Ï Aşgabat şäheriniň demirgazyk böleginiň energiýa üpjünçilik ulgamynyň durky täzelendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabat şäheriniň demirgazyk böleginiň energiýa üpjünçilik ulgamynyň durky täzelendi

view-icon 608
Aşgabat şäheriniň demirgazyk böleginiň energiýa üpjünçilik ulgamynyň durky täzelendi.

Paýtagtyň demirgazygynyň ýaşaýyş toplumlarynyň howa elektrik geçirijileriniň gurluşygy «Aşgabatenergo» önümçilik bireleşigi we «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň «Sütün» ýöriteleşdirilen müdirligi tarapyndan alnyp baryldy we häzirki wagtda bu ýerde gurluşyk işleri tamamlandy.

Şor we Garadamak şäherçelerinde umumy uzynlygy 7 km, güýçliligi 6 kW bolan täze elektrik geçirijisi guruldy. «Şnaýder Elektrik» kompaniýasynyň enjamlary bilen üpjün edilen 110 kW-lyk kuwwatly podstansiýa guruldy. «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň baha bermegine görä, ýokary hilli, ulanyşda amatly we ýewropa hilli bu enjam elektrik energiýasyny has netijeli peýdalanmakda we ilatyň elektrik üpjünçiligini aňrybaş gowlandyrmaga şert döreder.

Şeýle hem paýtagtyň demirgazyk böleginde «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň hünärmenleri 6 kW niýetlenen täze elektrik geçirijisiniň gurluşygyny dowam etdirýärler.