Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary tamamlandy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň jemleýji gününde ýurduň baý we gadymy taryhly uly şäheri hasaplanýan Stambula bardy.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn Ankarada ýokary derejedäki türkmen-türk gepleşikleri geçirildi. Bu gepleşikleriň üstünlikli geçirilmegi iki döwletiň we halklaryň dostluga we doganlyga esaslanýan mizemez, asyrlar boýy berkän ýörelgelere ygrarlydygyny hem-de taraplaryň özara bähbitli, deňhukukly we hoşmeýilli ýörelgeler boýunça doly möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Gepleşikleriň jemleri boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy köp sanly ugurlar boýunça işjeňleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Şonda söwda-ykdysady, şeýle hem däbe öwrülen medeni-gumanitar gatnaşyklar, şol sanda ylym, bilim we ýokary tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň mümkinçiliklerine uly üns berildi. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Bilelikdäki Jarnamasyna gol çekdiler.
Şu günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň paýtagtynyň “Esenboga” aeroportundan Stambula ugrady.
Stambulyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Atatürk adyndaky halkara aeroportunda Türkmenistanyň Prezidentini Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan, Stambul welaýatynyň häkimi, Stambul şäheriniň häkimi, beýleki resmi adamlar tüýs ýürekden mähirli garşyladylar.
Milli lybasly ýigit we gyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp gül desselerini gowşurdylar. Türkmen döwletiniň Baştutanyny aeroporta ýörite gelen, Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary mähirli garşylaýarlar.
Halkara aeropotundan Türkmenistanyň Prezidentiniň maşyn kerweni Stambul şäheriniň Fatih uniwersitetine tarap ugrady, bu ýerde türkmen Liderine “Fatih uniwersitetiniň Hormatly doktory” diýen adyň dakylmagyna bagyşlanan dabara bolup geçdi.
Fatih uniwersitetinde belent mertebeli myhman--Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow diýseň mähirli ýagdaýda garşylanýar. Uniwersitet şäherjiginde Türkmenistanyň ýaşyl reňkli döwlet baýdaklary pasyrdaýar, daş-töwerekde dürli ýazgylar hem-de Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Baştutanlarynyň suratlary goýlupdyr.
Fatih uniwersitetiniň mejlis geçirilýän binasynyň merkezi girelgesiniň ýanynda belent mertebli myhmany bu ýokary okuw mekdebiniň rektory Şerif Ali Tekalan tüýs ýürekden mähirli garşylaýar. Türkmenistanyň Baştutany bu ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçysy bilen görşüp, mejlisler jaýyna barýar, bu ýerde türkmen döwletiniň Baştutanynyň öňünde dostlukly ýurduň talyplary milli tansy ýerine ýetirýärler.
Şu ýerde, baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen ýokary okuw mekdebiniň giň jaýynda Türkmenistanyň adamlary we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan ýurdumyzyň gazananlary barada gürrüň berýän uly fotosergi ýerleşdirildi. Bannerlerde Türkmenistanyň täze binalary şekillendirilýär, bular garaşsyz bitarap türkmen döwletiniň bezegi bolup durýar, şeýle hem bu ýerde türkmenleriň buýsanýan taryhy şahslarynyň suratlary goýlupdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täsirli çykyş üçin talyplara minnetdarlyk bildirip, uniwersitetiň rektory bilen bilelikde mejlisler jaýyna barýar, bu ýerde şanly waka mynasybetli Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary, iki ýurduň ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, Fatih uniwersitetiniň mugallymlary, aspirantlary we talyplary, dabara gatnaşmak üçin bu ýere gelen Türkiýe Respublikasynyň beýleki ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şeýle hem doganlyk ýurtda okaýan türkmen talyplary ýygnandylar.
Ýeri gelende aýtsak, häzirki wagtda türkmen talyplary Türkiýe Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinde bilim alýarlar, doganlyk ýurduň okuw mekdeplerinde türkmen mugallymlary we hünärmenleri üstünlikli işleýärler.
Hemmeler dik durup we el çarpyp Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy garşylaýarlar. Türkmen döwletiniň Baştutany ýörite bellenilen ýere geçýär.
Iki ýurduň döwlet senalary ýaňlanýar, dabara gatnaşyjylar onuň ýerine ýetirilmegine goşulýarlar. Soňra Fatih uniwersiteti barada türkmen dilinde taýýarlanan gysga wideo ýazgy ýygnananlara görkezilýär.
