Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine biziň goşandymyz» ady bilen her ýylda geçirilýän bäsleşigiň jemini jemlediler.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň durmuş-hukuk gullugy we zähmeti goraýyş bölüminiň müdiri Nobat Babaýewanyň habar berşi ýaly, watançylyk hereketiniň esasy maksady - ýokary önümçiligi we ussat hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere öz saldamly goşandyňy goşmakdan ybarat bolup durýar.
«Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Lebappoçta» kärhanasynyň, Energetika we senagat ministrliginiň Mary elektrostansiýasynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Arçman» şypahanasynyň, «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň, «Aşgabatýyladyş» edarasynyň we beýleki döwlet gurluşlarynyň işgärleri däp boýunça üç ugur bilen geçirilýän bu bäsleşigiň ýeňijileri boldylar.
Şahsy bäsleşiklerde kärdeşler arkalaşyklarynyň dürli pudaklaryndan bolan zähmet kollektiwleriniň 56-sy hem-de önümçiligiň iň öňdebaryjylarynyň 55-si üstünlik gazanmagy başardylar. Umumylykda bu dabaraly çärede160 adam watançylyk hereketiniň ýeňijileri boldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine, baýragyň görnüşlerine görä, göçme kubok, gymmat bahaly sowgatlar, pul baýraklary, şeýle hem ýeňijilere ýörite şahadatnamalar we hormat hatlary gowşuryldy. Önümçiligiň iň öňdebaryjylary we kärdeşler arkalaşyklarynyň hereketiniň işjeňleriniň atlary Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýörite Hormat kitabyna ýazylar.