Ï Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

view-icon 678
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi, onuň gün tertibine guramaçylyk we wezipelere bellemek bilen bagly meseleleriň birnäçesi goşuldy.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi açyp, onuň gün tertibine ilki bilen, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri wezipesine, şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary wezipesine bellemek meselesiniň goşulýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutany Ý.Berdiýewiň hünär başarnygy we guramaçylyk ukyplary barada aýdyp, ony şu jogapkärli wezipelere belledi hem-de onuň şu ugurda ýeterlik tejribe toplandygyny aýdyp, bu wezipelerde mundan beýläk-de netijeli işlejekdigine ynam bildirdi.

Ý.Berdiýew milletiň Liderine bildirilen ynam üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentine döwlet Baştutany tarapyndan öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de ak ýürekden berjaý etjekdigine hem-de türkmen topragynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmagyny, şeýle hem ýurdumyzyň mundan beýläk-de rowaçlyk gazanmagyny we halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek üçin güýjüni aýamajakdygyna ynandyrdy.

Soňra döwlet Baştutany M.Yslamowy Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy—Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesine belledi.

Milletiň Lideri B.Gündogdyýewi Türkmenistanyň Goranmak ministri wezipesine belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ý.Ýazmyradowy Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine belledi.

Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň başlygy wezipesine A.Garaýew bellenildi.

Türkmenistanyň içeri işleri mnistri wezipesine I.Mulikow bellenildi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesine A.Hallyýew bellenildi.

Soňra milletiň Lideri M.Garryýewi Türkmenistanyň Adalat ministri wezipesine belledi.

Döwlet Baştutany A.Hojamgulyýewi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy wezipesine belledi.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy wezipesine D.Baýramow bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kabul edilen Kararlar boýunça degişli resminamalara gol çekip, täze bellenilen ýolbaşçylara eziz Watanymyza, mähriban halkymyza ak ýürekden, halal gulluk etmegi dowam etdirip, öz eýeleýän wezipelerinde abraý bilen işlemegi sargyt etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, konstitusion gurluşy goramak hem-de häzirki eýýamda türkmen jemgyýetiniň öňünde goýlan ähli belent maksatlara üstünlikli ýetmekde möhüm ähmiýetli ýagdaý bolup durýan durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak maksady bilen, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini kämilleşdirmek boýunça anyk we yzygiderli çäreler görülýär diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn belleýşi ýaly, 2009-njy ýylyň ýanwar aýynda kabul edilen Harby doktrinanyň goranyş häsiýetine eýe bolup, türkmen halkynyň parahat, abadan durmuşy üçin ähli zerur şertleri üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine degişli meseleler barada durup geçip, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary türkmenistanlylaryň parahat zähmet çekmegini üpjün etmek arkaly milli harby we jemgyýetçilik howpsuzlygy boýunça möhüm wezipeleri üstünlikli berjaý edýärler hem-de raýat jemgyýetini yzygiderli ýagdaýda ösdürmek we ýurdumyzyň geljekde-de rowaçlyk gazanmagy boýunça kabul edilen maksatnamalary netijeli amala aşyrmak üçin ähli şertleri döredýärler diýip nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolaşçylar barada aýdyp, olaryň gös-göni borjunyň belent ruhy-ahlak ýörelgelere laýyk gelmelidigini hem-de olaryň ata Watanymyzyň we halkymyzyň öňünde eden kasama ygrarly bolmalydygyny belledi. Olar watançy we öz işiniň ussady bolup, türkmen halkynyň asylly harby ýörelgelerine eýermek akraly, ata Watanymyza abraý bilen gulluk etmelidir hem-de harby gullukçynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň işgäriniň belent adyna mynasyp bolup, at-abraý gazanmalydyr. Döwlet Baştutany hut şu häsiýetler göz öňünde tutulyp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň wezipelere bellenilýändigini aýtdy.

Milletiň Lideri häzirki wagtda harby we hukuk goraýjy edaralaryň işine ýokary talaplaryň bildirilýändigini belledi. Olaryň has möhüm wezipesi we harby gullukçylaryň özlerine ynanylan düzümlerdäki işlgärleriň arasynda düzgün-nyzamyň we tertibiň pugtalandyrylmagyna berk gözegçiligi amala aşyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda , Türkmenistanyň Prezidenti okuw-terbiýeçilik işini amala aşyrýan harby gullukçylaryň we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň hünär taýdan taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilmelidigini nygtady.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary şol edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna hemişe üns bermelidir. Döwlet Baştutany neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde degişli düzümleriň ähmiýeti barada durup geçip, işiň bu örän möhüm ähmiýetli ugrunda tagallalary mundan beýläk-de güýçlendirmegiň zerurdygyny belledi. Galyberse-de, hukuk bozmalaryň öňüni almak, biziň Döwlet serhedimizi ygtybarly goramak boýunça çäreleri güýçlendirmek zerurdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu gün bellenen ýolbaşçylarynyň öňünde goýlan ähli wezipeleriň ak ýürekden we halal ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirip, täze bellenilen ýolbaşçylara halkymyzyň parahat, abadan we bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek boýunça jogapkärli we möhüm ähmiýetli işde üstünlikleri gazamagy arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň ahyrynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň öz öňlerinde goýlan ähli wezipeleri ak ýürekden we uly hormat bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirip, täze bellenen ýolbaşçylara halkymyzyň parahatçylykly, rowaç we bagtyýar durmuşyny mundan beýläk-de üpjün etmek boýunça alyp barýan jogapkärli we derwaýys işlerinde uly üstünliklenr gazanmaklaryny arzuw etdi.