitlere ýetdi we kuwwatly döwlete öwrüldi.
Häzirki döwürde, öz taryhynyň täze tapgyrynda Türkmenistanyň öňünde durmuş-ykdysady ösüşiň has uly wezipeleri durýar. Munuň üçin biz innowasion çözgütleriň, maýa goýum serişdeleriniň möçberlerini artdyrmagyň, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösmeginiň we orta hem-de kiçi telekeçilige döwlet tarapyndan giňden goldaw berilmeginiň esasynda ösüşiň esasy ugurlaryny kesgitledik.
Şu jähetden biz ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn ähmiýet berýäris. Munuň özi giň dünýägaraýyşly, düýpli pikirlenýän, her bir iş ornunda, anyk ugurlarda netijeli işleýän ýokary bilimli hünärmenleriň täze nesliniň kemala gelmegini şertlendirýär.
Türkmenistanyň ýakyn geljegini nähili göz öňüne getirýändigim barada aýdanymda bolsa, biz, ilkinji nobatda, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýarys. Şunuň ýaly möhüm wezipeleri çözmek üçin biz iň täze enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen ägirt uly senagat desgalaryny gurmagy maksat edinýäris. Şunda Türkmenistany ösdürmegiň esasy strategiýasynyň baş maksady bütin halkyň we her bir raýatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Mälim bolşy ýaly, biziň ýurdumyzyň ilaty tebigy gaz, elektrik energiýasy, ýangyjyň esasy görnüşleri, şeýle hem nahar duzy bilen mugt üpjün edilýär. Ilatymyz durmuş hyzmatlarynyň tölegleri babatda örän uly ýeňilliklerden peýdalanýar. Biziň daýhanlarymyz ähli salgytlardan boşadylandyr. Biz gazanan üstünliklerimizi, döwlet we hukuk kepilliklerimizi berkitmek esasynda ýurduň innowasion ösüş ýoluny dowam edýäris.
Biz indi berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri diýlip atlandyrylýan ösüş we innowasiýalar eýýamyna gadam basdyk. Öz geljegine ynamly garaýan eziz halkyň agzybir we bagtly ýaşaýandygyny görmek bolsa, meniň pikirimçe örän uly bagt bolsa gerek.
Jemil Ýyldyz: Hormatly jenap Prezident, söhbetdeşligimiziň ahyrynda Sizden köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen türk halkyna arzuwlaryňyzy aýtmagyňyzy haýyş edýäris.
Men şu pursatda sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkiýe Respublikasynyň ähli halkyna alyp barýan işlerinde üstünlik, doganlyk türk halkynyň her bir maşgala ojagyna abadançylyk, asuda we bagtyýar durmuş arzuw edýärin!
Doganlyk ýurduň ähli raýatlaryna rowaçlyklar, ýurduň özüne bolsa ykdysady ösüş ýar bolsun! Size, Türkiýe Respublikasynyň habar beriş serişdeleriniň wekillerine bolsa minnetdarlyk bildirýärin! Sag boluň!
Döwlet Baştutany söhbetdeşligi tamamlap, türk žurnalistleri bilen gürrüňdeşligi resmi däl ýagdaýda dowam etdi, şonda hormatly Prezidentimiz olara ýurdumyzyň ajaýyp üstünliklerine bagyşlanan we onuň dünýäniň ähli ýurtlary bilen açyk, deňhukukly hyzmatdaşlyga taýýarlygy barada ýörite materiallary üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Şondan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk ýurduň žurnalistlerine olaryň ýeňil bolmadyk we jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi we olar bilen mähirli hoşlaşdy.

* * *