Ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-gözleg edaralarynyň ýanynda döredilen doktoranturalara we aspiranturalara kabul etmegiň möwsümi tamamlaýjy tapgyra gadam basdy. Ýurtda aspirantlaryň we doktorantlaryň müňe golaýy bardyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk intstitutynda aspirantura açyldy hem-de öň hereket edýän aspiranturalar we doktoranturalar üçin birnäçe täze hünärler girizildi. Aspirantlar, doktorantlar we alymlyk derejesini goraýjylar ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralaryň alymlar geňeşinde tassyklanýan aktual temalaryň üstünde işleýärler. Şunlukda
ylmy- gözleg we dissertasiýa temalarynyň ählisi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda döwlet hasaba alynyşygyndan geçýärler.
Aspirantlara we alymlyk derejesini goraýjylara belli alymlardan, doktorlardan we ylymlaryň kandidatlaryndan, professorlardan we dosentlerden ylmy ýolbaşçylar bellenilýär. Aspirantlar, doktorantlar we alymlyk derejesini goraýjylar her ýarym ýyldan özleriniň eden işleri barada degişli ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy gözleg institutlarynyň alymlar geňeşiniň öňünde hasabat berýärler.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň kafedralarynda aspirantlary we alymlyk derejesini goraýjylary filosofiýa we ylmyň taryhy, daşary ýurt dilleri we maglumat-kommunikasion tehnologiýalarynyň esaslary boýunça kandidatlyk synaglaryny tabşyrmaga taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Ylymlar akademiýasynyň düzümine girýän ylmy-gözleg institutlaryň binýadynda aspirantura kabul etmek we kandidatlyk dissertasiýalaryny taýýarlamak üçin gözleýjileri toplamak otuza golaý hünärler boýunça geçirilýär. Yglan edilen ugurlaryň arasynda gazylyp alynýan peýdaly magdanlary gözlemegiň geofiziki usullary; geofizika; senegat ýylylyk energetikasy; energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleri esasynda energiýa desgalary; ýarym geçirijileriň fizikasy; differensial deňleme; dinamiki ulgamlar we optimal dolandyryş; organiki däl serişdeleriň tehnologiýasy; botanika; etnografiýa; etnologiýa; antropologiýa; arheologiýa; Türkmenistanyň taryhy; medeniýetiň teoriýasy we taryhy; halkara gatnaşyklarynyň we daşary syýasatyň taryhy; etika; türkmen edebiýaty we türkmen dili; daşary ýurtlaryň halklarynyň edebiýaty we beýleki ylmy ugurlar bar.
Bilim, medeniýet, oba hojalygy, saglygy goraýyş we derman senagaty ýaly ministrlikleriniň, Türkmenistanyň syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti gurluşlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ugurlary boýunça aspirantlaryň we gözleýjileriň alyp barýan ylmy gözlegleri örän köp ugurlydyr. Şeýle hem ylmy işgärleri taýýarlamagy amala aşyrýan beýleki döwlet edaralarynyň göwrümli sanawynyň arasynda ylmy-gözleg institutlary bolan maldarçylyk we weterinariýa, geologiýagözleg, seýsmiki taýdan durnukly gurluşyk, Gurbansoltan eje adyndaky Enäni we çagany goramak baradaky ylmy-kliniki merkez, Onkologiýa ylmy-kliniki merkez, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana, Strategik meýilnamalaşdyryş we ykdysady ösüş instituty, Nebit we gaz instituty ýaly edaralar bar.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna aspirantura, doktorantura kabul etmek we dissertasiýalary taýýarlamak üçin gözleýjileri toplamak bilen bir wagtda Türkmenistanyň dürli ministrlikleri we guramalary tarapyndan esasy meseleleri çözmek üçin teklip edilen ylmy-gözleg taslamalary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan edildi.
Ylmy taslamalary tabşyrmak tamamlandy. Ýakyn günlerde bolsa aspirantura we doktorantura, şeýle hem ylymlaryň kandidaty ylmy derejesini goramaklyga arzalary kabul etmeklik hem tamamlanýar. Öňde – aspirantura giriş synaglaryny tabşyrmak, geljekki ylmy ýolbaşçy bilen sögbetdeşlik, doktorantura girjekleriň çykyşlaryny diňlemek işleri dur.