Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 627
“Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtýyarlyk döwründe ýurdumyzda halkara ýaryşlaryny guramak arkaly Merkezi Aziýa sebitinde sportuň ösmegine goşant goşmak we 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde ýapyk binalarda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetiniň 2012-nji ýylyň 9-12-nji marty aralygynda Aşgabat şäherinde Sambo boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatyny geçirmek hakynda Aziýanyň sambo federasiýasy bilen ylalaşylan teklibi kabul edildi hem-de Döwlet komitetine şol halkara sport ýaryşyny geçirmäge ýygtyýar berildi.

* * *

Berkarar Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Aşgabat şäheriniň töwereginde we welaýatlarda bag nahallaryny ekmek işlerini mundan beýläk-de dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda ýurdumyzda 2012-nji ýylda

ministrliklere we pudak edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine Änew we Baharly şäherleriniň aralygynda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň

1,5 mln. düýp nahalynyň;

welaýat häkimliklerine welaýatlaryň çäginde 1,5 mln. düýp nahalynyň ekilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Ýurdumyzda oba hojalygyny düýpli özgertmek boýunça kabul edilen çözgütleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine, Türkmenistanyň Azyk senagaty assosiasiýasyna we Mary welaýatynyň Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetine Mary welaýatynyň daýhan birleşiklerinde önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ulaglar pudagyny ösdürmek, “Türkmenbaşy halkara deňiz portuny hem-de Türkmen Deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň Baş meýilnamasyny” ýerine ýetirmek hem-de Türkmen deňiz söwda floty müdirliginiň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyna ýük göterijiligi 7 100 tonna bolan, nebit we nebit önümlerini daşaýan derýa-deňiz gämisini gurdurmak we satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň “Zawod “Krasnoýe Sormowo” açyk paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize we eziz uýalarymyza hormat goýmakda asylly däplerini dowam etdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 25-nji fewralynda çykaran 11535-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 40 manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.