Ï Milletiň Lideriniň syýasatynyň möhüm ugurlary - metbugatyň üns merkezinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milletiň Lideriniň syýasatynyň möhüm ugurlary - metbugatyň üns merkezinde

view-icon 576
Şu gün Türkmen döwlet habarlar gullugynyň mejlisler zalynda Russiýanyň belli “Türkmenistan” žurnalynyň, şeýle-de Türkiýe Respublikasynyň habar beriş serişdeleri – “TRT” teleradiokompaniýasynyň, “Jihan” we “Türkiýe – Zaman” habarlar gullugynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýakynda guran söhbetdeşliklerine bagyşlanylan ýerli we daşary ýurtly žurnalistler üçin metbugat maslahaty bolup geçdi.

Duşuşyga daşary ýurt habarlar agentlikleriniň we iri halkara neşirleriniň habarçylary, şeýle-de milli gazetlerdir žurnallaryň, tele we radio ýaýlymlarynyň, Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň wekilleri, şeýle-de ýokary okuw jaýlarynyň talyplary gatnaşdylar.

Metbugat maslahatynda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany bu söhwetdeşliklerde bütün dünýä we sebitara ösüşlerine degişli öz garaýşlaryny beýan etdi. Ol ýurduň garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşlerine we öňde duran wezipeleri çözmekdäki üstünliklerine özüne mahsus bolan açyklyk hem-de gönümellik bilen baha berdi, Türkmenistanyň häzirki zaman şertlerinde içeri we daşary syýasatynyň maksatlaryny we ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu söhwetdeşliklerde žurnalistleriň sowallaryna jogap bermek bilen, bäş ýyl mundan öň başlanan, döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe ýurdy hemme taraplaýyn ösdürmekligi, şol sanda milli ykdysadyýeti we ýaşaýyş medeni ulgamy ösdürmegi, bilimi we ylymy kämilleşdirmegi, şeýle-de halkyň hal ýagdaýyny ýokarlandyrmaklyga gönükdürilen iri taslamalary we meýilnamalary durmuşa geçirmegi üpjün etmeli toplumlaýyn reformalara we giň göwrümli özgertmelere

giňişleýin häsiýetnama berdi. Esasy üns 2008-nji ýylda kabul edilen Konstitusiýamyzyň täze redaksiýasynda öz beýanyny tapan türkmen jemgyýetini demokratiýalaşdyrmagyň we tutuşlygyna milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň barşyna berildi.

Türkmenistanda bolup geçýän ösüşleriň gidişinden anyk mysallar getirmek bilen, hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan ХХI asyryň başynda abadan, ýokary ösüşe eýe bolan, bäsleşige ukyply ýurtlaryň hataryna goşuldy. Biziň ýurdumyz soňky ýyllarda uly sepgitlere ýetdi we kuwwatly döwlete öwrüldi” diýip belledi.

Şu gün, özünüň taryhynyň täze eýýamynda Türkmenistanyň öňünde ýaşaýyş-ykdysady ösüş boýunça ýene-de has göwrümli meseleler durýar. Türkmen Lideriniň saýlawlaryň öňisyrasyndaky meýilnamasynda öz beýanyny tapan onuň döwlet işleriniň köptaraply ugurlarynyň biri-de ykdysadyýeti mundan beýläk-de senagatlaşdyrmakdan, häzirki zaman önümçülik kuwwatlyklaryny, gaýtadan işleýän ulgamlary döretmekden ybarat bolup durýar. Bu ugur diňe bir makroykdysady meseleleri çözmek däl, ol ýurdumyzyň ilatyny iş ýerleri bilen üpjün etmeklige-de mümkünçilik döredýär, bu bolsa türkmenistanlylaryň durmuş derejesiniň ýokarylanmagyna ýardam edýär.Ýurdumyzda amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmekligi, kiçi we orta telekeçilige döwlet ýardamyny bermekligi, halkara hyzmatdaşlygy hem-de dünýä ykdysadyýetine goşluşmaklygy ösdürmekligi kemala getirmek maksady bilen anyk ädimler ädiler. Öňküleri ýaly, ýokary hilli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn üns berler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy barada gürrüň etmek bilen, “Döwletimiz ilatyň ýokary ýaşaýyş derejesini, saglygy goraýyş üpjünçiligini, bilim ulgamynyň kämilleşmegini, medeni we ruhy gymmatlyklaryň elýeterliligini we köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyny kepillendirer” diýip aýytdy.

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ylalaşyklylyk syýasatyny durmuşa geçirýär. Muňa onuň Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy swaklamaga gönükdirilen başlangyçlary hem şaýatlyk edýär. Şeýle-de biziň ýurdumyz şeýle wajyp meseleler bolan umumy ýaragsyzlanmak, adam hukugynyň goragy, ekologiýa, azyk meseleleri, dünýä maliýe-ykdysady çökkünliginiň ýaramaz täsirine ýol bermezlige öz garaýşy bar.

Birleşen Milletler guramasy bilen ýakyn, köpmeýilli hyzmatdaşlykda-da Türkmenistan gürrüňsiz möhüm orun eýeleýär. “Biz Birleşen Milletler guramasyna ähilumumy özara hyzmatdaşlygyň bütin häzirkizaman ulgamynyň esasy guraly, dünýäde parahatçylygy gorap saklamagyň we goldamagyň hem-de bähbitleriň deňeçerligini saklamagyň, bar bolan ähilumumy howupsyzlyk ulgamynyň durnuklylygyny üpjin etmegiň kepili hökmünde garaýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Jemgyýetçilikde uly seslenme döreden bu söhbetdeşlikler Türkmen Lideriniň syýasy strategiýasynyň maksadyny we aýdyň ýoluny açyp görkezýär, olaryň düýp mazmuny bolsa “Döwlet adam üçindir” diýen şygarda giňişleýin we aýdyň beýan edilendir. Metbugat maslahatyna gatnaşanlaryň belläp geçişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgerişlikleriň giň möçberiniň özünde jemleýän, garaşsyz bitarap öňegidişligiň hem-de gülläp ösmegiň ähli ýoluny açyp görkezýän wajyp habar beriş çeşmesi bolup hyzmat edýär.