1996-njy ýylda Saglygy goraýşa goldaw bermek boýunça gazna tarapyndan esaslandyrylan Fatih uniwersiteti Türkiýäniň iki halkara ýokary okuw mekdebi bolup durýar we bu ýerde 11 müňden gowrak talyp, şol sanda daşary ýurtly talyplaryň 700-si okaýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň düzümi 6 sany fakultetden, 4 sany institutdan, lukmançylyk boýunça orta okuw mekdebinden we orta hünärmentçilik okuw mekdepleriniň üçüsinden ybaratdyr. Bu ýerde sebit we halkara derejesinde köp sanly kongresler, ylmy-barlag, şeýle hem medeni we sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Uniwersitet dünýäniň, şol sanda Türkmenistanyň köp sanly ylmy institutlary we ýokary okuw mekdepleri bilen ylmy gatnaşyklary saklaýar. Diňe bir geçen ýylda Türkmenistanyň ylym we medeniýet işgärleri, döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri Fatih Uniwersitetiniň mejlisler jaýynda geçirilen “Türkmen-türk dostlugy mizemezdir!” diýen dabaraly foruma gatnaşdylar.
Ýokary okuw mekdebiniň rektory dabarany açyp, ýygnananlaryň ählisiniň adyndan belent mertebeli myhmany--Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli mübärekläp, türkmen Liderini düýn Ankarada Türkiýäniň ýokary döwlet sylagy hasaplanýan “Döwlet nyşanynyň” gowşurylmagy bilen gutlady.
Şerif Ali Tekalan şu duşuşygyň ýurduň abraýly uniwersitetinde geçirilmeginiň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, munuň ýokary okuw mekdebiniň taryhyna örän wajyp waka hökmünde goşuljakdygyny aýtdy. Gumanitar ugruň, ilkinji nobatda bolsa, ylmyň we bilimiň dostlukly iki ýurduň we doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigine şaýatlyk edýän görkezijileriň biri bolup durýandygy bellenildi.
Soňra dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa “Fatih uniwersitetiniň Hormatly doktory” diýen ady dakmak barada uniwersitetiň Alymlar geňeşiniň agzalary tarapyndan bir agyzdan kabul edilen karary yglan edilýär. Türkmen Lideri bu belent ada parahatçylygy we syýasy durnuklylygy pugtalandyrmak, türkmen we türk halklarynyň arasyndaky dostlukly we doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmak işine uly goşant goşandygy, häzirki döwürde lukmançylygy, şeýle hem ylym, bilim we medeniýet boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde ajaýyp hyzmatlary bitirendigi üçin mynasyp boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sahna çagyrylýar. Dabara gatnaşyjlaryň şowhunly el çarpmagynda uniwersitetiň rektory Şerif Ali Tekalan türkmen döwletiniň Baştutanyna Fatih uniwersitetiniň hormatly doktorynyň lybasyny geýdirýär hem-de türkmen Liderine degişli diplomy gowşurýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.
Türkmen döwletiniň Baştutany Fatih uniwersitetiniň rektoryna, duşuşyga gatnaşanlaryň ählisine ýüzlenip, Türkiýäniň bu abraýly ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylaryna we işgärlerine “Fatih uniwersitetiniň Hormatly doktory” diýen adyň berlendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Men şeýle belent adyň özüme berilmegini Türkmenistana uly hormat goýulýandygynyň, biziň döwletimiziň ylym we bilim ulgamynda gazanan üstünlikleriniň ykrar edilýändiginiň, Türkmenistan we Türkiýäniň halklaynyň asyrlardan gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkeýändiginiň nyşany hökmünde kabul edýärin” diýip belledi.
Türkmen Lideri ylmyň we bilimiň jemgyýetiň we döwletiň ösmeginde, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda aýratyn möhüm ornunyň bardygyny belläp, häzirki döwürde her bir ýurduň ilkinji nobatda ylym we bilim ulgamynda ýeten derejesiniň bu ýurduň ösüşini, ýeten belent sepgitlerini görkezýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamy hemmetaraplaýyn ösdürýän, medeni-gumanitar gatnaşyklaryny giň gerim bilen amala aşyrýan her bir döwlet öz röwşen geljeginiň aýdyň ýollaryny kesgitleýär diýip belledi.
Şunda Türkmenistanyň Baştutany ýaş nesliň dünýä ylmynyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryny öwrenmeginiň, binýatlyk bilimleri özleşdirmeginiň onuň zehininiň we döredijilik ukyplarynyň açylmagyna mümkinçilik berýändigini we munuň her bir döwlete ertirki gününe ynamly garamaga şert döredýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda Türkmenistanda ylmy we bilimi ösdürmek boýunça, ýaş neslimiziň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen, düýpli özgertmeleriň we toplumlaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Türkmen Lideri: “Ylym we bilim ulgamyny häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyk getirmäge, ylmy-barlag we okuw işlerini kompýuter we maglumat mehnologiýalary bilen üpjün etmäge, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri we meşhur ýokary okuw mekdepleri bilen gatnaşyklary giňeltmäge biz aýratyn üns berýäris” diýip belledi.
