Şu günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara aeroportunda döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary ugratdylar.
Birnäçe wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Ankara şäheriniň iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Esenboga” aeroportunda gondy. Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan, Ankara welaýatynyň häkimi Alaaddin Ýüksel we resmi adamlar garşyladylar. Olar belent mertebeli türkmen myhmanyny Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan we onuň tabşyrygy boýunça mähirli garşyladylar.
Milli lybasly ýaşlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurdylar. Şeýle hem howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýede bilim alýan türkmen ýaşlary, ýurdumyzyň saparyň maksatnamasynyň çäklerinde meýilleşdirilen medeni çärelere gatnaşmak üçin düýn Ankara gelen medeniýet we sungat işgärleri garşyladylar.
Belent mertebeli myhmana ähli degişli hormat-sylag bildirildi. Hormatly Prezidentimiz iki tarapyna hormat garawulynyň esgerleri hatara düzülen haly ýoda bilen aeropotuň resmi wekiliýet üçin niýetlenen zalyna barýar. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen türk tarapynyň resmi wekilleriniň çaý başyndaky söhbetdeşligi boldy.
Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden kaşaň “Şeraton-Lugal” myhmanhanasynda özi üçin niýetlenen kabulhanasyna tarap ugrady.
Ankara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy myhmansöýerligiň ähli ýörelgeleri esasynda garşylady. Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweniniň geçýän ýolunyň ugrunda iki ýurduň halklarynyň bozulmaz dostlugynyň hem-de doganlygynyň aýdyň nyşany bolan Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdaklary pasyrdaýar. Umumy taryhy, ruhy medeni köklere daýanýan we deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk däpleri esasynda ýola goýulan türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we onuň geljegi, şeýle hem Türkmenistanyň oňyn özgertmeler ýolunda gazanýan ägirt uly üstünlikleri Türkiýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde durýar. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň saparyň öňüsyrasynda Türkiýäniň habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bolan söhbetdeşliginde hem bu barada giňden gürrüň edildi.
Türkmen-türk gatnaşyklary barada aýdylanda, ol öz köküni asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar we häzirki döwürde taraplaryň hoşniýetli erkine, ruhy ýakynlyga daýanmak arkaly mynasyp dowam etdirilýär. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklar ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy we onuň üsti ýetirildi. Munuň özi, iki döwletiň hyzmatdaşlygyň bar bolan köp ugurly mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmäge bolan meýillerini şertlendirdi. Soňky ýyllarda yzygiderli häsiýete eýe bolan ýokary derejedäki türkmen-türk duşuşyklarynyň we gepleşikleriniň ýokary netijelere eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şunlukda, iki ýurduň Liderleriniň arasynda bar bolan birek-birege düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň esasy ugry bolup durýar.
Ertir “Çankaýa” köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň arasynda nobatdaky gepleşikleri geçiriler. Onuň gün tertibine türkmen-türk hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary we häzirki döwrüň talaplary esasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri giriziler. Uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlyk häzirki döwürde doly möçberli häsiýete eýedir. Onuň köp ugurlylygy, netijeli ýola goýulýan syýasy gatnaşyklar, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar pudaklardaky netijeli hyzmatdaşlyk munuň aýdyň nyşanydyr.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, durnukly, oňyn ösüşe eýedir. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň ýyl-ýyldan ýokarlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň hatarynda durýar. Işewür gatnaşyklar netijeli ösdürilýär. Indi köp ýyllaryň dowamynda geljegi uly bolan türkmen bazarynda Türkiýäniň belli kompaniýalary işleýärler. Olar birnäçe bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirdiler we häzirki döwürde senagat düzümi bolan durmuş-medeni we beýleki ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny alyp barýarlar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk Hökümetara toparynyň alyp barýan işiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşylygy ösdürmekde aýratyn ähmiýeti bardyr. Toparyň nobatdaky, dördünji mejlisi, şeýle hem Türkmen-türk işewürlik geňeşi şu ýylyň ýanwar aýynda Aşgabatda geçirildi.
Bir söz bilen aýdanyňda, bilelikdäki işiň baý tejribesini, dürli pudaklarda netijeli gatnaşyklary üçin täze mümkinçilikleri açýan ägirt uly kuwwatlyklar iki tarapyň geljegi üçin oňyn şertleri döredýär. Häzirki döwürde Hazaryň kenarynda dünýä derejeli deňiz şypahasyny döretmek boýunça ýaýbaňlandyrylan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň giň möçberli taslamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamy okgunly ösüşe eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça öňe sürlen bu taslama halkara, şol sanda bolsa türk işewürler wekilleriniň gyzyklamna bildirýän ulgamyna öwrüldi.
Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalar bukjasyna gol çekilmegi meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary öz ösüşinde täze kuwwatly itergä eýe bolar.
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň maksatnamasynyň gün tertibine ýokary derejedäki gepleşiklerden başga-da birnäçe möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklar we çäreler bar. Hususan-da, 29-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisine baryp görmegi we onuň spikeri bilen duşuşygy meýilleşdirildi. Şol gün Ankara şäherinde “Türkmenistan” seýilgähi we döredijilik mirasy bahasyz milli baýlygymyz we dünýä medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolan beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň ýadygärligi açylar. Garaşylyşy ýaly, dabaraly çärelere Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri gatnaşarlar.
Saparyň jemleýji gününde döwlet Baştutanymyz Stambul şäherine barar. Ol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň gatnaşmagynda iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we giňeltmäge, hyzmatdaşlygyň täze derwaýys ugurlaryny hem-de görnüşlerini işläp taýýarlamaga gönükdirilen türkmen-türk işewürler maslahatynyň açylyş dabarasy bolar. Örän amatly maýa goýum ýagdaýy we geljegi uly bolan türkmen bazaryna ýokary gyzyklanma bildirýän köp sanly türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çärä gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bu gezekki resmi sapary abraýly sebitleýin we halkara guramalarynyň, düzümleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyny, işjeňleşdirilmegini şertlendirer.
Şol gün Ankaranyň Söwda-senagat edarasynyň Kongressler merkeziniň jaýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna bolan resmi saparyna bagyşlanan Türkmenistanyň we Türkiýäniň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi. Uly aýdym-sazly baýramçylyga öwrülen bu dabara iki doganlyk halklaryň we döwletleriň mizemez gatnaşyklara ygrarlydygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

* * *