Däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapar bilen gidýär. Bu sapar we ýokary derejede geçiriljek gepleşikler mizemez dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna esaslanan netijeli döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň hem-de giňeltmegiň ýolunda täze möhüm ädim bolar, şol gatnaşyklara türkmen we türk halklary tüýs ýürekden sarpa goýýarlar.
Biziň ýurdumyzy taryhy we medeni kökleriň umumylygy birleşdirýän döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň ählumumy abadançylygyň hem-de rowaçlygyň bähbitleri üçin oňyn halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkiýe Respublikasy bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerinde guralýan däp bolan özara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär.
Garaşylyşy ýaly, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlarynda mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge degişli meseleleriň giň topary 29-njy fewralda meýilleşdirilen ýokary derejedäki nobatdaky ikitaraplaýyn gepleşikleriň gün tertibine giriziler. Türkmenistanyň Prezidentiniň türk tarapynyň çagyrmagy boýunça Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutany hökmünde amala aşyrylýan ilkinji daşary ýurt saparydygyny bellemek gerek. Bu ýagdaý hem taraplaryň däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge berýän ähmiýetine aýdyň şaýatlyk edýär. Gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny has-da pugtalandyrjak hem-de onuň hemmetaraplaýyn okgunly ösdürilmegine ýardam etjek möhüm ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Bu meseläni dowam etdirip, türkmen döwletiniň Baştutanynyň Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň maksatnamasynyň örän baýdygyny we Stambul şäherine baryp görmegi hem özünde jemleýändigini belläp geçmeli. Ýurduň iri söwda-senagat we işewur merkezi bolan bu şäherde Türkmenistanda öndürilen önümleriň sergisi guralar hem-de nobatdaky türkmen-türk işewürlik maslahaty geçiriler, şol maslahatda netijeli gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşylar. Garaşylyşy ýaly, işewür maslahatyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri gatnaşar, bu ýagdaý bolsa oňa aýratyn ähmiýet berýär.
Şunuň bilen bir hatarda, iki döwlet gumanitar hyzmatdaşlyga, däp bolan ylym, bilim we medeni gatnaşyklary giňeltmäge uly üns berýär. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň ylym, medeniýet we sungat işgärleri Türkmenistanda we Türkiýede geçirilýän halkara maslahatlaryna, döredijilik forumlaryna we beýleki dürli çärelere yzygiderli gatnaşýarlar.
Kada bolşy ýaly, medeni gatnaşyklar ýokary derejedäki ikitaraplaýyn saparlaryň maksatnamasynyň aýrylmaz bölegidir. Mysal, üçin türkmen döwletiniň Baştutanynyň Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde ýurduň paýtagty Ankarada “Türkmenistan” seýilgähini we görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini açmak meýilleşdirildi. Bu wakalar biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň hakyky dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygynyň ýene-de bir aýdyň nyşany bolar.
Tutuşlygyna alnanda, öz geçirilýän wagty bilen döwletara gatnaşyklarynň taryhynda şanly waka—Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyna gabat gelýän bu saparyň doly möçberli hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan we iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigini doly ynam bilen aýtmak bolar.