Türkmen döwletiniň Baştutany ylym-bilim ulgamy boýunça halkara gatnaşyklarynyň we tejribe alyşmagyň netijeliligini belläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň alymlarynyň we mugallymlarynyň Ýewropadaky, Amerikadaky we Aziýadaky kärdeşleri bilen bilelikdäki işini muňa mysal edip görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli alymlaryň Türkmenistanda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryna we beýleki möhüm ähmiýetli çärelere işjeň gatnaşýandygyny belledi.
Türkmen Lideri sözüni dowam edip, biziň ýurtlarymyzyň ylym we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmekde baý tejribe toplandygyny aýtdy. Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda doganlyk Türkiýä özüniň bu ugurdaky uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga bize şert döretdi. Bu ugurda iki döwletiň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Geçen döwürde türkmen ýaşlarynyň ýüzlerçesi Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde okap, bilim aldylar we hünär öwrendiler, olar bu gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik we durmuş ulgamlarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekýärler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde türkmen-türk hyzmatdaşlygyň baý tejribesini hem-de emele gelen oňat däplerini dowam etmegiň we ösdürmegiň möhüm wezipe bolup durýandygyna ýygnananlaryň ünsüni çekip, bu hyzmatdaşlygy iş ýüzünde amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Türkiýäniň ylmy merkezleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky göni hyzmatdaşlygyň işjeň ýola goýulmagyny möhüm wezipe hasaplaýandygyny belledi. Türkmenistanyň Baştutany: “Men doganym, Prezident Abdulla Gül bilen bolan ýokary derejedäki gepleşiklerimizde ikitaraplaýyn ylmy-innowasion topary döretmek meselesini öwrenmegi teklip etdim. Bu işe abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Fatih uniwersiteti hem gatnaşyp, öz mynasyp goşandyny goşup biler diýip pikir edýärin” diýip nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň alymlarymyzyň, mugallymlarymyzyň we halypa bilermenlerimiziň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň medeni gatnaşyklarynyň baýlaşmagyna we halklarymyzyň birek-birege ýakynlaşmagyna oňyn täsirini ýetirjekdigine ynam bildirdi. Türkmen Lideri: “Türkmenistan bilen Türkiýäniň umymy taryhy, milli we medeni kökleri bilen bagly bilelikdäki ylmy işleriň geçirilmegi gündogary we medeni mirasymyzy öwrenmekde, dil we edebiýat ulgamynda uly açyşlara itergi berip biler diýip hasaplaýaryn. Munuň üçin biziň ýurtlarymyzda uly mümkinçilikler, ýeterlik şertler we zerur serişdeler bar. Bu mümkinçilikleri netijeli ulanmak—häzirki döwrüň esasy talaplarynyň biridir” diýip nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşyny tamamlap, Fatih uniwersitetiniň işgärlerine uly hormat-sylagy we hormatly derejäniň berlendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, uniwersitetiň professorlaryna we mugallymlaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini aýdyp, berk jan saglyk, uly üstünlikleri we täze ylmy açyşlary, bu meşhur ýokary okuw mekdebinde bilim alýan talyp ýaşlara bolsa, diňe iň ýokary bahalar bilen okamagy, hakyky hünär ussatlary bolup ýetişmegi arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşyny bu ýerde ýygnananlar şowhunly el çarpmak bilen garşyladylar. Türkiýäniň telewideniýesiniň ýaýlymlarynyň üçüsinde göni aragatnaşyk arkaly görkezilen bu dabara türk teletomaşaçylarynyň millionlarçasy syn etdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, Fatih uniwersitetiniň mejlisler zalyndan çykdy hem-de Türkmenistanyň tanyşdyryş sergisiniň we türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin “Çiragan Palas” myhmanhanasyna tarap ugrady.
“Çiragan Palas” meşhur Kempinski ulgamyna degişli aňrybaş derejeli belli myhmanhana hasaplanýar (Geçmişde ol Osman döwletiniň soltanlarynyň kabulhanasy bolupdyr). Täsin galdyrýan bu köşk-myhmanhana Bosfor bogazynyň Ýewropa tarapdaky kenarynda, Stambulyň merkezinde ýerleşýär. Ýeri gelende aýtsak, bu köşk mermer bilen örtülen täsin köşk arkaly, Ýyldyz diýlip atlandyrylýan köşk-seýilgähe birigýär.
“Çiragan Palas” myhmanhanasynda ençeme gezek uly halkara maslahatlary we duşuşyklar geçirildi. Bu gün şu ýerde Türkmenistanyň önümleri bilen tanyşdyrýan sergi we türkmen-türk işewürlik maslahaty geçirildi, bular ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralyp, garaşsyz türkmen döwletiniň gazananlarynyň we onuň dürli ugurlardaky ösüşiniň geljekki mümkinçilikleriniň özboluşly gözden geçirilişine öwrüldi.
Serginiň we işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gül gatnaşdylar. Döwlet Baştutanlarynyň bu çärelere gatnaşmagynyň özi olaryň derejesini görkezip, dostlukly ýurtlaryň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.
Sergä gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň dokma senagatynyň kärhanalary, Döwlet neşirýat gullugy, ýurdumyzyň Baş milli muzeýi, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi we beýlekiler bar.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri bilelikde sergini synlap, her bir diwarlygyň ýanynda saklanyp, pudaklaryň her biriniň eksport bilen bagly kuwwaty hem-de ysnyşykly, özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri bilen jikme-jik gyzyklanýarlar.
Sergi ýurdumyzyň telekeçileriniň pawilonlary bilen açylýar, türkmen telekeçileri özleriniň täsin eksponatlaryny—türkmen halyçy zenanlaryň ýüpekden we dürli görnüşdäki ýüňden dokan ajaýyp halylaryny görkezdiler. Bular türkmenleriň özboluşyl milli medeniýetiniň ösüşine degişli maddy subatnamalar bolup, halkymyzyň kalbynyň gözelligini we çuňňurlygyny, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan we aýawly saklanan baý ruhy däp dessurlaryny we özboluşly adatlaryny özünde jemleýär.
Bu ýerde milli amaly-haşam sungatyna degişli önümler, sowgatlyk we göwnejaý dokalan beýleki zatlar: daşlyklar, torbalar, zat salmak üçin niýetlenen önümler bar, bular keteniden, ýüňden edilip milli nygyşlar bilen bezelipdir.
Prezident Abdulla Gül tutuş dünýäde meşhur bolan türkmen halylarynyň dokalyşy bilen içgin gyzyklandy. Ol türkmen hünärmenleriniň halylary dokamagyň syrlary, şeýle hem häzirki döwürde Türkmenistanda ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagynyň ösüşine hemmetaraplaýyn goldaw berilmegi baradaky gürrüňlerini üns berip diňledi. Halyçy zenanlaryň salgytlaryň dürli görnüşinlerini tölemekden boşadylmagy olar üçin döredilýän ýeňillikleryň hatarynda görkezildi. Telekeçileriň aýtmagyna görä, munuň özi häzirki döwürde halyçylygyň ösdürilmegine badalga berýär. Telekeçiler Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Abdulla Güle ýüpekden dokalan halylary sowgat berdiler. Doganlyk döwletleriň Baştutanlary bulary minnetdarlyk bildirmek bilen kabul etdiler.
Ýurdumyzyň gadymy taryhyna we täsin galdyrýan tebigatyna bagyşlanyp ýokary derejede çap edilen owadan neşir önümleri hem uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde birkemsiz bezelen çeper edebiýat hem ýerleşdirildi. Sergä gelenler türkmen döwletiniň Baştutanynyň häzirki wagtda dünýäniň halklarynyň köp sanly dillerine, şol sanda türk diline terjime edilen düýpli işlerini uly üns berip synladylar.
Ýeri gelende, tanyşdyrylyş sergisinde geçmişiň we häzirki döwrüň özara baglanyşdyrylýandygyny hem aýtmak gerek. Meselem, türkmen zergärleriniň sergidäki diwarlygynda gadymy we häzirki zaman önümleri-- zergärçilik önümleri, kümüşden we dürli metallardan ýasalyp, hakyk we firuza gaşlary bilen bezelen şaý-sepler nepisligi we inçeligi bilen haýran galdyrýar. Zergärler döwlet Baştutanlaryna öz işleriniň çuňňur filosofiýasy barada gürrüň berip, olara özboluşly zergärçilik önümi hasaplanýan “çaňňany” sowgat berdiler. Mälim bolşy ýaly, üstki milli geýime dakylmak üçin niýetlenen bu halka iki bölekden ybartdyr. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowa we Abdulla Güle şol täsin önüm sowgat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki bölegi birleşdirip, ony türk kärdeşine berdi, şeýlelikde bu sowgat özboluşly many-mazmuna eýe bolup, ik halkyň dostlukly gatnaşyklarynyň we doganlygynyň mizemezligini alamatlandyryldy.
Sergide görkezilýän amaly-haşam sungatynyň önümleriniň arasynda gadymy we häzirki zaman bezeg şaýlarynyň köp görnüşi, şeýle hem şöhratly ahalteke bedewleriniň bezegleri görkezilýär. Türkmen atşynaslarynyň asyrlar aşyp gelýän gaýtalanmajak şöhratyny, zehinini we başarnygyny alamatlandyrýan ajaýyp ahalteke bedewleriniň şekili türkmen suratkeşleriniň sungat eserlerinde hem öz beýanyny tapypdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp ussatlygyny hem-de ahalteke bedewine ynamly erk edişini şekillendirýän döwlet Baştutanymyzyň çarpaýa galan bedewiň üstündäki keşbi türk Liderini we onuň ýanyndaky wekiliýet agzalaryny haýrana goýdy.
Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň bu ýerde görkezilýän gymmatlyklarynyň arasynda türkmen halkynyň gadymy taryhy bilen häzirki zamanynyň ajaýyp baglanyşygy görkezilýär. Bu ýerde milli lybaslaryň nusgalary, dürli görnüşli saz gurallary, gadymy zergärçilik önümleri we beýlekiler serginiň görnükli ýerinde goýlupdyr. Serginiň gymmatlyklary oňa gelýänleri türkmen halkynyň gadymy özboluşlylygy, köp öwüşginliligi we gözelligi, milletiň Türkmenistanda aýawly saklanylýan we ösdürilýän baý ruhy, taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrýar.
Millii ykdysadyýetimiziň ýaş we sazlaşykly ösýän dokma pudagynyň ägirt uly üstünliklerini beýan edýän önümler ýerleşdirilen bölüm bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekdi.Tebigy serişdelerden öndürilen gadymy hem-de dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan önümlerden başga-da, bu ýerden nagyş önümleri, şeýle hem ýüpek pilelelri, olaryň esasynda taýýarlanan ýokary hilli ýüplükler we matalar görkezilýär.
Häzirki Türkmenistanyň gündelik ösüşine bagyşlanan dürli gollanmalar, kitapçalar we žurnallar, şeýle hem döwürleýin neşirler özbaşdak bölümi emele getirýär. Hususy telekeçilige maglumat taýdan goldaw berýän we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň wekilleriniň öňdebaryjy tejribelerini wagyz etmekde möhüm orny eýeleýän ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň neşiri bolan “Rysgal” gazeti sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.
Bu ýerde oturdylan monitorlarda Türkmenistanyň ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri hakynda gürrüň berýän wideofilm görkezildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň önümleriniň sergisi ýurdumyzyň mümkinçilikleri hem-de onuň dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen deňhukukly we netijeli gepleşigi mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky maksatlary bilen giňişleýin tanyşdyrylyşa öwrüldi.
Iki ýurduň Liderleriniň sergä gelmegi oňa gatnaşyjylaryň ruhuny göterdi. Olar pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýe Respublikasynyň ýokary döwlet sylagynyyň, şeýle hem “Fatih uniwersitetiniň Hormatly doktory” diýen ýokary derejäniň berilmegi hem-de gepleşikleriň üstünlikli tamamlanmagy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanlary sergidäki ekspozisiýa bilen tanyşlykdan soňra, türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin “Çiragan Palas” myhmanhanasynyň mejlisler jaýyna bardylar. Işjeň duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda dostlukly döwletleriň resmi wekiliýetleriniň agzalary, iki ýurduň döwlete degişli düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleri, Türkiýäniň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bar. Olaryň ählisi el çarpmak arkaly, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowy we Abdulla Güli garşylaýarlar.
Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar boýunça komitetiniň hem-de palatalaryň we biržalaryň birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjykogly işewürlik maslahatyny açyp, oňa döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynyň özi we kärdeşleriniň ählisi üçin uly mertebe bolup durýandygyny belledi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkiýäniň telekeçiliginiň wekillerine Türkmenistan bilen netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hökümetara toparyň türk tarapyndan başlygy bolup durýan Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýan öz nobatynda iki döwletiň baştutanlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ýagdaýy bolup durýandygyny belledi. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda giňden ýola goýuldy. Jenap Zafer Çaglaýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenip, geljegi uly bolan türkmen bazarynda işleýän we Türkmenistanyň ykdysady ösüşine öz mynasyp goşandyny goşýan köpsanly türk kompaniýalaryna berilýän ýardam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gül çykyş etdi.
Türkiýäniň baştutany türkmen Lideri tarapyndan ýurduň ösüşine we onuň raýatlaryyň abadançylygyna gönükdirilip ýöredilýän durmuş-ykdysady syýasatyna ýokary baha berip, öz ýurdunyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä ýetirmäge, iki ýurdyň ykdysadyýetleriniň örän uly kuwwata eýe bolup durýandygyny we gazanylanlary göz öňünde tutup, bu hyzmatdaşlygyň işjeň we netijeli häsiýete eýe bolmagyna itergi bermäge taýýardygyny belledi. Prezident Abdulla Gül Türkiýäniň Türkmenistana diňe bir ygtybarly strategiki hyzmatdaş däl-de, eýsem hoşniýetli dost we dogan hökmünde garaýandygyny hem-de munuň işjeň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň yzygiderli, açyk we özara ynama esaslanýan häsiýetli bolmagyna ýardam berýändigini aýtdy.
Türkiýe Respublikasynyň baştutany türkmen kärdeşine Türkmenistanda öňden işläp ýören türkiýeli telekeçilere goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň işewür toparlarynyň wekilleriniň gurply we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge we uzak möhletleýin gatnaşyklary berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşy alnandygy hem-de Türkmenistana we biziň bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigi üçin türkiýeli işewürlere minnetdarlyk sözlerini aýtdy. Türkmen Lideri biziň türk doganlarymyzyň Türkmenistanyň uly ädimler bilen öňe barýan durmuş-ykdysady ösüşine işjeň gatnaşýandygyny we bilelikde ençeme möhüm taslamalary amala aşyrýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Baştutany häzirki wagtda Türkmenistanyň dünýäniň ýüzden gowrak ýurdy bilen daşary söwda gatnaşyklaryny alyp barýandygyny hem-de şunda Türkiýe Respublikasynyň hem biziň iň esasy we ygtybarly hyzmatdaşlarymyzyň biridigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn daşary söwda gatnaşyklarymyzyň soňky ýyllarda ýokary depginler bilen ösýäýjndigini belläp, ony tassyklaýan ýagdaýlaryň birnçäçesini mysal hökmünde görkezdi. 2011-nji ýylyň netijeleri boýunça iki ýurduň eksport-import haryt dolanyşygy 3 milliard 650 million amerikan dollaryndan gowrak boldy. Bu bolsa, 2007-nji ýyl bilen deňeşdirilende 2,8 esse köpdür. Türkmen Lideri soňky iki ýylyň içinde ikitaraplaýyn söwdanyň möçberi 25 göterim artandygyny belläp, geljekde has çalt depginler bilen ösjekdigine ynam bildirdi hem-de eksportuň we importyň hilini we düzümini kämilleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Türkmen döwletiniň Baştutany sözüni dowam edip, häzirki wagtda Türkmenistanda 600-den gowrak türk kompaniýalarynyň işleýändigini hem-de olaryň senagat, gurluşyk, söwda, ulag gatnawy ýaly ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşýandygyny we netijeli işlemegiň oňat nusgasyny görkezýändigini belledi.
Aýratyn hem, Türkmenistanyň uly möçberli gurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmakda, şol sanda edara we senagat desgalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary gurmakda, ýol-gurluşyk işlerinde Türkiýäniň işewürleri özleriniň ýokary başarnygyny we hakyky ussatlygyny görkezýärler. 2012-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda türk kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 16 milliard 100 million amerikan dollaryna, 2 milliard 600 million ýewro, 19 milliard 152 million ýapon iýenine barabar bolan, şeýle hem milli manadymyzda uly möçberli 1 299 sany taslama hasaba alyndy. Bu bolsa, soňky ýyllarda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan taslamalaryň sanynyň has-da artandygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, iki ýurduň uly ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen, bu ugurdaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä götermek barada hem pikir alyşmagyň zerurdygyny aýtdy. Türkmenistanyň Baştutany netijeli hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň we Işewürlik Geňeşiniň öňünde uly wezipeleriň durýandygyny belläp, ýakynda, ýagny şu ýylyň 30–31-nji ýanwarynda Aşgabatda bolup geçen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 4-nji mejlisinde möhüm meseleleriň birnäçesine seredilendigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylalaşylan ugurlar boýunça anyk işleriň amala aşyrylmagynyň döwletara derejesinde hem, işewür adamlaryň öz aralarynda hem hyzmatdaşlyk etmegi üçin zerur şertleriň üpjün edilmegine ýardam berjekdigini aýdyp, öz kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Baştutany iki ýurduň serişde, senagat we aragatnaşyk boýunça kuwwatly üpjünçilik ulgamlarynyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň zerurdygyny belläp, häzirki zaman işewürliginiň öň hatarynda barýan ýokary tehnologiýalar, kommunikasiýa-aragatnaşyk ulgamy, täze materiallary döretmek we ulanmak, energiýa çeşmeleri, ekologiki taýdan arassa önümleri öndürmek ýaly möhüm ugurlarda tagallalaryň birleşdirilip bilinjekdigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ýangyç-energetika toplumynyň ösüşine ünsi çeklip, Türkmenistanyň ägirt uly tebigy baýlyklara, ilkinji nobatda bolsa, energiýa serişdelerine baý ýurtdugyny, ýurdumyzda «açyk gapylar» we diwersifikasiýa syýasatynyň alnyp barylmagynyň, maýa goýumlary üçin amatly şertleriň döredilmeginiň daşary ýurt işewürleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge oňat esas bolup durýandygyny belledi.
Türkmen Lideri bu barada aýtmak bilen, mysal hökmünde ýurdumyzyň günortasynda ýerleşýän «Galkynyş» ýatagyndaky tebigy gazyň möçberi 26,2 trillion kub metr hasaplanyp, bu gaz ýatagy dünýädäki şeýle ýataklaryň arasynda ikinji orna çykandygyny görkezdi. Türkmenistanyň Prezidenti uglewodorod serişdelerine baý bu ýatagy özleşdirmek boýunça uly tejribesi bolan iri daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama esasynda uly möçberli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, bu gaz ýatagynyň ýurdumyzdaky tebigy gorlaryň diňe bir bölegidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, biziň öňümizde uly açyşlaryň durandygyny we şoňa görä-de, geologiýa-gözleg işleriniň we maýa goýum taslamalarynyň giň möçberde hem-de anyk maksatlara gönükdirilip alnyp barylýandygyny aýtdy. Türkmenistanda elektrik energiýasynyň öndürilişi we eksport edilişi hem çalt depginler bilen ösýär. Biziň ýurdumyzda bu gün uly kuwwatly elektroenergetika desgalary guruldy we elektrik energiýasyny eksport etmäge mümkinçilik berýän elektrik geçiriji ulgamlary döredildi.
Soňra türkmen döwletiniň Baştutany biziň ýurdumyzda çalt depginler bilen ösýän pudaklaryň ýene-de biri bolan hem-de ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek bilen bagly meseleler barada durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda aragatnaşyk tehnologiýalaryny, şol sanda Interneti ornaşdyrmak, häzirki zaman teleradioýaýlymlaryny döretmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyryldy diýip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň uly geljeginiň bardygyny aýtdy. Öýjükli telefon aragatnaşygy, simsiz we giň zolakly internet, optiki-süýüm we magistral aragatnaşyk ulgamlary boýunça bu gün biziň ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň bu babatda ösen dünýä tejribesiniň yzygiderli öwrenilýändigini we iş ýüzünde ulanylýandygyny aýdyp, bilelikde iş alyp barmaga gyzyklanma bildirýän türk doganlarymyzy ýokary tehnologiýalar boýunça özara bähbitli taslamalary amala aşyrmaga çagyrdy.
Türkmen Lideri Türkmenistanyň geografiýa taýdan amatly ýerleşmek bilen, häzirki zamanyň söwda ýollaryny we ulag geçelgelerini döretmekde möhüm ähmiýetli orny eýeleýändigini hem-de bu mümkinçiliklerden bilelikde peýdalanmaga we ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge öz türk doganlarymyzyň hem çagyrylýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde ulag üpjünçilik ulgamynyň durkuny täzelemek we giňeltmek möhüm meseleleriň biri bolup durýar diýip aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti kabul edilen Milli maksatnamalarymyza laýyklykda, Türkmenistanda awtomobil ýollary we demir ýollar ýokary depginler bilen gurulýar, biz aýratyn hem, «Demirgazyk–Günorta» we «Gündogar–Günbatar» ulag ugurlaryna uly üns berýäris, bu ýollaryň çatrygynda ýerleşýän Türkmenbaşy deňiz portunyň durkuny düýpli täzelemek we ony has-da giňeltmek üçin uly taslamalary amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, bu taslamalara türk doganlarymyz hem işjeň gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezip bilerler diýp belledi.
Türkmen Lideri syýahatçylyk pudagyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegine uly umyt baglanýan ugurlaryň biri hökmünde görkezip, Türkiýäniň şu ugurda toplan tejribesiniň giňden ulanylmagynyň zerurdygyny belledi. Türkmen Lideri bu barada aýtmak bilen, hususan-da, Hazaryň türkmen kenarynda döredilýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Türkmenistanda syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berjek taslamalaryň biri bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistanyň özboluşly we gözel tebigaty syýahatçylygy ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Garagum çölüniň, Köpetdagyň we Köýtendagyň, şeýle hem Amyderýanyň kenar ýakalarynyň we beýleki ajaýyp ýerleriň bolmagy ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek üçin ähli zerur şertleriň bardygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň şöhratly geçmişine şaýatlyk edýän ençeme taryhy-arheologik ýadygärlikler hem ýurdumyza gelýän myhmanlaryň ünsüni çekýär diýip aýtdy. Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý taryhy ýadygärlikleri Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli hyzmatdaşlary syýahatçylyk ulgamynda arkalaşykly işlemäge we netijeli hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.
Türkmen Lideri çykyşyny jemläp, Türkmenistanyň türkiýeli işewür toparlar, belli kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge mydama taýýardygyny hem-de bu ugurda kabul edilýän kanunlaryň hem ýurdumyzda daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam berýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň şu günki ösüş depginlerini we türkmen-türk gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny nazara almak bilen, geljekde biziň hyzmatdaşlygymyzyň has-da netijeli boljakdygyna ynam bildirip, hemmelere işde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy uly üns berlip diňlenildi hem-de işewürler maslahatyna gatnaşyjylaryň ählisinde içgin gyzyklanma döretdi.
Soňra Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Abdulla Gul türkmen-türk işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara netijeli işlemegi arzuw edip, ýygnananlar bilen hoşlaşdylar, olar belent mertebeli myhmanlary şowhunly el çarpmak bilen ugratdylar.
Işewürlik maslahatynyň işi Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleriniň we Türkiýe Respublikasynyň işewürleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary görnüşinde dowam etdirildi.
Işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasy tamamlanandan soňra Prezident Abdulla Gül öz kärdeşi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy myhmanhananyň gämi duralgasyndaky gämi bilen syýahat etmäge çagyrdy. Örän amatly gämi deňze çykyp, Bosfor bogazy boýunça gezelenje ugrady.
Belent mertebeli myhmanlar ähli amatlyklary bolan gämide Ortaýer deňziniň haýran galdyryjy gözelligine syn edip, Türkiýäniň syýahatçylyk boýunça degişli düzümi bilen tanyşdylar.
Türkiýäniň şypahanalarynyň tebigy serişdeleri bu ýurda tutuş dünýäden syýahatçylaryň gelmegine örän oňaýly şertleri döretdi. Bu ýerdäki suwa düşülýän arassa ýerler, göwnejaý hyzmat edýän owadan myhmanhanalar, syýahatçylyga degişli kämil desgalaryň düzümi, ajaýyp howa şertleri we dürli görnüşdäki tomaşalar syýahatçylaryň ünsüni çekýär. Syýahat edilýän mahalynda adamlaryň taryhy ýadygärlikler bilen tanyşdyrylmagynda aýratyn ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanlary gämi bilen syýahatyň barşynda taraplaryň netijeli gepleşigi ösdürmegi, onuň täzeden sazlaşykly we wajyp ähmiýetli görnüşde kämilleşdirmegi maksat edinýändigini ýene-de bir gezek tassyklap, munuň iki halkyň hem bähbitlerine dolulygyna laýyk gelýändigini bellediler.
Söhbetdeşligiň barşynda syýahatçylyk ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk edilmegi barada aýratyn gürrüň edildi. Türkmen Lideriniň Türkiýe Respublikasynda şu ulgamyň ösdürilişine aýratyn üns bermegi kanuna laýyk ýagdaýdyr, çünki häzirki wagtda Türkmenistan Hazaryň gündogar kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy boýunça uly möçberli taslamany amala aşyrýar, şol taslama dynç alyş we syýahatçylyk boýunça desgalaryň düzüminiň ýokary standartlara laýyklykda döredilmegine gönükdirilendir, şunda bu ugurda ýokary netijeler gazanan Türkiýäniň toplan tejribesi häzirki wagtda Türkmenistanda ösdürilýän syýahatçylyk pudagy üçin örän peýdalydyr.
Bosfor bogazynda täsirli gezelenç tamamlanandan soňra, “Adil Soltan” Köşgünde iki ýurduň Liderleri bilelikde nahar edindiler.
Döwlet Baştutanlary hoşlaşan mahalynda, birek-birege we iki ýurduň halklaryna parahatçylygy, bagtyýarlygy we abadançylygy arzuw etdiler.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag kerweni Stambulyň halkara aeroportuna tarap ugrady, şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ata Watanymyza tarap ugur aldy.
Şu gün agşam türkmen döwletiniň BaştutanyAşgabadyň halkara aeroportuna geldi, bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň ýolbaşçylary, hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkiýä resmi saparynyň üstünlikli tamamlanmagy, şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň ýokary döwlet sylagynyň—“Döwlet nyşanynyň” gowşurylmagy we “Fatih Uniwersitetiniň Hormatly doktory” diýen adyň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.

* * *